Aýdyň wezipeler – belent maksatlar

Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, welaýat, etrap şäher Geňeşleriniň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahat duşuşygy geçirildi.

Onda 2021-nji ýyl «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygar bilen atlandyrmagy hem-de bu ýylda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanmagy ýaşlaryň köňül kalbynda uly buýsanç duýgusyny döredip olary täze belent maksatly işlere ruhlandyrdy diýlip bellenildi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşykda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda: Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen ýerlerde bilelikde iş alyp baryp, ýaşlardan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna zerur üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hem-de telekeçilige giň ýol açmak we telekeçilik boýunça kanunçylyk namalaryna degişli teklipleri taýýarlamak, ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, mümkinçiligi çäkli ýaşlara we ýaşlaryň maşgalalaryna goldaw bermek, ýaşlaryň iş üpjünçiliginiň gerimini giňeltmek, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp ony durmuşa ornaşdyrmak we oňa ýaşlary işjeň çekmek, ýaş telekeçileri goldamak, sagdyn durmuş ýörelgesini, milliligi, watansöýüjiligi wagyz etmek, ýaş zehinleri ýüze çykarmak, talyp we mekdep okuwçylaryň arasynda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat işlerini güýçlendirmek, sanly bilimi ösdürmek boýunça bäsleşikleri guramak, okuwçylary we talyp ýaşlary meýletinçilik işlerine çekmek, sporta bolan söýgüni artdyrmak, ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini ösdürmek, Ýaş meýletinçileriň alyp barýan işleriniň netijelligini gazanmak, ilatyň arasynda ýerli maşgala lukmanlar bilen keselleriň öňüni almak boýunça okuwlary we wagyz-nesihat işlerini geçirmekde ýaşlaryň ornuny güýçlendirmek, ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli ýaşlaryň arasynda sport bäsleşiklerini geçirmek, ýaşlary kitaphanalara işjeň çekmek maksatly işleri alyp barmak we döredijilik bäsleşikleri geçirmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny ýokary guramaçylykly geçirmekde işjeň gatnaşmak, medeniýet we sungat işgärleri bilen ýaşlaryň arasynda halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ýola goýmak, ýaş ýazyjy-şahyrlaryň, bagşy-sazandalaryň, milli el işleri we senetçilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda sergi we döredijilik bäsleşiklerini, festiwallaryny gurap, täze zehinleri ýüze çykarmak, ýaşlaryň arasynda watançylyk terbiýesini ýokarlandyrmak, olara Watan mukaddesligini we gymmatlygyny düşündirmek, ýaşlaryň ekologiýa medeniýetliligini ösdürmek ýaly beýan edilýän wezipeleri işjeň durmuşa geçirmekde netijeli işleri alyp barmalydygy dogrusynda nygtaldy.

Sanly ulgam arkaly geçirilen maslahat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Garaşsyz hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýä bileleşigindäki abraý-mertebesiniň häzirki buýsançly döwürde ajaýyp öwüşginleriniň many-mazmunyny il içinde wagyz etmekde mundan beýläkde joşgunly zähmet çekjekdiklerine, Gahryman Arkadagymyzyň hoşniýetli içeri we daşary syýasatyny dabaralandyrmakda tutanýerli yhlasly goşantlaryny goşjakdyklaryny ynandyrdylar we dünýäde ösüş arkaly parahatçylyk ýörelgäni amal edýän bu ugurda dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň janyň sag, belent başynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar