IŇ YGTYBARLY DOST

Bir gezek Nejmeddin Kubranyň ýanynda bir ýaş ýigit özüniň dost tutmakda ýalňyşýandygyny, nähili adamy dost tutsa oňat boljakdygyny sorapdyr.

Kubra şonda kitap okap otyr eken. Ol kitaby sypapdyr:

—Iň ygtybarly dost kitapdyr. Köpräk oka, onsoň ol saňa durmuşda nähili adamy dost tutmalydygyny salgy berer – diýip jogap beripdir.

* * *

Bilmeýän zadyňy kitapdan sora.

* * *

Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer.

* * *

Kitap okamaýan bir dili biler, kitap okaýan kän dili biler.

* * *

Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana.

* * *

Kitap eneň-ataň ýaly terbiýeçidir.

* * *

Kitap bilen söhbetdeş bolsaň, ýüregiň gysmaz.

 

Meňzeş habarlar

25 Iýul 2025 | 2 okalan

MILLI MIRASYMYZ — BUÝSANJYMYZ

25 Iýul 2025 | 2 okalan

MEDENI MIRAS — RUHY BAÝLYGYMYZ

24 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRKMENIŇ MERDANALYK HÄSIÝETI