Senet-eliň altyn bilezigi
Düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesli milli gymmatlyklarymyz esasynda terbiýelemek, halk senetçiliginiň we sungatynyň görnüşlerini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek, ýaş nesliň halk senetçiligi bilen meşgullanmagyna giň ýol açmak hem-de olaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan eden “Senet-eliň altyn bilezigi” atly sergi bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşyjylar halkymyzyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy şöhlelendirýän senetçiligiň we milli el işleriniň dürli görnüşleri boýunça taýýarlan döredijilik eserlerini görkezdiler.
Bäsleşigiň ahyrynda bäsleşige gatnaşan ýaşlaryň ählisi ýeňiji diýip yglan edildi we tapawutlanan ýaşlar ýagny, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň ýaşaýjysy Bossan Kerimowa, Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň ýaşaýjysy Didar Ýazmyradow, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy Selbi Meredowa, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Dünýä Ýazmedowa, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy Aýnur Kakyşowa, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Merjen Guwanjowa, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň ýaşaýjysy Maksat Magtymow, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 33-nji orta mekdebiniň mugallymy Sähra Ataýewa, Ruhubelent etrabynyň 14-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Aýnazar Derýaýew, Daşoguz şäheriniň 2-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Muhammetali Rozmetow, Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň 61-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Nowruz Koşaýew bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşige gatnaşan ýaşlaryň ählisi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň, Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň, Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Daşoguz welaýat teleradio studiýasynyň bilelikdäki hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.
Serdar Şyhyýew,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri