Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ynsan saglygy hakyndaky alada döwlet syýasatynyň düýp özeninde durýar. Şundan ruhlanyp, Berkararlyk etrap Ýaşlar guramasy hem «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» ady bilen duşuşyk gurady. Aşgabat şäherindäki 170-nji çagalar bagynda geçirilen duşuşyga etrabyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda zähmet çekýän ýaş hünärmenler gatnaşdylar. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, ýaş terbiýeçiler körpeler we olaryň ata-eneleri bilen sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek dogrusynda yzygiderli düşündiriş işlerini geçirmelidirler.
Gülaýym AŞYROWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Gökdepe etrabynda ýerleşýän Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky dokma toplumynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda duşuşyk geçirildi. «Sagdynlyk öz elimizde» ady bilen geçirilen duşuşyk etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan guraldy. Duşuşykda tejribeli lukmanlar çykyş edip, ýaşlara häzirki wagtda lukmançylyk agyz-burun örtüklerinden peýdalanmagyň tertibini düşündirdiler. Şeýle hem möwsümleýin ýiti respirator kesellerinden goranmagyň düzgünleri we sagdyn iýmitlenmegiň ähmiýeti hakynda giňişleýin gürrüň edildi.
Ogultäç GURTGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Gökdepe etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.
Her bir adamyň öz saglygy hakynda alada etmegi zerurdyr. Çünki sagdynlyk biziň işe ukyplylygymyzy, ýaşaýşa höwesimizi artdyrýar. Şular dogrusynda gürrüň etmek maksady bilen, Baýramaly etrabynyň Ýaşlar guramasy etrap alyjylar jemgyýetinde duşuşyk gurady. «Saglygym — baş baýlygym» ady bilen geçirilen duşuşyga lukmanlar, alyjylar jemgyýetinde zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Çykyşlarda, esasan, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermegiň, howanyň düzüminde saglygymyza zyýan beriji tozan bölejikleriniň agdyklyk edýän häzirki döwründe lukmançylyk agyz-burun örtüklerinden dogry peýdalanmagyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.
Maksat KERIMOW,
TMÝG-niň Baýramaly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.
Saýat etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdepde «Sagdyn nesil — sagdyn ruh» ady bilen duşuşyk geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasynyň bilim bölümi bilen bilelikde guran duşuşygyna etrabyň orta mekdeplerinde zähmet çekýän ýaş mugallymlar gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, nesil terbiýesinde, ilkinji nobatda, beden hem ruhy sagdynlyga üns bermeli. Çünki berk bedenli, oňat pikirlenip bilýän kämil nesiller Watanymyzyň geljegidir.
Gülşirin REJEPOWA,
TMÝG-niň Saýat etrap Geňeşiniň başlygy.
S.A.Nyýazow adyndaky etrap Ýaşlar guramasynyň guramagynda etrapdaky 1-nji çagalar bagynda duşuşyk geçirildi. «Arassaçylyk saglygyň girewidir» ady bilen geçirilen duşuşyga etrabyň tejribeli lukmanlary, şeýle hem mekdebe çenli çagalar edaralarynda zähmet çekýän ýaş terbiýeçiler gatnaşdylar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, her bir adam arassaçylyk-sanitariýa düzgünlerini berk berjaý etmelidir, möwsümleýin ýiti respirator kesellerinden goranmak üçin gerekli witaminlere baý önümleri ýeterlik derejede kabul etmelidir. Aýratyn-da, çagalar baglaryna gatnaýan körpelere, olaryň ata-enelerine yzygiderli düşündirilmelidir.
Nurýagdy GALPAKOW,
TMÝG-niň S.A.Nyýazow adyndaky etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Halkymyzda «Saglygym — begligim» diýen ajaýyp pähim bar. Dogrudanam, saglygyň, sagdynlygyň bolan ýerinde ruhubelentlik, şadyýanlyk, şähdaçyklyk höküm sürýär. Şulary ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, düşündirmek maksady bilen, Serdar şäher Ýaşlar guramamyzyň agzybir işgärleri şäherimizde ýerleşýän edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar bilen duşuşyklary yzygiderli guraýar. Duşuşyklarda tejribeli lukmanlar, mugallymlar çykyş edip, sport-bedenterbiýe bilen meşgullanmagyň saglyga ýetirýän oňaýly täsiri, häzirki döwürde arassaçylyk-sanitariýa düzgünlerini berjaý etmegiň zerurlygy hakynda gürrüň edýärler, ýaşlar bilen sowal-jogap alyşýarlar.
Güljahan GARAÝEWA,
TMÝG-niň Serdar şäher Geňeşiniň işgäri.
“Nesil” gazeti,
03.09.2020ý.