ÝAŞLAR WE ÝAŞLAR GURAMASY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Şundan ruhlanyp, Aşgabat şäherindäki 114-nji çagalar bagynda «Sagdynlyk sportdan başlanýar» ady bilen aýdym-sazly sport bäsleşigi geçirildi. Berkararlyk etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan guralan bäsleşikde çagalar bagynda dynç alýan körpeler şadyýan aýdym-sazlaryň astynda ençeme hereketli oýunlary ýerine ýetirmek boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Gülaýym AŞYROWA,

TMÝG-niň Berkararlyk etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Etrek etrabyndaky 8-nji orta mekdepde «Saglygym — baş baýlygym» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasynyň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guran duşuşygyna etrabyň orta mekdeplerinde zähmet çekýän ýaş mugallymlar gatnaşdylar. Çykyşlarda sagdyn durmuş ýörelgeleri, nesil terbiýesi, milli däp-dessurlarymyz dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi, sowal-jogap alşyldy.

Rahmanberdi ABDYLWELIÝEW,

TMÝG-niň Etrek etrap Geňeşiniň başlygy.

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin Saýat etrabyndaky 37-nji orta mekdepde hereket edýän dynç alyş meýdançasyna gatnaýan körpeleriň arasynda aýdym-sazly çäre geçirildi. «Şadyýan tomus» diýlip atlandyrylan dabara etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan guraldy. Dabarada ýerine ýetirilen degişme sahnalary el çarpyşmalara mynasyp boldy. Şowhunly aýdym-sazlar, joşgunly tanslar ruhubelentlik bilen garşylandy.

Nursoltan MAKSUDOWA,

TMÝG-niň Saýat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Mary şäherindäki 6-njy orta mekdepde hereket edýän «Güneş» dynç alyş meýdançasyna gatnaýan körpeleriň arasynda «Buýsançly geçmiş — bagtyýar geljek» ady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi. Şäher Ýaşlar guramasynyň şäher bilim bölümi bilen bilelikde guran bäsleşiginde çagalar halk döredijilik eserleri bolan nakyllardyr atalar sözlerini aýtmak, matallary, tapmaçalary bilmek boýunça özara bäsleşdiler. Has tapawutly çykyş eden çagalar meýdançanyň terbiýeçi mugallymlary Bahar Mommadowa we Ogulbibi Yklymowa tarapyndan oňat bahalar bilen bahalandyryldy.

Annagözel SARYÝEWA,

TMÝG-niň Mary şäher Geňeşiniň bölüm müdiri.

Nesil terbiýesi hakyndaky alada milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň düýp özeninde durýar. Şundan ugur alnyp, Babadaýhan etrabyndaky 3-nji çagalar bagynda «Terbiýe maşgaladan başlanýar» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasynyň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyga etrabyň çagalar baglarynda zähmet çekýän terbiýeçiler gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda milli terbiýe, edep kadalary dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Baýramdurdy AMANMYRADOW,

TMÝG-niň Babadaýhan etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Wekilbazar etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň dynç alyş meýdançasyna gatnaýan çagalaryň arasynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasynyň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guran dabarasy «Berkarar döwletiň bagtyýar çagalary» diýlip atlandyryldy. Körpeleriň çykyşlary täsirliligi bilen tapawutlanyp ýatda galyjy boldy. Çykyşlarda ata Watanymyzy, gözel tebigatymyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdym-sazlar, goşgular belentden ýaňlandy.

Orazjemal BERDIÝEWA,

TMÝG-niň Wekilbazar etrap Geňeşiniň işgäri.

Biziň her birimiz sagdyn durmuş ýörelgelerini berk berjaý etmelidiris. Ynha, şundan ugur alnyp, Daşoguz şäherinde ýerleşýän «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. «Sagdyn durmuş ýörelgämiz» ady bilen geçirilen çäre Akdepe etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan guraldy. Halypa mugallymlar, lukmanlar merkezde dynç alýan çagalara sport, bedenterbiýe bilen meşgullanmagyň adam saglygyna ýetirýän oňaýly täsiri dogrusynda gyzykly gürrüň berdiler.

Jemal ESENOWA,

TMÝG-niň Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Gumdag şäher Ýaşlar guramasy tarapyndan «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda surat çekmek bäsleşigi geçirildi. «Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri» ady bilen geçirilen bäsleşikde körpeler ata Watanymyzyň beýik ösüşlerini, şadyýan tomsy, bagtyýar çagalygy, gözel tebigatymyzy wasp edýän ajaýyp suratlary çekdiler. Bäsleşigiň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle hem gyzykly bäsleşik körpeleriň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşyp gitdi.

Gülşat TAGANDURDYÝEWA,

TMÝG-niň Gumdag şäher Geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

16.07.2020ý.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.