Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen bilelikde gurnamagynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 8-nji ýanwarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy mynasybetli hoşallyk maslahat duşuşygy geçirildi.
Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Ýaşlar guramasynyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän agzalary, jemgyýetçilik we bilim işgärleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzda ýaşlara mahsus bolan we ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän binýada esaslanýan ýaşlar barada döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Watanymyza, halkymyza, ajaýyp ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilim we terbiýe almaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär.
Şu jähtden ugur alyp, ýurdumyzda öňdebaryjy ýaşlara mahsus bolan we ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän binýada esaslanýan döwlet ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär diýip uly buýsanç bilen bellediler.
Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly girýän ata Watanymyzda türkmen ýaşlarynyň hukuklary ygtybarly goralyp, mertebesi belent tutulýar, olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär.
2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda ýurdumyzyň Milli Parlamenti tarapyndan “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, ýurdumyzda ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak we ösdürmek babatda özgertmelere uly itergi berdi.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda 14-30 ýaşdaky ýetginjekleriň we ýaşlaryň hukuklarynyň hem-de döwlet goldawynyň 15 ugry boýunça kanunçylyk binýady tutuldy.
Bilşimiz ýaly ýaş raýatlaryň konstitusion hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmek hem-de kuwwatyny artdyrmak we ony durmuşa geçirmek üçin hukuk, durmuş-ykdysady, guramaçylyk şertlerini we kepilliklerini döretmek maksady bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň işlenilip taýýarlanylmagyna we durmuşa geçirilmegine ýurdumyzyň ýaşlarynyň hem işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan hem netijeli işler alnyp baryldy.
Döwletimizde şeýle işlenip taýýarlanylan maksatnamany amala aşyrmaga we oňa işjeň gatnaşmaga döredip beren mümkinçilikleri hem-de ýaşlara bildiren beýik ynamy üçin Gahryman Arkadagymyza ýaşlaryň alkyşlarynyň çäksizdigini çykyş edenler ýaşlar öz buýsançly sözlerinde bellediler.
«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasynda kanun çykaryjy häkimiýetiň wekillerine ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda sagdyn ýaşaýşy goldamak, kadaly iýmitlenmek, sport bilen meşgullanmak, milli medeniýetimize, dilimize we edebiýatymyza, taryhymyza söýgi ruhunda terbiýelemek bilen bagly düşündiriş hem-de aň-bilim işleriniň derejesini ýokarlandyrmak, bu ugurda beýleki döwletleriň tejribesini öwrenmek, ýaşlar babatyndaky kanunçylygy kämilleşdirmek, obalardaky orta mekdepleri we mekdebe çenli çagalar edaralaryny döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek, durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän ýaşlary we ýaş maşgalalary goldamak ýaly wezipeler göz öňüne tutulýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirilen, durmuşa geçirýän beýik başlangyçlarynda, ýaş nesil, ýaşlar hakynda alada aýdyň şöhlelenýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty, ilkinji nobatda ýaşlaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuş ykdysady, syýasy hem medeni durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy, hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegi üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.
Ýaşlar öz işjeňligi, oýlap tapyjylygy, erjelligi, ukyby esasynda jemgyýetiň strategik zähmet gory bolup durýar. Her bir döwletde ýaş nesil ykdysadyýetde, jemgyýetçilik durmuşynda innowasiýalaryň işlenilip taýýarlanylmagyna, ornaşdyrylmagyna, döredijilige ýardam edýän ägirt uly güýç hasaplanylýar.
Bu mümkinçilikleriň doly derejede amal edilmeginde ýaşlaryň mynasyp, göwnejaý iş bilen üpjün edilmegi, hünär endiklerini ele almagy zerurdyr. Şol sebäpli-de, häzirki wagtda dünýäde ýaşlaryň iş bilen üpjünçilik, bilim ulgamy babatda islegleriniň kanagatlandyrylmagy ilkinji nobatdaky wezipeleriň biri bolmak bilen, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini, maksatlaryny, wezipelerini, ileri tutulýan ugurlaryny hem-de ony amala aşyrmagyň çärelerini beýan edýän ýol görkeziji resminama bolup durýar.
Bu resminama ýaşlaryň döwletiň ykdysadyýetiniň kuwwatyny berkitmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga ýardam berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýaşlaryň bilim almagy, medeni durmuşa gatnaşmagy, çeper, ylym we tehniki döredijilik bilen erkin meşgullanmagy, dynç almagy, telekeçilik we ykdysady işiň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmagy, hünär we kär saýlamagy, önümçilikde hünäri boýunça zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilendir.
Kabul edilen maksatnama laýyklykda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynda bellenilen maksatlary we wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak ýaşlaryň syýasy, ykdysady hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, bu ugurda ýaş maşgalalary, ýaş alymlary, kiçi hem-de orta telekeçilik işini alyp barýan ýaşlary goldamak arkaly olara döwrebap ösen sanly ulgam esasynda maglumat tehnologiýalary bilen üpjün edilen oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem-de türkmen ýaşlarynyň bagtyýar geljegini nazarlaýan giň-gerimli mümkinçilikleri döretmeklige gönükdirilýändir.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasynda beýan edilýän aýdyň wezipeleri netijeli we üstünlikli durmuşa geçirmekde, häzirki beýik taryhy döwürde dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolan ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde, Garaşsyz Diýarymyzyň, mähriban halkymyzyň her bir gününi şöhratly ýeňişlere beslemekde öz mynasyp goşantlaryny goşup, Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara bildirýän beýik ynamyny ödejekdiklerini ynandyrdylar.
Ýaş nesilleriň häzirki we geljekki bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň ylymly-bilimli, sagdyn, ýokary ahlakly, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ynsanlar bolup ýetişmegi babatda giň mümkinçilikleri döredýän we bu ugurda ähli tagallalary edýän Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman, aýdyň maksatly alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler hem-de maslahata gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Gurbanmyrat Muhammedow,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri