“Paýhas çeşmesinde” Güýç hakynda

Umyt – güýç, güýç – ynanç.

* * *

Güýçlini güýçli bilmedik Taňryny bir bilmez.

* * *

Güýçlüden güýçli çyksa, güýçli ýere girer.

* * *

Ýigit garrasa, dişden düşer, bürgüt garrasa – güýçden.

* * *

Güýçli bile göreşme, ýüwrük bile ýaryşma.

* * *

Emeliň seresi – güýç.

* * *

Güýç ýetmese, emel bar.

* * *

Birleşen güýç dagy talhan eder

* * *

Güýçlüden gül ysy geler.

* * *

Güýçliniň gepi mamla.

* * *

Birleşen güýç – güýç, birleşmedik güýç – puç.

* * *

Güýçliniň guýrugy degirmen dartar.

* * *

Ýazlyk ýaltanyňky, güýzlük güýçlüniňki.

* * *

Güýji asgyn şelaýyn gerek, bimaza – mylaýym.

* * *

Güýji ýetmez görgä galar.

* * *

Tagan aýagy üç bolar, biri-birine güýç bolar, biri döwülse hiç bolar.

* * *

Güýjüň ýetmeýän daşa el urma – zora düşersiň.

* * *

Kötek güýçli bolsa, ýüň gazyk ýere girer.

* * *

Güýç ýetmeze akyl ýeter.

* * *

Güýje egilmedigi söz eger.

* * *

Akyl güýç berer, güýç hem ýürek.

Meňzeş habarlar

25 Noýabr 2024 | 0 okalan

BAGBAN

22 Noýabr 2024 | 6634 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 1954 okalan

BAHYL ADAM