MAGTYMGULY PYRAGY : TÜRKMEN BINASY

Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,

Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy.

* * *

Terki dünýä eýleýir, gelse rakyp gaşyna,

Bil, polatdan bina bolgan, budur türkmen galasy.

* * *

Süleýman, Rüstem Zal, Jemşit oňa bolmuş geda,

Günde ýüz müň salsa leşger, degmez şanyň belasy.

* * *

Daglar ondan alar taglym, leşgerleri sap-sap durar.

Her salanda zülpükary, artar ýigidiň höwesi.

* * *

Teke, ýomut, ýazyr gökleň, Ahal ili bir bolup,

Kylsa bir jaýga ýöriş, açylar gül lälesi.

* * *

Külli gyzylbaş baryny atdy dag arkasyna,

Gije-saba ýatmaýyr, geler olarnyň nalasy.

* * *

Her gadam ursa saýýat1, bolmaýyr ol duşugär,

Bendi kylyp ala bilmez, düşmez türkmen balasy.

* * *

Aryflary dem-dem geler, toýy bardyr her zaman,

Merdi-merdan sözlüdir ol, ýokdur köňül gilesi.

* * *

Aýdadyr Magtymguly, ýokdur köňülde hilesi,

Hak sylaýyp kylmyş nazar, bardyr onuň saýasy.

Öňki makala

GOŇŞY BAHASY

Indiki makala

TOKLY TAMDYRLAMASY

Meňzeş habarlar

25 Noýabr 2024 | 0 okalan

BAGBAN

22 Noýabr 2024 | 6634 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 1954 okalan

BAHYL ADAM