Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde berkarar döwletimiziň synmaz sütünine, röwşen ertirine deňelýän çagalaryň bagtly geljegi ugrunda çäksiz aladalar edilýär. Çünki Garaşsyz Türkmenistan Watanymyz durmuşymyzyň gülleri, ýüreklerimiziň örki bolan eziz çagalaryň, ýaş nesilleriň ähli arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdudyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzda olaryň ähli babatda kämil ylymly-bilimli, berk bedenli şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda uly işler alnyp barylýar.

Gahryman Prezidentimiziň «Aň-bilim taýdan ösen, ruhy taýdan baý, beden taýdan sagdyn, eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek nesiller üçin beýik geljegi gurýarys» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi we welaýat Geňeşleri ýurdumyzda geçirilýän jemgyýetçilik işlerine işeňňir gatnaşyp, bagtyýar döwrümizi wasp etmekde ýokary döredijilik başarnygyny, işjeňligini görkezýän, milli medeniýetimizi, aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde öz goşantlaryny goşýan, ýokary döredijilik başarnygy bolan zehinli çagalarynyň we çagalar döredijilik toparlarynynyň birnäçesine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy bilen sylaglamak dabarasyny geçirdi.

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda we welaýat merkezlerinde guralan bu dabara ýokary ruhubelentlik derejesinde guralyp, olarda Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň eýesi bolan körpelere şahadatnamalar, ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Şeýle-de dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjy bagtyýar nesliň baýramçylyk konserti guraldy. Ýerine ýetirilen ajaýyp çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, ýetilýän belent sepgitler, buýsançly çagalygy wasp edýän şirin owazlar we Milli Liderimiziň adyna alkyşly sözler has belentden ýaňlandy.

Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijileri:

Aşgabat şäheri

Maksadow Döwletmyrat Maksat ogly – Aşgabat şäheriniň daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy

Rejepow Isgender Myratberdiýewiç – Aşgabat şäheriniň 53-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy

Nurmuhammedow Alihan Halmyradowiç – Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine   ýöriteleşdirilen 134-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy

Ataýew Mekan Mergenowiç – Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky ýöriteleşdirilen 72-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy

Ataýewa Selbinyýaz Rejepmuhammedowna – Aşgabat şäheriniň 100-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy

Dinmämmedow Nurmämmet Dinmämmedowiç – Aşgabat şäheriniň 11-nji  orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy

Bakyýew Dawut Bakyýewiç – Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy

Maksadowa Ogulgerek Maksat gyzy – Aşgabat şäheriniň daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy

Azadowa Bägül Azadowna – Aşgabat şäheriniň 79-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy

Çuriýew Merdan Orazmyradowiç – Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 74-nji “Bagtyýar nesiller” orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy

Şadurdyýew Gulpolat Baýrampoladowiç – Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 6-njy synp okuwçysy

Batyrow Miras Batyrowiç – Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň 8-nji synp okuwçysy

Rozymyradowa Balhiýa Rozymyradowna – Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň 8-nji synp okuwçysy

Garagoçowa Nurjemal Hojageldiýewna – Aşgabat şäheriniň 122-nji orta mekdebiniň  6-njy synp okuwçysy

Ýefimowa Nurana Aleksandrowna – Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini, takyk we tebigy derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 140-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy

Abbasowa Kowsär Rüstemaliýewna – Aşgabat şäheriniň 32-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy

Ýagşyýewa Mähirli Merdanowna – Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 3-nji synp okuwçysy

Garlyýew Magtymguly Aşyrmät ogly – Aşgabat şäheriniň Ruhnama adyndaky 28-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy

Gurbanseidow Orazberdi Gaýgysyzowiç – Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 84-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy

Ahal welaýaty

Rejepow Şanur Şöhradowiç – Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy

Saparowa Oguljeren Merdanowna – Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy

Batyrow Ýakup Batyrowiç – Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesindäki 2-nji orta mekdebiniň  8-nji synp okuwçysy

Berdinazarow Resul Berdinazarowiç – Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherçesindäki 16-njy orta mekdebiniň  2-nji synp okuwçysy

Çerräýew Arslan Allamyradowiç – Ahal welaýatynyň Tejen şäherindäki 5-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy

Ahadow Rahym Rahmanowiç – Ahal welaýatynyň Tejen şäherindäki 5-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy

Guwançmyradowa Sebile – Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy

Amanmyradow Hekim Serdarowiç – Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 15-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy

Wepaýew Didarmuhammet – Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Oraz Salyr adyndaky çagalar sungat mekdebiniň “Dutar” hünäriniň 4-nji synp okuwçysy

Halnepesowa Leýla Şöhratowna  – Ahal welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw- terbiýeçilik toplumynyň 8-nji synp okuwçysy

Balkan welaýaty

Orazdurdyýew Döwletgeldi  Gurbanowiç – Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy

Amanmämmedow Awdulla Gapurberdiýewiç – Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy

Seýidow Umyt Begenjowiç – Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň iňlis dili, fizika we matematika okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy

Ýusubowa Zyýada Seýitmämmedowna – Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesindäki 18-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy

Abaýewa Sülgün – Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň 13-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy

Döwletowa Gülsuwa Rejepgylyjowna – Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy

Tagangylyjowa Gülnara Azatgylyjowna – Balkan welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň  3-nji synp okuwçysy

Daşoguz welaýaty

Alymow Mekan – Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy

Maksadowa Aýperi Batyrowna – Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy

Ödäýewa Leýli Nurgeldiýewna – Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy

Hydyrowa Leýli Hydyrowna – Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 63-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy

Serdarowa Bägül Serdarowna – Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäheriniň 2-nji orta mekdebiniň  6-njy synp okuwçysy

Meläýew Pälwan Annamuhammet ogly – Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 11-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy

Şajanow Kakajan Allamyradowiç – Daşoguz welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň 8-nji synp okuwçysy

Daşoguz welaýatynyň çagalar sungat mekdebiniň “Aýparça” bagşy gyzlar topary

Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň “Galkynyş” birleşen deprekçiler topary

Lebap welaýaty

Babajanow Selim Babajanowiç – Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 18-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy

Semenderowa Aýlar Semenderowna – Lebap welaýatynyň Farap etrabyndaky 18-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy

Babalyýewa Selbi Kakajanowna – Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 1-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy

Çaryýew Kerem Hanmyradowiç – Lebap welaýatynyň Darganata etrabyndaky 12-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy

Saidowa Madina Raşidowna – Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy

Jumaniýazowa Selbiniýaz Narimanowna – Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiniň ýanyndaky internadyň 9-njy synp okuwçysy

Akmuradowa Nurana Akmuradowna – Lebap welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň 4-nji synp okuwçysy

Mary welaýaty

Kössekow Begenç Kasymowiç – Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 3-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy  

Ýusupow Rauf Rustamowiç – Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 25-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy

Muhommetnazarowa Selbi Jumamyradowna – Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň 6-njy orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy

Jepbarowa Leýli Jepbarowna – Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy

Muhammedow Pälwan Muhammedowiç – Mary welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw terbiýeçilik toplumynyň  4-nji synp okuwçysy

Hasanowa Abadangözel Parahadowna – Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň 26-njy orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy

Myradow Azat – Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky 7-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy

Agaýusupowa Oguljennet Agaýusupowna – Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy

Bäşimow  Şatlyk  Rahatjumaýewiç – Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy

Agamyradowa Gülöwser Agamyradowna – Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 22-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy

Rahymow Mukam Orazgeldiýewiç – Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň 16-njy orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy

Germanowa Näzli Arslanowna – Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy

Agajumaýewa Aýlar Agajumaýewna – Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 9-njy orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy

Ataweliýewa Gülnar Ýalkapberdiýewna – Mary welaýatynyň Murgap etrabyndaky  12-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy

 

Has köp suratlary «Galereýa» bölümimizde görüp bilersiňiz!

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9725 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9311 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10317 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.