WATAN

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň www.yashlar.gov.tm internet web-saýtynda Milli bahar baýramy mynasybetli “Mirasym bar – sarpam bar” ady bilen geçirilen döredijilik bäsleşiginde saýlanan eserleriň biri:

WATAN

Ösüşleriň bedew batly,

Bagta sary ýoluň Watan.

Arkadagyň saýasynda,

Bagtyýardyr iliň Watan.

***

Garagumy gursagynda,

Hazary bar tirseginde,

Derýalary sol-sagynda,

Belent dagly biliň Watan.

***

Kakyp ýazda gök depregin,

Ýagmyr ýagan bu topragyň,

Kokusy deý erem bagyň,

Müşki anbar gülüň Watan.

***

Güllerden alnan boýagy,

Joşa getirer ýüregi,

Türkmeniň ýüzniň tuwagy,

Dünýä belli halyň Watan.

***

Bezeg berip boz meýdana,

Gezer munda ner, arwana,

Şypa bolan il derdine,

Taýsyz düýe çalyň Watan.

***

Gözel mekan jennet kybap,

Ýaz damjasy misli gülap,

Şähdiň açar ýüziň sypap,

Säher öwsen ýeliň Watan.

***

Jennet görkün görmek islän,

Saňa gelsin Türkmenistan.

Ýazsaň azdyr müň bir dessan,

Läle sagy-soluň Watan.

***

Ösüp diýar galka-galka,

Bagty gülüp bakdy halka,

Il-gününe dagdan arka,

Merdi-merdan ogluň Watan.

Seýitmämmet BERDIMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

                                                     

 

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR