Çuňňur paýhas jöwhere deňelýändir. Dogrudanam, jöwher daşyna ýitilik, kesgirlik mahsus. Edil şolar ýaly nesil terbiýesi babatda ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgeler hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasy bilen döwlet syýasatynyň esasy meseleleriniň birine öwrüldi. Bilşimiz ýaly, dynç alyşda bolýan milli Liderimiz 15-nji iýulda ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ajaýyp kölleriň birinde balyk tutmak bilen meşgullandy. Döwlet Baştutanymyz ajaýyp kölden tutan balyklaryny paýtagtymyzda ýerleşýän «Döwletliler köşgünde» terbiýelenýänlere sowgat hökmünde iberdi. Uly ruhubelentlik, hoşallyk duýgulary bilen kabul edilen sowgat üçin çagalar Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.
Bu şatlykly waka mynasybetli Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekilleriniň, köşgüň terbiýeçileridir okuwçylarynyň gatnaşmagynda hoşallyk maslahaty geçirildi. «Siziň bilen bu bagtyýar nesiller, başyňyz dik bolsun, eziz Arkadag!» diýlip atlandyrylan maslahatdaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýaş nesliň her taraplaýyn sagdyn we kämil bolup ýetişmegi geljegimiziň bagtyýarlygyny, rowaçlygyny şertlendirýär. Nesil terbiýesinde sagdynlygyň we ynsanperwerligiň özara sazlaşygyny kemala getiren bu şatlykly waka «Döwletliler köşgünde» terbiýelenýän çagalar üçin ýatdan çykmajak ajaýyp ýatlama bolup galar.
Eziz okyjylar! Biz hem hoşallyk maslahatyna gatnaşyjylaryň käbiriniň ýürek sözlerini size ýetirmegi makul bildik.
Ýazpolat KERIÝEW, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty:
— Halkymyzda «Sakasy — saglyk» diýen parasatly aýtgy bar. Bu pähim döwlet syýasatymyzda dabaralanýar, ýagny «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy bilen saglygy goraýyş ulgamynda uly işler durmuşa geçirilýär. Şunda çagalaryň sagdyn nesiller bolup ýetişmekleri ugrundaky aladanyň ilkinji nobatda goýulýandygyny bellemelidiris. 15-nji iýulda hormatly Prezidentimiziň dynç alyş wagtynda tutan balyklaryny «Döwletliler köşgünde» terbiýelenýän çagalara sowgat hökmünde ibermegi, olardan ynsan saglygy üçin peýdaly witaminlere baý balyk çorbasynyň taýýarlanmagy şatlykly waka öwrüldi.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda çagalaryň hukuklaryny goramak, ukyp-başarnyklaryny açmak, olara kämil bilim-terbiýe bermek, sagdyn ösmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler kanunçylyk namalary arkaly berkidilen. Ýeri gelende bellesek, şundan ugur alyp, biziň Ýaşlar guramamyz hem ýaş nesilleriň arasynda milli däp-dessurlarymyzy, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak boýunça maksatnamalaýyn işleri alyp barýar. Çünki döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, «Garaşsyz Watanymyzyň röwşen geljegi bolan çagalarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmak, döwrebap bilim almagyny üpjün etmek, olary watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek biziň belent maksadymyz, eziz Diýarymyzyň kuwwatynyň hem-de gülläp ösmeginiň berk kepili bolup durýar».
Azat HALYKOW, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň terbiýeçisi, ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy:
— Biziň «Döwletliler köşgümizde» çagalaryň sazlaşykly ösmegi, häzirki zaman bilimini özleşdirmegi, döredijilik, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy hem-de olara oňyn terbiýe berilmegi üçin ähli şertler döredilen. Şoňa görä, biz bu ýerde okuwçylara diňe bir bilim-terbiýe bermek bilen çäklenmän, eýsem, öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin yzygiderli çäreleri — bäsleşikleri, sergileri, maslahatlary geçirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň özleri hakyndaky atalyk aladalaryndan ruhlanýan çagalaryň bagtyýarlygy, şatlygy egsilmezdir. Menem öz bilim, terbiýe alan ojagymda terbiýeçi bolmak bilen hormatly Prezidentimiziň ýörelgelerinden ugur alyp, nesillerimizi terbiýelemekde mynasyp zähmet çekerin.
Näzikjemal GÖKIÝEWA, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň okuwçysy, köşgüň gyzlar klubunyň okuwçy-ýolbaşçysy:
— Gahryman Arkadagymyzyň atalyk aladasy bilen okamaga, öwrenmäge döredilýän mümkinçiliklerdir şertler biziň kalbymyza tükenmejek hyjuw, joşgun bagyşlaýar. Özüň hakyndaky aladany duýmak seni ajaýyp ýeňişlere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň iberen bu sowgady biziň şatlygymyza şatlyk goşdy. Bu köşgümizde terbiýelenýän 300-e golaý çaganyň aňyna täsirli pursatlar, ýakymly ýatlamalar bolup ýazylar. Milli Liderimiziň biz hakyndaky aladalaryna jogap edip, nesip bolsa, geljekde Watanymyza, halkymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişeris! Hünär eýeleri bolup, ata ýurdumyzyň gülläp ösüşine mynasyp goşandymyzy goşarys! Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Taýýarlan Kakajan ÇARYÝAROW,
“Nesil” gazeti,
18.07.2020ý.