Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda binagärlik sungaty boýunça ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde ýörite hünärmenler taýýarlanylýar. Ýaşlar halypa mugallymlaryň degerli maslahatlaryny alýarlar, binagärlige degişli edebiýatlary özleşdirýärler, ýörite taslamalary taýýarlap, binagärligiň inçe tilsimlerini öwrenýärler. Milli binagärlik sungatymyz hakynda gürrüň etsek, Gutlug Timuryň minarasy, Törebeg hanymyň gümmezi ýaly taryhy ymaratlarymyzyň binagärlik aýratynlyklary göreni haýrana goýýar. Şol däp bagtyýarlyk döwrümizde hem mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ak binalaryň hatary günsaýyn uzap gidip otyr. Şol gurulýan desgalaryň her biri binagärligiň ähli talaplaryny ödemek bilen, millilik äheňlerine ýugrulandyr.
Biziň esasy maksadymyz hem binagärlikde döwrüň ýeten üstünliklerini gadymy milli däplerimiz bilen utgaşdyrmakdan ybaratdyr. Çünki binagärlik sungatynyň öz gözbaşyny ilkidurmuş adamsynyň guran ýöntemje jaýyndan alyp gaýdýandygy aýdylýar. Müňýyllyklardan bäri şol jaý özgerip, kämilleşip, biziň günlerimizdäki gözel görnüşlere eýe bolýar, ýagny sungat derejesine ýetýär. Bu senediň sungat derejesine ýetmeginiň mysaly hökmünde hem ýokarda agzan taryhy binagärlik nusgalarymyzy görkezmek bolar. Türkmen topragynda beýik-beýik binagärler ýaşap geçip, taryhyň şanly sahypalaryna şan goşan, bütin dünýäni haýrana goýan täsin ymaratlary gurupdyrlar. Şol binagärlik däplerini döwrebap nusgada dowam etdirmek, ony ýaşlara ýetirmek bolsa, biz — mugallymlaryň paýyna düşýär.
Talyp ýaşlarymyz binagärlik gurşawynyň bezegi, binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenilişi, binalaryň içki we daşky dizaýny ýaly ugurlar boýunça bilimlerini artdyrýarlar. Olar arhitekturany, gurluşyk sungatynyň taryhyny, binagärligiň görnüşlerini içgin öwrenýärler. Sebäbi binagäriň esasy işi binanyň ähli talaplaryny, aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, gözellik bilen utgaşdyryp, onuň çyzgysyny taýýarlamakdyr. Maglumat tehnologiýalarynyň ösen häzirki döwründe bu mümkinçiliklerden giňden peýdalanýan talyp ýaşlarymyz taslama işlerini kompýuter arkaly ýerine ýetirýärler. Milli däplerimiz bilen sazlaşdyrylyp taýýarlanan taslamalarda binanyň daşky keşbine, umumy görnüşine, içki bezeglerine mahsus milli nyşanlarymyz aýratyn orun tutýar. Çünki hünäre söýgi öz gözbaşyny Watana bolan söýgüden alyp gaýdýar. Ata Watan, ene toprak biziň ähli başlangyçlarymyzyň gözbaşydyr.
Binagärlik ugrundan ýörite hünärmen hökmünde belläp geçsek, her bir işiň öz şertleri, düzgün-kadasy bolýar. Şol şertler berjaý edilende, iş öňünde goýan maksadyna ýetýär. Şundan ugur alsak, binagärlik sungatynyň hem ýaşaýyş, jemgyýetçilik, önümçilik binagärligi diýen ýaly görnüşleriniň bardygyny bellemelidiris. Bagtyýarlyk döwrümizde hem bu ugurlar boýunça ajaýyp binalar gurlup, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyna oňaýlylygy, zähmet çekmäge amatlylygy bilen tapawutlanýar.
Ýeri gelende bellesek, geljekki bina ilki binagäriň özboluşly pikirlerinden döräp, onuň binagärlik keşbi döredilmelidir. Şol binagärlik keşp boýunça gurluşykçylar işe girişýärler. Muny binagärligiň birinji zerur şerti hasaplasak, gurluşyk işiniň örän sazlaşykly guralmagy binagärligiň ikinji şerti bolup durýar. Taslanan binany gurmak üçin gurluşyk harytlaryny dogry saýlap almak hem binagärligiň üçünji şertidir. Binagär bilen gurluşykçynyň işi sazlaşanda, sungat derejesindäki bina döreýär.
Bize zähmet çekmäge, milli binagärlik sungatymyzy bütin dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredipa berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Pirmuhammet BAÝJIKOW,
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
26.03.2020ý.