MASLAHAT GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden syzlyp çykan «Türkmeniň Döwletlilik ýörelgesi» atly täze eseriniň many-mazmunyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen «Arkadagyň eserleri – nesilleri müňýyllyklaryň mizemez milli ruhunda terbiýelemekde ýol görkeziji mukaddes taglymatdyr» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Oňa ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar, Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ylmy işgärler gatnaşdylar.

Maslahatda TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýazpolat Keriýew, Adalat gazetiniň bölüm redakory Aşyrmät Garlyýew,  Türkmenistan gazetiniň öz habarçsy Aýmyrat Pirjikow, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri Aýnabat Annalyýewa,  TGM-niň Harby institutynyň Terbiýeçilik işleri boýunça bölüminiň jemgyýetçilik guramalary bilen aragatnaşygy guramak boýunça ofiseri IÝG-niň başlygy Kerim Myradow dagy täsirli çykyş etdiler.

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet bölüminiň müdiri G.Muhammedow

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9690 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9290 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10282 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.