Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň www.yashlar.gov.tm internet web-saýtynda Milli bahar baýramy mynasybetli “Mirasym bar – sarpam bar” ady bilen geçirilen döredijilik bäsleşiginde saýlanan eserleriň biri:
HALKYMYZYŇ ÝÜZÝYLLYKLARYŇ DOWAMYNDA KÄMILLEŞDIREN MELHEMI — ÝÜZÄRLIK
Gelip çykyşyny taryhyň çuň gatlaryndan alyp gaýdýan türkmen halky baý medeni-mirasy, şöhratly geçmişi, diňe özüne mahsus özboluşly edim-gylymlary bilen beýleki milletlerden tapawutlanyp durýar. Biziň ata-babalarymyz öz nesillerine uzak asyrlaryň dowamynda kämilleşdiren nepis halylaryny, dünýäde atlaryň iň arassa ganly tohumy bolan ahalteke bedewlerini,ynsanyň iň wepaly dosty bolan, edil adam deý duýgur alabaýlary, öz içine her bir döwrüň şatlygu-gaýgysyny siňdiren ajaýyp bagşyçylyk sungatyny miras goýupdyrlar. Şeýle miraslaryň hatarynda asyrlarboýy kämilleşen halk tebipçiligini-de goşmak mümkin. Ozaldan biziň ata-babalarymyz dürli keselleriň öňüni almakda we olary bejermekde türkmeniň güneşli tebigatynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň kömeginden giňden peýdalanypdyrlar. Şol halk tebipçiliginde bolsa ýüzärligiň aýratyn orny bar. Ýüzärlik gadym wagtlardan bäri diňe bir melhemlik hökmünde däl, eýsem, gözden-dilden goraýan häsiýetli ösümlik hökmünde-de türkmen durmuşynda möhüm orun eýeläpdir. Ata-babalarymyz ony täze jaýa göçülende, gelin alyjy toýlarda kejebe geleninde tütetmek däbini uzak wagtdan bäri dowam etdirip gelýärler. Şeýle-de ony öýleriň işiginde asyp goýmaklyk hem milletimiziň asylly däbine öwrülipdir. Türkmen halkynyň şanly taryhyna, medeni-mirasyna, däp-dessurlaryna uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyz hem 13-nji martda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy işinde aýratyn orun berlen ýüzärligiň adam saglygyna peýdasy barada şeýle durup geçdi: «Häzirki döwürde Türkmenistanda lukmançylygyň nyşanynda ýüzärligiň şekiliniň ýerleşdirilmegi tötänden däldir. Ol türkmen halk tebipçiliginde we ylmy lukmançylygynda köp sanly keselleriň öňüni almak we olary bejermek babatda giňden ulanylýar.»
Elbetde hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly milli gymatlyklarynyň bir bölegine öwrülip, milletimiziň halk tebipçiligi bilen bir hatarda däp-dessurlaryna-da çuňňur aralaşan bu ösümligiň peýdaly taraplary diýseň kän. Sözümiz gury bolmaz ýaly şolardan käbirlerini mysal getirsek.
Ýüzärlik toýunly çägesöw toprakda ösýär. Ol topraga ýyly gidip ugraýan ýaz paslynda gülleýär. Onuň gülüniň açyk sary ýa-da ak bolýar. Ýüzärlikde çöllerde, guýulara ýakynyrak ýerlerde, baýyrlarda, ýoluň gyralarynda ösýär.
Ýüzärlik dermanlyk häsiýete eýedir, ösüp oturan ýüzärligiň ýokarky bölegi orulyp alynýar we kölegede şemal çalynýan ýerde guradylýar. Halk tebipçiliginde ýüzärlik häzire çenli ýokary derejeli derman-däri hökmünde giňden ulanylýar. Ugur-ýol bilýän eli ýeňil tebipler guradylan ýüzärlikden çaý demläp, sowuklany, garaguş kesellini, böwrek agyrylyny bejerýärler. Agzy çaýkap dişagyryny, daşyndan çalyp gözagryny bejerýärler. Ýüzärligiň güýji bilen aşgazan, içege, öthalta keselleri bejerilýär.
Guradylan ýüzärligiň 100 gramyny 10 litr suwda 15 – 20 minut gaýnadyp, hasadan süzüp, 40 gradus ýylylykdaky suwda syrkawy ýuwundyrsaň, guragyra peýdasy bardyr. Alymlaryň barlagynyň netijesi şeýle görkezýär: ýüzärligiň 10 göterimli gaýnatmasy bedendäki zyýanly mikroblary gyrýar. Ýüzärlikden alynýan garmin serişdesi beýnä täsir edip, adamyň gan basyşyny peseldýär, de almasyny güýçlendirýär, içegäniň, ýatgynyň, ýüregiň myşsalaryny kadalaşdyrýar we gan damaryny giňeldýär.
Ýüzärlik türkmen halk tebipçiliginde we ylmy lukmançylykda keselleriň 50-den gowragynyň garşysyna ulanylýar. Ösümligiň dermanlyk häsiýetleri baradaky maglumatlar Abu Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary», Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň (Jürjanynyň) «Tebipçiligiň ýan kitaby» we Muhammet Hüseýniň «Melhemler hazynasy» diýen eserlerinde duş gelýär. Ýüzärlik halk lukmançylygynda «ýüzlerçe keseli» bejermek üçin ulanylýan has belli ösümlikdir. Irki wagtlardan onuň tohumyny göz kesellerinde, derlediji, soguljanlaryň garşysyna serişde, umumy gyjyndyryjy serişde hökmünde peýdalanypdyrlar. Ol çişlerde, garnyň ýellenmeginde, damaryň çekmesinde we merezýelde derman hökmünde ulanylýar. Merezýelde ýüzärligiň bişen tohumy ulanylýar, ýagny çilim edip çekilýär. Bu bejerginiň dowamlylygy – 3 4 aý. Şunda näsag berk berhiz saklamaly (turşy iýmitleri iýmek we spirtli içgileri içmek düýbünden gadagandyr). Dişiň agyranda ýüzärligiň tohumy bilen gara üzümi garyşdyryp we soňra agyryly dişiňe ýapmaly. Muhammet Hüseýn Gündogar halk lukmançylygynda bu ösümligiň ulanylyşy barada şeýle ýazýar: «Ýüzärlik – näzik serişde, çyglygyň netijesinde dörän kükrek kesellerini bejerýär, ysy hem içegedäki ýeli aýyrýar; aşgazandaky we içegelerdäki ereýän hem-de goýy, iriňli massalary aýyrýar». Demgysmada ýüzärligiň 5-10 dänesini her gün 3 gezek agzyňa atmaly ýa-da olary gaýnadyp, suwuny içmeli. Oňat guradylan otunyň 1 nahar çemçesini (15 g) çaklaňrak jama salyp otlamaly. Tüssesine özüňi tutmaly, jamyň üstüne egilmeli, tüsse daşary çykmaz ýaly üstüne bir zat atmaly. Şu bejeriş usuly sowuklamadan dynmaga kömek eder. Asgyrma we burun dykylma dessine aýrylýar. Ýüzärligiň owradylan otunyň 1 nahar çemçesini (15 g) 2 bulgur (400 ml) gaýnag suw salnan syrçaly gabyň içine atyp, 10-15 minutlap pessaý ýanýan otda gaýnatmaly, hasada süzmeli. Emele gelen peti endamyňa çalsaň düwürtikli ýaralary, demrewi aýyrýar. Zäherli mör-möjekler çakanda ösümligiň otunyň bir çaý çemçesini (5 g) ýenjip ýapmaly. Ýüzärligiň 200 gram owradylan otuny 10 litr gaýnag suwda 10-15 minutlap saklamaly. Soňra hasa bilen süzmeli. Emele gelen jöwhere suwa düşünseň bogunlardaky guragyry köşeşýär. Bu jöwher demrewi we beýleki deri kesellerini bejermekde hem peýdaly.
Mätgurban Mätgurbanow,
«Biznes reklama» gazetiniň öz habarçysy.