TARYHY – MEDENI ÝADYGÄRLIKLER

GADYMY MERW 

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça milli mirasymyzy öwrenmek, ösdürmek we ony dünýä ýaýmak barada amala aşyrylýan işler barha ýaýbaňlanýar. Häzirki wagtda taryhy-medeni ýadygärliklerimizi we gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak, dikeltmek, goramak hem-de olary öwrenmek, wagyz etmek boýunça geçirilýän işler döwlet derejesinde uly ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen taryhymyzyň, milli medeni gymmatlyklarymyzyň ylmy esasda öwrenilmegine giň ýol açyldy. Halkymyzyň baý ruhy mirasyny gorap saklamak maksady bilen Türkmenistanda döwlet taryhy-medeni goraghanalar döredildi. Ol ýerlere syýahatlary guramak, taryhy maglumatlary ýaş nesillere ýetirmek olarda watansöýüjilik, öz geçmiş taryhyňa buýsanç we gyzyklanma duýgularyny döredýär. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň birnäçesi ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna hem goşuldy.

ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulan medeni ýadygärlikler toplumynyň biri-de Gadymy Merwdir. Bütindünýä mirasy komitetiniň 1999-njy ýylda bolup geçen XXIII sessiýasynda Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň eteginde ýerleşýän Gadymy Merw ady bilen mälim bolan bu taryhy-medeni ýadygärlikler toplumy umumyadamzat möçberinde möhüm ähmiýete eýe bolan taryhy-medeni miras hökmünde ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi. Gadymy Merwiň bu abraýly sanawa goşulmagynda onuň iki sany möhüm aýratynlygy nazara alyndy.

Birinjiden, Merw oazisiniň gadymy we orta asyr şäherleri iň azyndan dört müň ýylyň dowamynda Merkezi Aziýanyň medeniýetiniň ösmegine öz oňyn täsirini ýetirip gelipdir. Ikinjiden, Merwiň entek bürünç asyry döwründe Murgap derýasynyň köne binasynyň aşak akymyndaky ýerlerde ýüze çykan we häzirki wagtda Garagumyň çägeleriniň arasynda ýitip giden gadymy şäherlerinden başlap XV-XVIII asyryň galalaryna çenli döwürde bir-birini yzygiderli çalşyp gelen şäherleriniň täsin ýerleşiş ulgamy başga hiç bir ýerde gaýtalanmaýan özboluşlylyk bolup durýar.

Uzak taryhy döwürleriň dowamynda sebitiň paýtagty bolan  örän uly bu şäheriň 2500 ýyllyk taryhy bar. Merw Bagdat, Kair, hatda Damask ýaly yslam dünýäsiniň örän möhüm medeni-syýasy merkezleriniň biri bolupdyr. Beýik Seljuk türkmenleriniň hökümdarlyk eden döwri bolan XI–XII asyrlarda Merw özüniň gülläp ösen derejesine ýetipdir. Seljuklaryň imperiýasy Amyderýanyň aşak akymyndan tä Ortaýer deňzine çenli ummasyz giňişlikleri öz içine alypdyr. Merw beýik Seljuklar imperiýasynyň paýtagty bolan döwründe 640 gektar meýdany eýeläp oturan, dünýäniň iň gözel şäherleriniň biri bolupdyr. Bu şäher Murgap derýasynyň şypaly suwy bilen gandyrylýan we bol hasyl berýän bereketli toprakda kemala gelipdir. Muny XIII-nji asyrda Merwde üç ýyl ýaşan tanymal orta asyr geografy Ýakudyň bu şäher barada: “Eger mongollaryň çozuşy bolmadyk bolsa men ömrümiň ahyryna çenli şu şäherde ýaşardym. Bu ýerden aýrylyp gitmek maňa örän agyr düşdi” diýip ýazmagy hem aýdyň tassyklaýar.

Merw yslam dünýäsiniň ähli künjeklerinde ýaşaýan alymlar, şahyrlar we söwdagärler üçin hem aýratyn özüne çekiji şäher bolupdyr. Emma, 1221-nji ýylda çozup gelen mongol leşgerleri tarapyndan Orta Aziýanyň ähli şäherleri, şol sanda Horasan şäherleriniň “enesi” hasaplanýan gözel Merw hem weýran edilipdir, yslam dünýäsiniň ylym hazynasynyň biri bolan Merwiň ajaýyp kitaphanalary ýakylypdyr. Mongol esgerleriniň wagşyçylykly çozuşyndan soň Merwde durmuş dowam eden hem bolsa, ol ozalky belentligine ýetip bilmändir.

Merw öz akym ugryny kem-kemden gündogardan günbatara üýtgedýän Murgap derýasynyň akabasynyň boýunda ýerleşýän we onuň bilen baglanşykly bolan şäherler, galalar ulgamyndan ybaratdyr. Hut şoňa görä-de, Merwi “göçüp-gonýan”, ýa-da “akymy üýtgedýän derýanyň” şäheri hökmünde häsiýetlendirip bolýar. Derýanyň akaba hanasynyň ugrunyň üýtgetmegi bilen täze ýere göçülmegi sebäpli taşlanan şäherler gaýtadan ilatlaşmandygy sebäpli olaryň galyndysy geçmişiň dürli döwürlerini häsiýetlendirýän möhüm taryhy maglumatlaryň gymmatly “hazynasyna” öwrülip galypdyr. Antik döwürde “Margiana Antiohiýa” ady bilen günbatar ýurtlarynyň ýazuw çeşmelerinde mälim bolan häzirki Gäwürgala ondan ozalky döwürde şäher merkezi bolan häzirki Erkgalanyň bir gapdalynda gurlupdyr. Beýik Seljuklar imperiýasynyň paýtagty bolan orta asyr Merw şäheri bolsa, häzirki Soltangala Gäwürgalanyň ýerinde oturman, ondan günbatardaky täze ýere göçürilipdir.

B.e.öň VI asyrdan başlap welaýatyň merkezi şäheri we baş harby berkitmesi bolan Gäwürgala 400 gektar meýdany eýeläpdir. Orta asyr Merw şäheri – häzirki Soltangala kemala gelip, dolandyryş merkezi oňa geçenden soň Gäwürgalany we soňraky döwrüň şäherleriniň galyndysy bolan Abdyllahan galany hem-de Baýramalyhan galany öz içine almak bilen, Merwiň meýdany 1000 gektara ýetipdir. Munuň özi orta asyrlarda yslam dünýäsinde iň uly şäherleriň biri diýmekdir. Merwiň çäkleri agzalan şäherleriň we galalaryň galyndylary bilen bir hatarda Soltan Sanjaryň kümmeti we beýleki ençeme arhitektura ýadygärliklerini hem öz içine alýar. Şu taryhy-medeni miraslar toplumynyň diňe bir biziň ýurdymyz däl, eýsem, bütin dünýä üçin örän wajyp ähmiýete eýe bolup durýandygyny nazara alyp, Watanymyz ony kanun esasynda döwlet goragyna aldy we häzir olar “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň esasyny düzýär.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR