Baga seret, üzüm bolsun, iýmäge ýüzüň bolsun.
***
Daňylgy ýolbarsa towşanam hüjüm eder.
***
Balyň bar ýerinde siňegem bardyr.
***
Gün dogar, ýaşar, öz dogjak ýerine tarap howlugar.
***
Bal tutan barmagyny ýalar.
***
Bilmezlik aýyp däl, öwrenmezlik aýyp.
***
Müň bilseňem, bilýäne maslahat sal.
***
Bir agaçda gülem biter, tikenem.
***
Bir işe başlamak gutarmagyň ýarysydyr.
***
Atasy gök erik iýse, agtygynyň dişi gamaşar.
***
Däli dälini görse, taýagyny gizlär.
***
Däli diýseň däli, weli diýseň weli bolar.
***
Düýbi görünmeýän guýudan suw içilmez.
***
Synanyşyp görmedik işiňe başaramok diýme.
***
Tiken ýalaňaç aýaga batar.
***
Saýa garap boý ölçeme.
***
Täze küýzäň suwy sowuk.
***
At ýatagyndan çykansoň gapyny ýapanyň peýdasy ýok.
***
Durmuş elimizdäki ulagdyr, ony dogry ýola gönükdirmek hem öz elimizde.
***
Näme gözleýänini bilmeýän adam tapanyndan soňam onuň nämedigine düşünmez.