KÜŞTDEPDI — HALK DÖREDIJILIGINIŇ KÖPÖWÜŞGINLI NUSGASY

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adyl syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem gadymy we baý milli mirasymyzy öwrenmäge, ösdürmäge we gorap saklamaga gönükdirilendir. Milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan halk döredijiliginiň bir görnüşi-de küştdepdidir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, küştdepdi halk döredijiliginiň köpöwüşginli nusgasy bolmak bilen, milletiň taryhy-medeni däp-dessurlaryny we ruhy tejribesiniň sazlaşygyny şöhlelendirýär hem-de geçen döwürleriň ýörelgelerini we häzirki zamanyň döredijilik energiýasynyň sazlaşygynyň aýdyň mysaly bolup durýar. 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Çeju şäherinde (Koreýa Respublikasy) Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 12-nji mejlisiniň barşynda aýdym aýtmagyň we tans etmegiň “Küştdepdi” milli sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizilmegi bolsa, küştdepdi aýdym we tans sungatyna dünýä derejesinde gyzyklanmanyň uludygyny görkezýär.

“Küştdepdi” “hüş” we “dep” sözlerinden ybarat bolup, goşma adyň birinji bölegi haýwanlary, guşlary, şeýle hem kakyn-silkini kowmak, ürküzmek üçin ulanylýan “küş” ümlük sözüdir. Bu sözüň ahyrynda “t” çekimsiz sesiň artdyrylmagy bilen emele gelen “küşt” hem “bermek” kömekçi işligi bilen utgaşyp gelende (küşt bermek ýa-da küşdüňi bermek) “birini kowmagy” aňladýar.

“Küştdepdi” diýen sözüň ikinji bölegi (dep) Hoja Ahmet Ýasawynyň “Hikmetlerinde” köp duş gelýär. Has takygy, “depmek” işligi “kowmak” manysynda (nebsiňi depmek, nebis itini depmek we ş.m) ulanylýar. “Dep” sözüniň “küşt” bilen tirkeşip gelmegi umumy kanunalaýykdyr. Sebäbi “küştdepdi” sözi “küş, dep diý” böleklerinden ybaratdyr.

Türkmen halk döredijiliginiň bu žanry häzirki wagtda toýuň bezegi. Küştdepdiler ilkibaşda döwletimiziň günbatar topar etraplarynda döreýär. Ol esasanam ýomut-gökleň türkmenleriniň arasynda meşhurlyga eýe bolýar. Küştdepdileriň bentleri mazmun taýyndan toý aýdymlaryndan (öleňlerden), monjugatdylardan, lälelerden känbir tapawutlanmaýar. Emma küştdepdiler gözelligi, çuňňur duýgyny döredýändigi, has täsirlidigi, köpçülikleýin ýerine ýetirilýändigi bilen halk döredijiliginiň şahyrana toparynyň beýleki žanrlaryndan parhlydyr. Läleleri, monjugatdylary diňe gelin-gyzlar aýtsalar, küştdepdileri dürli ýaşdaky aýal-gyzlar erkek adamlar bilen bilelikde ýerine ýetirýär.

Küştdepdi bentleri-de mydama durnuklylygyny saklamaýar. Toý-dabarasynyň haýsy obada geçirilýändigine garap, bentleriň mazmunyna üýtgetmeler girizilip durulýar.

Küştdepdiler tans hereketleri bilen utgaşdyrylyp aýdylýar. Küştdepdi başlanmanka, adamlar töwerek gurap durýarlar. Içinde biri küştdepdiniň bentlerini pessaý äheň bilen sanap başlaýar. Ýaş ýetginjeklerden iki sanysy orta çykýar-da, ilki haýal (üç depim), soňra gitdigiçe çaltlanýan (bir depim) hereketler bilen bentleriň owazyna aýak goşup, küştdepdiniň tans şekilli hereketini ýerine ýetirýär. Şowhun gyzyşdygyça, bentleri aýdyjynyň sany artýar, köpçülikleýin bolnup aýtmaga durulýar. Tansa çykýanlar hem köpelýär. Orta çykýanlar aýaklaryny sazlaşyga goşup, öňküleriň hereketine uýgunlaşyp küşt depýärler. Küştdepdide her kime başaran hereketini etmek bolmaýar. Umumy köpçüligiň düzgün-tertipli hereketine sazlaşykda küşt depilýär.

Küştdepdi başlananda, köplenç “küşt, küşt, küştdepdi” diýlen sözler belli bir äheňde birnäçe gezek gaýtalanýar. Bu sözler bentleriň arasynda-da ulanylýar. Küştdepdide aýak bilen ýer depilýär, ol belli bir ädimlerden soň gaýtalanyp, sazlaşykly owaz döredýär.

Küştdepdiler aýdylanda, adatça saz gurallaryndan peýdalanylmaýar. Olar äheňleri boýunça şol bir meňzeş hereketde ýerine ýetirilýär.

Küştdepdä aýratyn ökde adamlar bolýar. Olar kän pikirlenmän, şahyrana setirleri ýüzugra täze mazmun bilen doldurmaga ýa-da täze bentleri aýtmaga ukyply adamlardyr.

Küştdepdileriň temasy giň. Bentlerde esasan Watan, dostluk, söýgi, ýaşlaryň bagtly geljegi, beýleki meseleler beýan edilýär:

Haýrany haýran etjek,

Jahany seýran etjek,

Gerek bolsa Watanma,

Janymy gurban etjek.

Küştdepdiniň şu bendinde Watana çuňňur söýgi bildirilýän bolsa,

Gözeliň görki gerek,

Özüne erki gerek,

Öz dostumyň toýunda,

Şadyýan gülki gerek.-

-diýen bentde dostluga sarpa goýulýar.

Halk döredijiliginiň şahyrana toparynyň beýleki žanrlarynda bolşy ýaly, küştdepdilerde-de söýgi meselesi giň orun alýar:

Bir şahada iki alma,

Men almasam, sen alma,

Eger söýýäniň çyn bolsa,

Men gaýdamda sen galma.

Küştdepdiler, ýokarda belläp geçişimiz ýaly, köplenç şadyýan mazmunly bentlerdir. Olarda gaýgy-gussaly bentler aýdylmaýar diýen ýalydyr. Onuň hem sebäbi küştdepdileriň toý-dabara, şagalaň üçin döredilenligidir, olara şowhun bermek üçin ýerine ýetirilýänligidir.

Küştdepdiler dört setirli bentler bolup, köplenç rubagy (aaba) görnüşinde kapyýalaşýar. Olarda esasy mazmun üçünji we dördünji setirlerde jemlenýär. Başky iki setir mazmunyň düşündirişi ýa-da ony aýtmaga taýynlyk bolup hyzmat edýär.

Küştdepdileriň dili ýeňil, akgynly, ýatda galyjy. Lälelerdäki ýaly, olarda-da dürli çeperçilik serişdeleri, dürli aňlatmalar köp gabat gelýär. Şeýlelikde, türkmen toýlaryna millilik ruhuny berýär.

Küştdepdiler Garaşsyzlyk ýyllarynda kämilleşdi we tema taýyndan baýlaşdy. Olaryň ýerine ýetirilýän ýerleriniň çägi giňedi. Ozallar döwletimiziň diňe günbatar etraplarynda ýerine ýetirilen bolsa, häzirki wagtda küştdepdiler ýurdumyzyň ähli etraplaryna-da ýaýrady. Olar baýramçylyk günlerinde, toý-tomaşalarda, hasyl toýlarynda ýerine ýetirilýär. Garaşsyzlyk döwründe küştdepdi bentlerini toplap neşir etmäge-de üns berilýär. 1998-nji ýylda küştdepdileriň 1971-nji ýyldaky neşiriniň üsti ýetirilip, täzeden çap edildi.

Meňzeş habarlar

25 Noýabr 2024 | 0 okalan

BAGBAN

22 Noýabr 2024 | 6634 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 1954 okalan

BAHYL ADAM