KIM GÜÝÇLI? (Tymsal)

Gyş günleriň birinde eşekli adam doňan derýanyň üstünden geçip barýan eken. Şonda taýyp, onuň eşegi aýagyny döwdüripdir.

Ol adam lapykeç bolup:

— Eý, doň dogan! — diýipdir. — Sen nähili güýçli, eşekli barýarkam ýykdyň!

Doň şeýle jogap beripdir:

— Eger men güýçli bolýan bolsam, Gün meni eredip bilmezdi.

Onda ol adam Günden sorapdyr:

— Eý, Gün dogan! Sen iň güýçlümi?

Gün şeýle jogap beripdir:

— Eger men güýçli bolýan bolsam, bulut meniň gözüme perde bolup bilmezdi.

— Eý, bulut dogan! Iň güýçlüsi senmi? — diýip, ol adam bulutdan sorapdyr.

— Eger men güýçli bolan bolsam, ýagyş bolup dökülermidim? — diýip, bulut jogap beripdir.

Şonda ol adam:

— Eý, ýagyş dogan! Iň güýçlüsi senmi? — diýip sorapdyr.

Bulut:

— Eger men güýçli bolýan bolsam, toprak meni siňrip bilermidi? — diýip jogap beripdir.

Adam toprakdan sorapdyr:

— Ene toprak! Iň güýçlüsi senmi? — diýip.

Ene toprak jogap beripdir:

— Eger men güýçli bolýan bolsam, ot-çöp menden bereket tapyp, boý alarmydy? — diýipdir.

Onda adam ot-çöpe ýüzlenipdir:

— Mähirli ot-çöp! Iň güýçlüsi senmi?

— Eger men güýçli bolýan bolsam, sygyr meni ýolarmydy, iýermidi?

Adam sygyrdan sorapdyr:

— Eý, sygyr! Iň güýçlüsi senmi?

— Eger men güýçli bolýan bolsam, möjek meni iýermidi?

Onda adam möjekden:

— Möjek dogan! Iň güýçlüsi senmi? — diýip sorapdyr.

Möjek diýipdir:

— Eger men güýçli bolýan bolsam, awçy meni awlarmydy?

Adam awça ýüzlenip:

— Awçy dogan! Iň güýçlüsi senmi? — diýýär.

Awçy diýipdir:

— Eger men güýçli bolýan bolsam, syçan meň okdanymy deşermidi?

Adam syçana ýüzlenip:

— Syçan dost! Iň güýçlüsi senmi? — diýip sorapdyr.

Syçan-da:

— Eger men güýçli bolýan bolsam, garynjalar meni dişlärmidi? — diýip jogap beripdir.

— Garynja dogan! Senden güýçli kim bar? — diýip, adam garynjadan sorapdyr.

— Men iň güýçlüsi! — diýip, garynja aýdypdyr. Adam muňa ynanmandyr. Onda garynja:

— Seniň kakaňyň üç müň put bugdaýyny men dagdan aşyryp iýdim, seniň bajaňyň üç müň put arpasyny dagyň ýedi geçelgesinden geçirip iýdim. Men güýçli bolman, kim güýçli! Men güýçli!

— Seniň näme üçin garnyň uly? — diýip, adam sorapdyr.

— Meniň bagrym uly — diýip, garynja jogap beripdir.

— Näme üçin seniň biliň inçe? — diýip, adam aýdypdyr.

— Meniň çekýän zähmetim agyr — diýip, garynja aýdypdyr.

— Onda näme üçin seniň kelläň uly? — diýip, adam ýene sorapdyr.

— Meniň akylym uly, şonuň üçin. Menden güýçli hiç kim ýok! Men güýçli! — diýip, garynja onuň soragyna jogap beripdir.

Meňzeş habarlar

25 Noýabr 2024 | 0 okalan

BAGBAN

22 Noýabr 2024 | 6634 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 1954 okalan

BAHYL ADAM