SAGDYN JEMGYÝET-BERKARAR DÖWLET

Şu gün ýaşlaryň arasynda sagdyn-durmuş ýörelgelerini we sanitariýa-arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişini giňişleýin düşündirmek, möwsümleýin ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak, şahsy gigiýenany berjaý etmek, agyz-burun örtügini talabalaýyk ulanmaklaryny düşündirmek  maksady  bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň wekilleriniň    gatnaşmaklarynda  Tagtabazar   etrabynyň   20-nji  orta  mekdebiniň  okuwçy  ýaşlarynyň  arasynda “Sagdyn jemgyýet-berkarar döwlet” atly şygar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda O.Öwezberdiýewa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri çykyş etdi. Ol öz çykyşynda ýaşlaryň arasynda sagdyn-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, arassaçylyk düzgünleriniň berk berjaý etmeklik, agyz-burun örtügini dakynmak, 2 metr aralygy saklamak,  şahsy gigiýenany, arassaçylygy berk berjaý etmeklik, barada giňişleýin gürrüň berdi.
M.Seýitjanowa,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9679 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9272 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10272 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.