«Türkmendemirýollary» agentliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň, «Demirýollary» AGPJ-niň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň hem-de «Türkmendemirýollary» agentliginiň Demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Sagdynlykdyr biziň baş ýörelgämiz» ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça sport bäsleşikleri geçirildi. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijiler sowgatlar bilen sylaglandylar.
Arzygül DURDYMYRADOWA,
«Türkmendemirýollary» agentliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň uly hasapçysy.
TMÝG-niň Serdar etrap Geňeşiniň we Serdar şäher bilim bölüminiň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda ýokary synp okuwçylaryň gatnaşmagynda Serdar şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine «Taryha ser salalyň» ady bilen gezelenç çäresi guraldy. Çäräniň dowamynda Parawbibi zyýarathanasynyň taryhy ähmiýeti barada okuwçylara giňişleýin gürrüň berildi. Gezelenjiň ahyrynda oňa gatnaşanlar taryhymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza sagbolsun aýtdylar.
Gülsona AŞYROWA,
TMÝG-niň Serdar etrap Geňeşiniň hünärmeni.
Türkmenabat şäherindäki 1-nji we 3-nji sport mekdeplerinde «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe we sport guramasy, Lebap welaýatynyň Baş bilim müdirligi, Lebap welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi hem-de TMÝG-niň Türkmenabat şäher Geňeşi tarapyndan guralan «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII spartakiadanyň çäklerinde 2004 — 2005-nji ýyllarda doglan mekdep okuwçylarynyň arasynda kiçi futbol boýunça ýaryşlar geçirildi. Ýeňijilere ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Laçyn AKYÝEWA,
TMÝG-niň Türkmenabat şäher Geňeşiniň hünärmeni.
«Kadalary berjaý etmek — saglygyň girewi» ady bilen Tejen şäherindäki 5-nji orta mekdepde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa TMÝG-niň Tejen şäher Geňeşiniň, TDP-niň Tejen şäher komitetiniň we şäher häkimliginiň wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermegiň hemde häzirki döwürde howanyň düzümindäki tozan bölejikleriniň kadadan ýokarydygy sebäpli, agyz-burun örtüklerini ulanmagyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.
Kakamyrat NURBERDIÝEW,
TMÝG-niň Tejen şäher Geňeşiniň hünärmeni.
TMÝG-niň Görogly etrap Geňeşiniň etrabyň medeniýet bölümi bilen bilelikde guramagynda «ak altynly» pellerde zähmet çekýän pagtaçylaryň meýdan düşelgelerinde günortanky arakesmede aýdym-sazly çäre geçirildi. Etrabyň Medeniýet öýüniň bagşy-sazandalarynyň şirin aýdymlary, ýerine ýetirilen joşgunly tanslary kärendeçi pagtaçylarda uly ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Öňdebaryjy zähmetkeşlere ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.
TMÝG-niň Serhetabat etrap Geňeşi tarapyndan etrabyň orta mekdeplerinde, edara-kärhanalarynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny berk berjaý etmek bilen baglanyşykly wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli guralýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlaryny giňişleýin wagyz etmek bilen, şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň we lukmançylyk agyz-burun örtüklerini ulanmagyň peýdasyny düşündirmek işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Aknur GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Serhetabat etrap Geňeşiniň hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
15.10.2020ý.