Pasly baharlarda seýrana gitsek,
Tükenmez ýollaryň bardyr, sen çölüň!
Üstüňde ýaýlaýyp, myrada ýetsek,
Lälezar gülleriň bardyr, sen çölüň!
Türkmeniň göwni ýaly giň, sahawatly we jomart Garagum sährasynyň waspyny edýän bu setirleri nusgawy şahyr Seýitnazar Seýdi galdyrypdyr. Awçylaryň elmydama höwesi, çarwalaryň göwün telwasy, üstünde boz marallar, keýikler gezip, baharda il paýy bolan süýdi, gatygy, sargandyr peýniri çarwadar illere peşgeş berýän sahy sähranyň ençeme ýazyjy-şahyrlar tarypyny ýetiripdirler. Behişdi türkmen topragyna, selinli-sazakly, çerkez-çetili Garagum sährasyna ak çabgalary, göçdüm-gondum oýnaýan bulutlary, toý nagarasyny ýada salýan gök gümmürdisi bilen ýene-de kükräp, joşup bahar geldi. Ol mylaýym ýelleri, ilkinjije ýaz gülleri, ösümlikleriň düýbünden paşyrdap galan gyrtyçlary bilen gol bulap, myhmançylyga çagyrýar. Ýaza teşne ýürekler ýowşan ysly sähra sary telwas edýär. Asyrlarboýy Garagum sährasynyň ýuwa-ýelmiginden, üzärligidir çopantelpeginden haýyr tapan halkymyzyň göwün islegi öňňin hormatly Prezidentimiz bu ýerde iş saparynda bolanda, ýene-de bir gezek ganatlandy. Türkmen topragynyň her bir dal-daragtyny, ot-çöpüni derman saýýan Gahryman Arkadagymyzyň sähra ösümliklerine üns berip, ol baradaky ylmy maglumatlary aýtmagy halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň göwnüni göterdi. Berdaşly goja ýaly berk sazak sähranyň bezegi. Ony halkymyz durşy bilen derde derman hasaplaýar. Hormatly Prezidentimiz sazagyň tüssesiniň adamyň nerw ulgamyny rahatlandyrmakda ähmiýetiniň uludygyny aýdanda, pähimdar halkymyzyň danalyk ýörelgeleri ýene-de bir gezek taryhyň gatyndan çykyp, bagtyýarlyk döwrüne gaýdyp geldi. Gyş paslynda ak öýleriň gelşigi bolan ojaklarda labyrdap ýanýan sazagyň ysyndan güýç-kuwwat alan türkmeniň şol sebäpli-de jany sag, bedeni berk bolupdyr. Halkymyz hele-müçük ýoňlamany, dümewi üzärlik, çopantelpek, sazak... ýaly ot-çöpleriň üsti bilen bejeripdir. Şahyryň: «Közli bolar sazak ody, sazly bolar köňül şady...» diýşi ýaly, sazagyň közünde lasyrdap gaýnan tüňçe çaýynyň däri-dermanlyk häsiýetine näme diýersiň! Çaý käsesine bir tokga gowurdak atyp, gömme çörek bilen säherlik edinen çopan-çolugyň, heý, onsoň golaýyna syrkawlyk gelermi?! Yzyndan hem guşdyrnak gök çaýdan bir çäýnegini içer. Maňlaýyndan bolsa burçak-burçak der dökülip durandyr. Ol ýöne bir der däldir, onki süňňüni saplap, bilini berkidýändir. Gahryman Arkadagymyzyň ata-babalarymyzyň sazagy halk lukmançylygynda giňden ulanandygyny belledi. Çaga bir zatdan gorkanda, sazagyň küli suwa garylyp içirilipdir. Sazagyň püri ýokanç keselleri aýyrmakda ähmiýetlidir. Sazak püri suw bilen garylyp içirilende, içegelerdäki ýokançlary ýok etmäge ýardam edipdir. Häzirki günlerde hem sazagyň külüniň diňe bir dermanlyk häsiýetleri belli bolman, eýsem, ol himiýa senagaty üçin ýerli çig mal bolup hyzmat edýär. Halkymyzyň öňde-başda sazakdyr selin, çerkezdir çeti ýaly gum ösümliklerine aýratyn üns berendigini halk döredijilik eserleriniň üsti bilen hem bilmek bolýar. «Garybyň çerkeze gidişi» atly türkmen halk ertekisinde günemasyny odun satyp aýlaýan zähmetsöýer adamyň bir tokga gyzyl tapyşy beýan edilýär. Bu mysalyň Garagum sährasynyň haýyr-sahawaty bilen baglanyşygy uludyr. Ýurdumyzyň çäginiň esasy bölegini tutýan Garagumuň üsti-asty hazynadyr. Çägesiniň düzüminde ýyldyraşýan zerrejikler yhlas etseň, bu ýerden tokga-tokga altyn-göwher alyp boljakdygyna güwä geçýär. Ýagşy pälli, köp çagaly halkymyz sazakdyr çerkez ýaly berk, ýaýrawly bolmagyny arzuwlap, perzentlerine Sazak, Gandym, Ojar, Çerkez... ýaly sähra ösümlikleriniň atlaryny goýupdyrlar.
Garagum sährasyna sapary döwründe milli Liderimiz türkmen topragynda bitýän dagdan agajy barada aýdyp, ýüreklere rahatlyk paýlady. «Dagdanly taýmaz» diýýän halkymyz bu agajyň kerem-keramatyna berk ynanýar. Gadym döwürlerden bäri agaç ussalary dagdan agajyndan dürli bezeg heýkeljiklerini ýasaýarlar. Tumar, ýylanbaş, iňňebagjyk görnüşli şeýle heýkeljikler görmegeý gelin-gyzlaryň boýunlaryna, çagalaryň tahýalaryna, egin-eşiklerine berkidilýär. Gözellerimiziň nepis el işlerine, çaga sallançaklarynadyr arabajyklaryna dagdandan ýasalan nyşanjygy dakmak bilen gözden-dilden goraýarlar. Howlularyň derwezesinden bilek ýogynlygyndaky dagdan agajy bir desse üzärlik bilen häzirki döwürlere çenli asylyp gelinýär. Ulugyzlaryň, ýaş gelinleriň, bäbejiklerden başlap ähli ýaşdaky ýigitleriň boýnuna alajadan geçirilip, dagdandan ýasalan heýkeljigiň asylmagy bu agaja bolan sarpanyň alamatydyr. Ene-mamalarymyz uzak ýola ugran iner düýeleriniň, bedew atlarynyň boýnuna dagdandan ýasalan heýkeli ýogyn alaja bilen berkidip, ýagşy niýet edipdirler. Il arasyndaky «Dagdanly taýmaz» diýen rowaýata görä, bir okumyş adam töweregindäkileriň synagyndan geçmek üçin üsti ýükli ineri agdarmak isleýär. Ner düýe bir aplygjak ýaly bolýar-da, ýene-de ýoluny dowam edýär. Şonda danalaryň biri: «Baryp görüň, ineriň bir ýerinde dagdan bardyr» diýenmiş. Dananyň pikiri dogry çykypdyr. Dagdan agajynyň ynsany we malgarany daşky täsirlerden goraýandygyny aýtmak bilen hormatly Prezidentimiz halkymyzyň apalap biziň döwrümize ýetiren milli ýol-ýörelgeleriniň ýene-de bir gezek arzysyny artdyrdy.
Müňlerçe ýyllap tebigat bilen sazlaşykda ýaşan türkmen halky elmydama gözelligiň goragynda bolupdyr. Bahar paslynda al-elwan güller açylyp, ýaýlalar parç bolanda, dürli derman ösümlikleri ýygnap, zerurlyk ýüze çykanda dert-mähnetden saplanypdyrlar. Yryl-syryl bolup ýören adamy bahar paslynda tebigata çykaryp, ýuwadyr ýelmik, teredir selme, çomuçdyr göýül ýaly dermanlyk otlar bilen bejeripdirler. Sökel adamyň göwni açylyp, elinden çekilen ýaly bolup, sagalyp gidipdir. Sähra ösümligi bolan selinden tamdyr ýasamak, ýylgyn püri bilen daşyny suwamak, içinde mele-myssyk çörek bişirmek bilen jan saglygy gazanylypdyr. Tamdyrtowa garyşyp gelen dermanlyk ösümlikleriň şypaly ysy bilen çörek bişirýän türkmen zenanynyň golaýyna hiç mahal näsaglyk gelip bilmändir.
Hormatly Prezidentimiziň alabaharda Garagum sährasynda iş saparynda bolmagy halkymyzyň tebigaty goramak, tokaýçylygy ösdürmek, şeýle tapylgysyz hazynany geljekki nesillere ýetirmek baradaky tämiz duýgulary ýene-de bir gezek güýçlendirdi. Biziň her birimiz tebigatyň perzendi. Ýowşan ysly, al-elwan gülli, mahmal sähralar bolsa biziň seždegähimiz.
Ogulbeg JUMAÝEWA,
“Nesil” gazeti,
19.03.2020ý.