MONJUGATDYLAR

Monjugatdylar – halk döredijiliginiň şahyrana žanrlarynyň biri. Olar köplenç bahar aýlarynda, esasan-da Nowruzda – ýyl çalşygynda gelin-gyzlar tarapyndan döredilýän hem-de ýerine ýetirilýän yşky-söýgi häsiýetli bentlerdir.

Monjugatdy – gelin-gyzlaryň öz bagtlaryny synamak üçin oýnaýan sanawaçly oýny. Oňa köpçülik bolnup gatnaşylýar. Monjugatdylary aýtmak, oýnamak bilen gelin-gyzlar öz ykbalyny aňşyrmak isläpdir.

Monjugatdylar ýylyň belli bir paslynda aýdylany üçin oňa kalendar aýdymy hem diýilýär. Kalendar aýdymy köplenç Nowruz baýramçylygynda (Mart aýynyň 21-inde) ýerine ýetirilýär.

Monjugatdylary oýnamak üçin gelin-gyzlar ilkagşamdan bir öýe ýygnanýar. Oňa kämahallar oglanlar hem gatnaşýar. Oýun oýnalanda bir gaba suw guýlup, oňa her kim öz monjugyny atýar. Ýygnanyşanlaryň arasyndan ekabyrragy, monjugatda ökdesi goşgy bendini sanaýar. Oýun şeýle setirler bilen başlanýar:

Geliň, gyzlar, üýşeliň,

Bagtymyzdan diýşeliň.

Ol barýan ýigit kimkä?

Ýagşy-ýaman gülşeliň!

Oýna taýýarlyk işleri görlensoň, dilewar aýallaryň ýa-da gyzlaryň biri monjugatdy bendini sanaýar we her bentden soň, monjuk çykarýan çaga: “Çykar, monjugy” diýip ýüzlenýär. Monjuk çykarylansoň, onuň kimiň monjugydygy kesgitlenýär we bent şoňa degişli edilýär. Bendiň mazmunyna görä, monjuk eýesine dürli ýomaklar atylyp gülşülýär.

Monjugatdylaryň ýüze çykmagy ýaşlaryň durmuşy, arzuw-islegi bilen bagly. Monjuk atyşyp, gyzlar nähili ýigide durmuşa çykjakdygyna, gaýtarmalar ykbalynyň nähili boljakdygyna synanyşyk edipdir. Gelin-gyzlar monjugatda Nowruz gijesinde bije hökmünde garapdyr, oňa şeýle seslenipdir:

Nowruz geldi bu gije,

Gyzlar atarlar bije.

Kimiň bijesi çyksa,

Baýragy horaz-jüýje.

Oýunda monjugatdylaryň iň oňat nusgalary bilen birlikde, ýaramazrak mazmunly bentler-de aýdylýar. Eger şeýdilmese, oýun gyzykly bolup bilmez. Oýun gyzykly alnyp barlanda, her bentden soň, monjuk çykarylanda, gyzlar gülüşýärler, ýomak atyşýarlar. Maňlaýlaryna gowy mazmunly bentler çykaýsa, oňa guwanylýar, ýaramazrak mazmuny bentlere gynanylýar.

Monjugatdy oýnunda oňa gatnaşmakdan saklanýanlar hem bolýar. Sebäbi käbir gyz monjugatdy bentleriniň mazmunyndan çekinýär. Eger ýaramazrak mazmunly bent çykaýsa, şol mazmuna laýyk bolan ýigit, durmuş-hamana ýazgydynda bolaýjak ýaly bolup görünýär. Şonuň üçinem şeýle ýazgytdan howatyr edýär.

Monjugatdy oýnunda Nowruz gijesi bilen baglanyşykly bent düşäýse, ol gyz özüni bagtly hasaplaýar. Çünki, ol özüne duş geljek ýigidiň bahar pasly ýaly mylaýym, ýumşak bolmagyny arzuwlaýar.

Monjugatdynyň temasy köptaraplydyr. Esasy temasy söýgi meselesidir. Söýgi gyzyň erkek doganyna, jigisine ýa-da boýdaşlaryna gönükdirilýär. Şeýle hem ýigitleriň adamkärçiligi, görk-görmegi, gaýrat-kuwwaty, söýgüsi, isleg-arzuwy beýan edilýär:

Gyrmyz donuň biçeýin,

Üste teňňe seçeýin.

Atam-enem görmänkä,

Ogryn saňa gaçaýyn.

Päk söýgi hem şeýle wasp edilýär:

Iki öýüň arasy,

Gün görünmez parasy.

Göz görse, göwün söýse,

Asla bolmaz çäresi.

Şu hili bentde göwün söýeniňe ýetmek üçin kynçylykdan gaçmazlyk öwüt-nesihat edilýär:

Ýar-ýaryň otagynda,

Saýrar gül pudagynda.

Derlese burçak-burçak,

Ýar-ýaryň gujagynda.

Şu bentde täze çatynjalaryň agzybirlikde ýaşamagyna, biri-biriniň sarpasyny tutmaklyga çagyrylýar.

Monjugatdyda bentleriň ýaňsylama, tankydy görnüşinde düzülenleri-de bar. Azda-kände duş gelýän gaýratsyzlyk, ýalançylyk, wepasyzlyk, horanlyk, açgözlülik ýaly nogsanlyklar tankyt edilýär:

Hersene jan, hersene,

Elim urdum kersene.

Iýdim-içdim doýmadym,

Ýene bolsa bersene.

Şu bentde maşgalada garnynyň ugrunda selpäp ýörenler ýazgarylýar. Monjugatdylarda daýhançylyk temasy-da beýanyny tapýar. Söýülýän ýigidiň diňe daşky görki däl, eýsem onuň işeňňirligi, ekin ekip, hasyl almaga ezberligi, umuman zähmetsöýerligi gelin-gyzlaryň ünsüni çekipdir. Işe çulum, daýhan ýigide söýgi-muhabbetini bagyşlaýandygy bentlerde nygtalýar.

Ýigitler monjugatdy oýnuna känbir gatnaşmaýar. Eger gatnaşaýsalar-da, başdanaýak gatnaşman, köplenç gapdalyndan syn edip oturýar. Kämahal bolsa oýna gatnaşyp, öz ykbalyny barlaýar:

Bagyňyzdan bakaýyn,

Galam gaşy kakaýyn.

Seniň syýa zülpüňi,

Tamdyrama dakaýyn.

Ýa-da:

Baga girdim yzyňdan,

Gara saçyň dyzyňdan.

Ýakma meni, gara göz,

Öldüm seniň näziňden.

Oýunda bagtyna şeýle bentler çykaýsa welin, ýigitleriň begenjiniň çägi bolmaýar.

Monjugatdylaryň dili örän sada we çeper. Bentlerde setirleriň sazlaşygy, many-mazmun çüňlügi saklanylýar.Olar düzülişi taýdan lälelere meňzeş. Bentler rubagy formasynda düzülýär.Ýagny, 1-nji, 2-nji, 4-nji setirler özara kapyýalaşyp, 3-nji setir kapyýalaşmaýar. Bogun jähtinde-de monjugatdylar läleler ýaly ýedi, ýek-ýarymy sekiz bogundan ybarat. Kähalat on bir bogundan ybarat monjugatdy bendine hem duşmak bolýar. Emma şeýle bent monjugatdy üçin mahsus görnüş däldir.

Monjugatdylar känbir ösmeýan žanr.Emma şeýle-de bolsa,olar obrazlar, peýzaž baýlygy, diliniň ýönekeýden ýitiligi bilen hem tapawutlanýar. Türkmen monjugatdy bentleriniň türki halklaryň (meselem, azerbaýjanlylaryň dessur aýdymyna) monjugatdy bentlerine meňzeşleri bar. Munuň özi türki halklaryň taryhy gelip çykyşy, dil, däp-dessur, durmuş-ykdysady, medeni taýdan ýakynlygyny aňladýar.

Monjugatdy bentleriniň ýygyndysy 1948-nji ýylda neşir edildi. Garaşsyz hem baky Bitarap ýurdumyzda edebi mirasymyz, şol sanda monjugatdylar hem dolulygyna öwrenilýär hem-de olaryň temasy baýlaşdyrylýar. Çeper höwesjeňleriň aýdym-saz folklorynda ýerine ýetirilýär.

Meňzeş habarlar

25 Noýabr 2024 | 0 okalan

BAGBAN

22 Noýabr 2024 | 6634 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 1954 okalan

BAHYL ADAM