“BEREKETLI TÜRKMEN SAÇAGY” GAZANLAMA

       Gerekli önümler:

1 sany toklynyň eti,

1 kg sogan,

200 g mesge ýagy,

 500 g käşir,

200 g mäş,

200 g noýba,

1 kg pomidor,

10 sany bolgar burçy,

 4 düýp sarymsak,

1 kg kartoşka,

3-4 sany lawr ýapragy,

1 desse gök ot,

10-15 litr suw,

1 kg un,

duz, burç, gury ukrop

       Taýýarlanyşy:

Semiz toklynyň etini alyp, ony süňküni çapman böleklemeli, duzlamaly we burçlamaly. Arassalanan sogany, käşiri, kartoşkany, sarymsagy, bolgar burçuny, pomidory, gök otlary maýda dogramaly, üstüne 1–1,5 litr ýyly çorba guýmaly, içine 3-4 sany lawr ýapragyny, gury ukrop, mäş, noýba atmaly, aralaşdyryp goýmaly. Tokly etini dilip, olary aralaryna ýerleşdirmeli. Soňra etleri çanaga salyp, aralaryna taýýar dürüşdäni goýup, üstüne çorba guýmaly we 4–6 sagatlap basyryp goýmaly. 100 litrlik gazanyň içine demir gözenek ýa-da manty gazanyň gözeneklerini goýup, üstüne ýag çalmaly, soňra etleri hatarlap goýmaly. Galan dürüşdäni etiň aralaryna we üstlerine ýerleşdirmeli. Galan çorbany, kartoşkany gazanyň içine guýmaly. Soňra gazanyň gyralaryna taýýarlanan hamyry ýerleşdirmeli we ikinji gazany üstüne düňderip goýmaly. Gyralaryndan bug çykmaz ýaly edip hamyry ýelmeşdirmeli. Ojaga ot ýakyp, 3–4 sagatlap gaýnadyp bişirmeli. Nahar taýýar bolandan soň üstündäki gazany aýyrmaly, hamyry sypyrmaly, etleri çanaga salmaly, çorbanyň duzuny dadyp, okaralara guýuşdyrmaly we saçaga äbermeli.

Meňzeş habarlar

25 Noýabr 2024 | 0 okalan

BAGBAN

22 Noýabr 2024 | 6634 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 1954 okalan

BAHYL ADAM