WATANYŇ DEŇIŇDE...

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň www.yashlar.gov.tm internet web-saýtynda Milli bahar baýramy mynasybetli “Mirasym bar – sarpam bar” ady bilen geçirilen döredijilik bäsleşiginde saýlanan eserleriň biri:

WATANYŇ DEŇIŇDE...

Taryhynyň owazasy ýaňlanýar,

Belentde ýaňlanýar sazy elinde.

Bagtdan paýly ykbalyna diň salýar:

Watan ýokdur şu Watanyň deňiňde,

Başym egýän ýaşyl Tuguň öňünde!

***

Gaýry nama eşidilmez dahandan,

Batyrlyk bar belent senaň heňinde.

Men artykmaç zat idemen jahandan,

Watan ýokdur şu Watanyň deňiňde,

Başym egýän ýaşyl Tuguň öňünde!

***

Ykbaly göterlen illeri bilen,

Deň goparyn, galaryn men belende.

Joşaryn täleýiň gülleri bilen,

Watan ýokdur şu Watanyň deňiňde,

Başym egýän ýaşyl Tuguň öňünde!

***

Saprasy arzyly gadym taryhyň,

Är dogum bar onuň dymma ýaňynda.

Şu toprak diýp öten alym-aryfyň,

Watan ýokdur şu Watanyň deňiňde,

Başym egýän ýaşyl Tuguň öňünde!

***

Men bir sak saýýadyň, men bir esgeriň,

Saňa goşgy-gazal şirin dilimde.

Toprak meniň seždegähim, mesgenim,

Watan ýokdur şu Watanyň deňiňde,

Başym egýän ýaşyl Tuguň öňünde!

Garahanjar BAÝHANOW,

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, esger.

Öňki makala

WATAN

Indiki makala

WATANYMA

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR