Şorta sözler halk döredijiliginiň giň ýaýran žanrlarynyň biridir. Şorta sözler anekdotlaryň aýratynlygyny özünde jemleýär. “Anekdot” grek sözi bolup, ol aslynda “Ýazylmadyk zat, gülküli, ýomakly gürrüň” diýen manyny berýär. Şorta sözler kyssa görnüşinde ýazylyp, täsir ediji, gülküli-ýumorly gysgajyk hekaýadyr. Olar adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň gülküli pursadyny beýan edýärler. Şorta sözleriň köpüsi kim-de bolsa bir adamyň ady bilen baglanyşdyrylýar. Galapyn, halk arasynda tanalýan adamlar hakyndaky şorta sözler il içinde has meşhurdyr.
Şorta sözler forma taýyndan gysgajyk bolup, onuň aslynda haýsydyr bir täsirli, ýiti waka ýatýar. Olar erkin döredijilik häsiýetine eýedir we tanymal adamlaryň durmuşda özlerini alyp baryşlary bilen baglanyşyklydyr. Şorta sözlerde waka iň soňunda duýdansyz çözülýär we gülki döredýär.
Şorta sözleriň belli bir topary diňe bir halkyň içinde, başga bir topary halklaryň birnäçesinde bellidir. Munuň özi gürrüňi edilýän adamyň tanymallygyna baglydyr. Hojanasreddin Ependi, Myraly we Soltansöýün, Aldarköse ýaly adamlar baradaky şorta sözler ähli türki halklarda bar. Emma Kemine, Äraly işan, Keýmir kör, Japbaklar, Ata Köpekmergen ýaly adamlaryň adyna berilýän şorta sözler diňe türkmen halkynyň arasynda ýaýrapdyr.
Şorta sözler durmuşda bolup geçen bir gyzykly wakanyň esasynda döreýär. Şonuň üçin şorta sözlerde gysgajyk wakalar beýan edilýär. Olar gysgadan gyzykly hekaýa şekilinde il arasyna ýaýraýar we dilewar adamlar tarapyndan üsti doldurylyp, kämilleşdirilýär. Şorta sözler durmuş-taryh bilen baglanyşyklydyr. Olarda köplenç durmuş wakalary, arzuw-niýetler beýanyny tapýar.
Şorta sözleriň birnäçesi anyk bir taryhy döwür, ýagdaý bilen hem baglanyşyklydyr. Şeýle şorta sözlerde aýdylýan wakalar wagtyň geçmegi bilen ähmiýetini ýitirýär we onuň ornuny gahrymanyň ugurtapyjylygy eýeleýär. Soňky nesiller ony wakasy üçin däl-de,gyzykly hem gülkünçli ugurtapyjylygy üçin gowy görýär. Şorta sözlerdäki wakalaryň birnäçesi belli bir döwre degişli bolman, ençeme asyrlary öz içine alýar. Bu aýratyn-da Ependi, Myraly we Soltansöýün bilen baglanyşykly şorta sözlere degişlidir.
Şorta sözleriň temasy dürli-dürlüdir. Kimiň adyna berilýändigine garamazdan, olaryň köpüsinde ynsan gatnaşyklarynda ýüze çykýan gülkünç wakalar beýan edilse, käbirinde gysgançlyk, samsyklyk, ýalançylyk ýaly ýaramaz häsiýetleriň üstünden gülünýär. Oňat durmuş hakyndaky arzuw-islegler beýanyny tapýar. Eger-de ertekileriň sýužeti adamlar tarapyndan döredilen bolsa, şorta sözleriň wakasy durmuşda bolup geçen hadysalara esaslanýar.
Şorta sözleriň ençemesi gepe çeper adamlaryň, şahyrlaryň adyndan berilýär, aýdylýar. Şeýle şorta sözleriň köpüsi halk tarapyndan döredilseler, käbiri belli bir şahyr tarapyndan döredilýär. Muňa Keminäniň, Soltansöýündir Myralynyň atlary bilen baglanyşykly aýdylýan şorta sözleriň birnäçesi mysal bolup biler. Şol adamlaryň ýaşap geçen döwründen soň döredilen şorta sözleriň-de, şolaryň adyna berilýän halatlary bolýar.
Şorta sözler köplenç Ependiniň, Esen Poladyň atlary bilen baglanyşdyrylyp aýdylýar. Geçmişiň köp gülküli taraplary Aldar kösäniň, Japbaklaryň üsti bilen berilýär.
Ependi diňe bir halkyňky bolman, ähli Gundogar halklaryňkydyr. Gündogar halklarynyň arasynda onuň Ependi, Hojanasreddin Ependi diýen atlary meşhurdyr. Onuň ady bilen baglanyşykly şorta sözlerde durmuşyň dürli taraplaryna degilýär. Esasan durmuş taýdan deňsizlik, adalatsyzlyk paş edilýär.
Ependiniň haýsy milletdendigi, haýsy asyrda ýaşandygy anyk däl. Onuň Ependi ady soňra türkçe dakylan lakamdyr. Ependiniň XIV asyrda ýaşap geçendigi çak edilýär. Ol wäşi, güldüregen adam bolupdyr. Emma şorta sözleriň köpüsi Ependiniň ady bilen soňra düzülipdir. Öňde-soňda düzülen şorta sözleriň hemmesi diýen ýaly bellibir derejede üýtgäp gelipdir. Halk olaryň üstüni ýetiripdir, käbirini bolsa özüçe düzedipdir.
Käbir şorta sözler halk arasynda Ependiniňki diýibem, Keminäninki diýibem aýdylýar. Keminäniň öýüne ogrularyň gelşi (“Siz bizi göçürýärmikäňiz diýip, yzyňyza düşüp gelýäris” diýip aýtmagy) Ependide hem bar. Ependiniň şorta sözleri kämahal ýitiligi, kämahal bolsa kinaýaly aýdylmagy bilen tapawutlanýar. “Ertir ahyrzamana” şorta sözi muňa mysaldyr. Şorta sözleriň köpüsi Myraly bilen Soltansöýüniň atlary bilenem baglanyşdyrylýar. Myraly (Mir Aly Şir Nowaýy) taryhy şahs. Ol XV asyrda ýaşan, Hyratda we bütin Horasanda höküm süren Soltan Hüseýin Baýkaranyň (Soltansöýüniň) weziri bolýar.
Myraly bilen Soltansöýün barasyndaky şorta sözler esasynda nakyllar (“Geçme namart köprüsinden, goý, aparsyn sil seni”, “Erksiz şa bolandan, erkin gedaý bolan ýagşy” we ş.m.) hem döredi.
Ýomakçy, taryhy şahslaryň biri-de Esen Polatdyr. Ol teke taýpasynyň garaýörme tiresinden. Esen Polat XVIII asyrda ýaşap geçipdir. Gepe-söze çeper adam. Onuň şorta sözleri arkama-arka il gezipdir. Soňra döredilenlerem onuň adyna berlipdir. Esen Polat otly basan düýäni äkitjek bolanda, “Otly basdy, pyçak degmedi, ol haram” diýlende, “Düýäniň asty polat, üsti polat, iýjek hem Esen Polat” diýenmiş. Şorta sözler döredilende, otly bolmadyk hem bolsa, soňra döredilen şorta sözler Esen Poladyň adyna geçirilipdir. Şorta sözlerde gündelik durmuşda bolýan wakalar, edep-tertibi saklap bilmeýänler (“Golçaň özündenem gysganç” we beýlekiler) görkezilýär.
Şorta sözler Japbaklaryň adyna-da berilýär. Olaryň gülküli işleri, gürüňleri kän. Şorta sözler olaryň Baharly, Bamy, Durun ýakalarynda ýaşap geçendigine şaýatlyk edýär. Käbir şorta sözlerde olaryň üç, käbirinde bäş, köplenjisinde dört dogandygy (Japbak, Betdi, Aýa, Nazaryş) görkezilýär. Olar baradaky şorta sözler esasynda Berdi Kerbabaýew “Japbaklar” powestini döretdi.
Japbaklaryň hereketinde öwüt-üdew ediji maslahat we gaýry meseleler duýulman, köplenç adamlary güýmemek, gülüşdirmek duýulýar. Şorta sözler olaryň çagalyk, ýetginjeklik döwürlerine degişlidir.
Aldarköse taryhy şahs däl. Ol özbeklerde,gazaklarda, başgyrtlarda, täjiklerde,tatarlarda we beýleki halklarda-da belli. Köse adam hilegär, mekir,sapalakçy hasaplanýar. Şol häsiýetler Aldarkösede-de bar. Ol anyk däl-de, umumylaşdyrylan obrazdyr.
Aldarköse adamy oýnamaga, aldamaga ökde bolsa-da, il gözünden düşen ýalançy däl.Ol halka azar berýänlere garşy göreşýär. Degmedige degmeýär. Ugurtapyjy, paýhasly adam.
Aldarköse hakyndaky şorta sözler häzirki wagtda Türkmenistanyň Türkmenbaşy adyndaky Milli golýazmalar institutynda saklanylýar. Şol ýerde onuň “Aldarköse we şeýtan”,”Aldarköse we baý ogly”, “Kyrk ussa we Aldarköse” ýaly şorta sözleri bar.
Keminäniň şorta sözleri tankydy häsiýetde. Ýöne onuň ady bilen berlen şorta sözleriň hemmesi Keminäniňki diýip bolmaz. Kemine hem Nowaýy ýaly halkyň hakydasynda gepe çeper, dilewar şahyr hökmünde ornaşansoň, halk tarapyndan döredilen şorta sözleriň-de köpüsi Keminäniň ady bilen baglanyşdyrylýar. Bir tarapdan, Kemine halkyň göwnünden turýan şorta sözleri dužen bolsa,ikinji tarapdan halkyň özi hem Keminäniň eserlerinden lezzet alyp, onuň şorta sözlerini baýlaşdyrypdyr.
Sowet döwründe Kemine we Äraly işan bilen baglanyşykly şorta sözler (“Basym tazy bolar”, “Senden hem harman gutulmaz” we başgalar) döredildi. Emma şol şorta sözlerde hakykat görkezilmän, işan-mollalara garaýyş çişirilip görkezildi, olaryň üstünden nähak gülündi. Bu mysal hut Keminäniň özüne-de degişli. Ol hem sandan galan garyp, gülkä öwrülen adam bolmandyr.
Türkmen şorta söze baý halk. Türkmen şorta sözlerine agraslyk, durmuşa ýakynlyk mahsus. Olar toslanyp tapylan däl-de, halkymyzyň tebigatyndan syzylyp çykan şorta sözlerdir. Şonuň üçinem türkmen şorta sözleri halkyň durmuşyny, tanymal adamlaryň içki dünýäsini, iň esasy-da adamlaryň ruhuny götermekde ähmiýete eýedir.