Penşenbe güni Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda «Senet — eliň altyn bilezigi» atly sergi bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy şöhlelendirýän senetçiligiň we milli el hünärleriniň dürli görnüşleri boýunça ýerine ýetiren işleri bilen tanyşdyrdylar. Tapawutlanan ýaşlar bäsleşigi guraýjylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar, şeýle hem işjeň gatnaşanlara Hormat haty hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Biz hem ýeňijileri gazanan üstünlikleri bilen gutlap, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
Gülsoltan GARAÝEWA,
Balkan welaýatynyň Serdar şäherindäki 13-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy:
— Bu bäsleşige taýýarlan el işlerim bilen gatnaşdym. Çagalygymdan bäri milli el işleri bilen içgin gyzyklanýaryn. Okuwymdan daşary tikinçilik bilen meşgullanýaryn. Keşde çekmegi, bezeg önümlerini taýýarlamagy, dürli matalary nagyşlamagy diýseň gowy görýärin. Keşde ýakalary, el bukjalary taýýarlaýaryn. Men bu sungaty ejemden öwrendim. Ene-mamalarymyzdan miras galan tikinçilik, keşdeçilik senedini geljekde hem dowam etdirip, häzirki zaman biçüwleri bilen utgaşdyrmagy, döwrebap täze görnüşlerini döretmegi arzuw edýärin. «Senet — eliň altyn bilezigi» atly sergi bäsleşigine gatnaşmak bu arzuwymy amala aşyrmakda ilkinji ädimleriň biri boldy. Bäsleşige gatnaşyjylar bilen tejribe alyşmak üçin ajaýyp mümkinçilikler döredi, nagşyň täze görnüşleri, keşdä salnyş usullary bilen tanyşdym. Ýeňijileriň hatarynda adym tutulanda bolsa diýseň tolgundym. Özüm bilen birlikde bäsleşikde ýeňiji bolanlaryň ählisini gutlaýaryn we geljekde hem uly üstünlikleri arzuw edýärin. Şeýle bäsleşige gatnaşmagymyz üçin ajaýyp şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys!
Ahmet MEREDOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 3-nji ýyl talyby:
— Halkymyzyň baý we köpöwüşginli senetçilik sungaty bar. Milli şaý-seplerimiz dünýäde uly abraýa eýedir. Çünki olar özboluşly bezeg aýratynlyklary, owadanlygy, nepisligi bilen tapawutlanýar. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby hökmünde bu senediň inçe syrlaryny öwrenmäge, milli şaý-sepleriň taýýarlanyş usullary boýunça bilimimi artdyrmaga uly mümkinçilik aldym. Halypa mugallymlarymyzyň goldawlary esasynda bezeg önümleriniň birnäçesini döretdim. Şu bäsleşige hem taýýarlan şaý-seplerim we beýleki bezeg işlerim bilen gatnaşyp, ýeňiji boldum. Munuň üçin diýseň buýsanýaryn. Geljekde hem milli medeniýetimiziň ösdürilmegine mynasyp goşant goşjak hünärmen bolup ýetişjekdigime ynandyrmak isleýärin. Biz — ýaşlaryň saýlap alan hünärimiz boýunça kämilleşmegimiz üçin şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Gülälek MÄMMETMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby:
— Dokmaçylyk sungaty halkymyzyň asyrlaryň dowamynda sünnäläp, kämillik derejesine ýetiren senedi. Nepis halylarymyz şöhratly taryhymyzyň janly beýany, ene-mamalarymyzyň zehinini, durmuşyny şöhlelendirýän gymmatlygymyz. Gözbaşyny müňýyllyklardan alýan halyçylyk sungatymyza ata-babalarymyzyň durmuş tejribesi, milli ýörelgelerimiz siňendir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halylarynyň abraýy Ýer ýüzünde belende galdy. Dünýäde nepis halylarymyzyň muşdaklarynyň sany barha artýar. Bu bolsa bizi diýseň buýsandyrýar.
Halyçylyk sungaty mekdep döwründen bäri meni özüne çekip gelýär. Şonuň üçin hem haly dokamagy yhlas bilen öwrendim. Ene-mamalarymyzyň öwütleri bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiziň «Arşyň nepisligi» kitaby hem bu sungatyň taryhy aýratynlygy bilen tanyşmakda, gymmatyna göz ýetirmekde esasy gollanma boldy. Bu sergi bäsleşigine-de dokan halylarym, halyçalarym we beýleki dokma önümlerim bilen gatnaşdym. Eminler topary işime ýokary baha berdiler. Ýeňijileriň hatarynda bolmak bagty miýesser etdi. Milli ýörelgelerimizi öwrenmek, mynasyp dowam etdirmek üçin mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza bimöçber alkyş aýdýarys!
Didar ÝAZMYRADOW,
Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň ýaşaýjysy:
Garaşsyz Watanymyzda maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, däp-dessurlarymyzy many-mazmun taýdan baýlaşdyrmak, döwrebap röwüşde dowam etdirmek ugrunda uly tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen tutumly işleriň çäklerinde ýaşlary milli ruhda terbiýelemek baradaky meselä aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, XXI asyryň ösen şahsyýetini kemala getirmegiň esasy hökmünde halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, milli medeniýetine, däp-dessurlaryna daýanyp, ýaş nesillerde taryhy we medeni mirasymyza hormat goýmak hem-de aýawly garamak endiklerini terbiýelemegiň ähmiýeti uludyr. Bu wezipäni amal etmek üçin bolsa netijeli işler alnyp barylýar. Şol maksat bilen geçirilýän «Senet — eliň altyn bilezigi» atly sergi bäsleşigine gatnaşýandygyma diýseň begenýärin. Bäsleşikde ýeňiji bolmak bolsa kalbymda buýsanç duýgularyny döredýär. Şeýle asylly işleriň durmuşa geçirilmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Taýýarlan Dawut ASGAROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby,
“Nesil” gazeti,
17.10.2020ý.