WEZIRGALA (rowaýat)

Gadym zamanda, bir şäheriň şasy goşuny, serkerdeleridir top-tomgusy bilen uzak saparly awa çykarman bolupdyr. Şa ugramazynyň öňüsyrasy wezirini ýanyna çagyryp: “Men dolanyp gelýänçäm, galanyň daşyna şeýle bir berkitme gur! Oňa top-tomgy täsir etmesin. Guş gelse ganatyndan, at gelse toýnagyndan gyrylýan bolsun. Gepiň keltesi, hiç bir ýagy alyp bilmez ýaly berk çarbag bolsun! diýipdir.

Wezir şanyň hökümine dessine düşünipdir. Şanyň buýrugyny berjaý etmedik adama dar agajynyň garaşýanyna belet wezir şany ugradandan işe girişipdir. Ýurduň ýedi ýaşlysyndan ýetmiş ýaşlysyna çenli ähli raýaty galanyň gurluşygyna çekilipdir. Şadan gorkan wezir zabunlykda ýetjek derejesine ýetipdir. Gijä galany, ýaramadygy diriligine pagsa arasyna salypdyr. Gör, nije adam pagsa arasynda galyp, bu dünýä bilen hoşlaşypdyr. Ahyry gala gurlup gutarylypdyr. Galanyň daşyna bolsa, garym gazylyp, suw goýberilipdir.

Birnäçe wagtdan soň şa awdan dolanyp gelipdir. Ýöne galanyň adamlary derwezäni açmandyr. Wezir çapar iberip, gala özüniň häkim bolandygyny mälim edipdir. Şa gazap atyna münüp, bolmajasyny bolupdyr. Leşgerlerine serenjam berýär, top-ýaragy tükelläp, uruş tebilini kakypdyr. Galanyň içinde wezir goşuny, daşynda şa goşuny. Wezir goşuny ýokardan ot saçýar, daş atýar. Şa goşuny aşakdan top atýar. Agyr söweş bolýar. Şa goşuny ykjam ýaraglanan, özem weziriňkiden ep-esli köpmüş. Ýöne weziriň goşuny az sanly bolsa-da, olary daşly diwarlar örän ygtybarly gorapmyş. Ahyrynda şa ýeňilipdir. Onuň boýnuna ýüp salyp, weziriň ýanyna getiripdirler. Wezir weli, öňküsi ýaly, oňa baş egip, salam beripdir: “Tagsyr, hoş geldiňiz! Hökümiňizi ak ýürekden ýerine ýetirendirin. Ine, tagtyňyz, ine-de galaňyz. Eýe boluň!” diýip, özüni ýere goýberipdir.

Şa öz gözüne ynanmandyr. Wezir: “Eger şeýle etmedik bolsam, meni dardan asardyňyz. Galany hiç kişiniň alyp bilmejekdigini size subut etdim” diýip, sözüni soňlapdyr. Ine, şondan soň şanyň permany bilen weziriniň gurduran galasyna «Wezirgala» diýipdirler. Bu Wezirgalasy Daşoguz welaýatynyň Sarygamyş kölüniň kenarynda gurlan galadyr.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR