ROWAÝAT

Bir lukman ýaş wagty onuň halypasy:

—Eý, şägirt, goýny soý we onuň etiniň iň gowy ýerinden iki bölek getir! — diýýär.

Ýaş lukman goýny soýýar we onuň ýüregini hem-de dilini getirýär. Soňra ýene-de bir gün halypasy:

—Eý, şägirt, git-de goýny soý we maňa onuň etiniň iň erbet ýerinden iki bölek getir! — diýýär.

Ýaş lukman gidip, goýny soýýar we bu gezek hem goýnuň ýüregini hem-de dilini getirip berýär.

Halypa:

—Eý, şägirt, men saňa: “Goýnuň etiniň gowy ýerinden getir” diýenimde-de, “Erbet ýerinden getir” diýenimde-de, onuň ýüregi bilen dilini getirdiň. Näme üçin beýle edeniňi düşündir! — diýende, ýaş lukman:

—Eger bedende şu iki zat gowy bolsa, ol adam gowudyr. Şu iki zat erbet bolsa, ol adam erbetdir — diýýär.

Ýaş lukmanyň aýdanlary onuň halypasynyň göwnünden turýar.

 

Dil – ýüregiň açary.

* * *

Şadyýan ýürek – ýüzi güldürer,

Gamgyn ýürek – meňzi soldurar.

* * *

Ýagşynyň kalby – kuýaş, ýamanyň bagry – daş.

* * *

Dil bar – bal getirer, dil bar – bela getirer.

* * *

Batyry batyr eden gylyç bilen bilegi,

Ýamany ýaman eden gara ýürek dilegi.

* * *

Dil bar – düzer, dil bar – bozar.

* * *

Şir hümmeti bilekde, är hümmeti ýürekde.

* * *

Dil – maýa, dil – zaýa.

* * *

Ýürekden ýürege ýol bar.

* * *

Dili kelte – salamat, dili uzyn – melamat.

* * *

Dili süýjiniň dosty köp.

Ýürekden çykan söz ýürege ýeter.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR