Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň www.yashlar.gov.tm internet web-saýtynda Milli bahar baýramy mynasybetli “Mirasym bar – sarpam bar” ady bilen geçirilen döredijilik bäsleşiginde saýlanan eserleriň biri:
BITARAPLYK MEKANYM
Göz görejim, serde jygam, özgerişler ýeňşe dowam,
Arkadagly diýarymda beýik işler bagta rowan,
Berkarardyr baky bahar, melhemdir güneşli howaň,
Gursagymda buýsanjym sen, Bitaraplyk mekanym.
Soňlanmajak aýdymym sen, bagtyýarlyk mukamym.
***
Garaşsyz Türkmenistanym, dünýä dolan belent ady,
Duýulýandyr ösüşleriň ümzüginde bedew bady,
Arzuwlany pederleriň, il-günümiň göwün şady,
Şygra salyp söýdügim sen, Bitaraplyk mekanym.
Gollarymda tüýdügim sen, bagtyýarlyk mukamym.
***
Garagumda kerwen gurar Beýik Ýüpek ýollaryň,
Paýtagtym ak mermer bürän, gözel sagu-sollaryň,
Bahar gelse ilime reýhan açar gollaryň,
Pasly-ýazlar gözeldir, Bitaraplyk mekanym,
Hoşzybanda gazal sen, bagtyýarlyk mukamym.
***
Ala baglaň atynandyr egne elwan begresin,
Gyşda ýagýar akja garlar bezär daglaň degresinl,
Türkmen ilim toýa barýar bedew atyn segredip,
Döwri döwrandan zyýada, Bitaraplyk mekanym
Tarypa ýetmez syýa-da, bagtyýarlyk mukamym.
Gözel Umarowa,
Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Gazojak şäheriniň ýaşaýjysy.