Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýetçilik guramalary tarapyndan “Edep bilen bagt tapylar” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çärä institutyň zenanlar guramasynyň başlygy, şepagat uýasy şeýlede kömekçi mekdebiň mugallymy we ilkinji ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary bolan talyp gyzlar gatnaşdyrlar. Çäräniň dowamynda çykyş edenler edep-terbiýe, adamyň ahlak häsiýetleri, ula-kiçä hormat goýma, sagdyn durmuş ýörelgesi, milli gymmatlyklarymyza sarpa, gyz maşgalanyň jemgyýetde tutýan orny, özüni köpçülikde nähili alyp barmalydygy, her bir edilýän nädogry herekediň tutuş maşgalaňa hatda üç arkaňa çenli zyýan ýetirip bilýändigi barada täsirli gürrüň etdiler. Şeýlede çärede “Korrupsiýa hakyndaky”, “Döwlet gullugy hakyndaky” we “Döwlet gullugynyň işgärleriniň özüni alyp barmagy hakyndaky” Türkmenistanyň kanunlary barada hem durlup geçildi. Bu wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler türkmen edebiýatyndan – ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserlerinden, hormatly Prezidentimiziň atalyk kitaplaryndan mysallar getirip talyp gyzlarda uly täsir galdyrdylar. Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimize şeýle ajaýyp, bagtly durmuşy döredip berýändigi üçin ýürek buýsançlaryny aýtdylar.
Mähriban HUDAÝGULYÝEWA
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby