Döwletliler köşgüniň çagalaryna milli Liderimiziň Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy

28-nji dekabrda Döwletliler köşgünde Täze ýyly garşylamaga bagyşlanan dabara boldy. Onuň dowamynda çagalara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sowgatlary gowşuryldy.

Milli Liderimiziň umumy ykrar edilen kadalara hem-de çuňňur milli ynsanperwer däplerine esaslanýan durmuş ugurly döwlet syýasaty Türkmenistanda çagalaryň bähbitleriniň ileri tutulmagyny kesgitleýär. Ýaş türkmenistanlylaryň ruhy hem-de beden taýdan ösmegi, köp ugurly zehinleriniň hemmetaraplaýyn açylmagy üçin ähli şertler döredilendir.

Şu gün paýtagtymyzyň günorta böleginde, Köpetdagyň gözel eteginde ýerleşýän Döwletliler köşgünde baýramçylyk dabarasy höküm sürýär. Ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň çagalary Täze ýyl bilen gutlamaga gelen ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şonuň ýaly-da köp garaşylan Aýazbaba we Garpamyk ýetip gelýän ýylyň nyşany bolan Gölejik çagalaryň myhmanlary boldular.

Döwletliler köşgünde çagalar diňe bir bilim alman, eýsem, dürli hünärleri hem özleşdirýärler. Bu bolsa olara mekdebi tamamlanlaryndan soň, uly durmuşa ynamly gadam goýmaga mümkinçilik berýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aladasy netijesinde bu ýerde çagalaryň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin hemme şertler döredildi – olar şekillendiriş sungaty we saz bilen meşgullanýarlar, dürli sport bölümlerine hem-de gurnaklara gatnaşýarlar.

Çagalaryň köpüsi Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän abraýly döredijilik bäsleşikleriniň hem-de halkara festiwallarynyň baýraklaryna eýe boldular. Şolaryň hatarynda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi “Joşgun” tans topary bar.

Köşkde terbiýelenýänler şu günki dabarada hem myhmanlaryň öňünde konsert maksatnamasy bilen çykyş edip, özleriniň döredijilik zehinlerini görkezdiler.

Dabaranyň geçýän ýerindäki baýramçylyk bezegleriniň köp böleginiň çagalaryň çeper elleri bilen ýerine ýetirilendigini bellemek gerek. Bu gün bolsa olar dürli reňkli yşyklar bilen bezelen ajaýyp arçanyň ýanynda goşgy okadylar, göçgünli tanslary hem-de eziz Diýarymyzy, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy wasp edýän, şonuň ýaly-da, söýgüli Täze ýyl baýramyna bagyşlanan joşgunly aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Ýaş zehinleriň çykyşy Aýazbaba, Garpamyk we ertekileriň beýleki gahrymanlary bilen bilelikde arçanyň daşyndan el tutuşyp aýlanmak bilen tamamlandy.

Hormatly Prezidentimiziň adyndan gowşurylan sowgatlara çagalaryň begenjiniň çägi bolmady. Şol sowgatlara ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň önümleri, ýyly gyş eşikleri hem-de däp bolan süýji-kökeler girýär.

Çagalara jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de paýtagtymyzyň häkimliginiň sowgatlary hem gowşuryldy.

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagtyýar çagalar, hemişelik üns-aladasy üçin hoşallyk bildirip, ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlaryny hem-de gutlaglaryny beýan etdiler.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9725 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9311 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10317 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.