Ylmy dilde «peganum harmala» diýlip atlandyrylýan üzärligiň dünýäde 6, ýurdumyzyň çäginde 1 görnüşi duş gelýär. Boýy 30 — 50 santimetre ýetýän bu köpýyllyk, otjumak ösümlik ýurdumyzyň çäginde giňden ýaýrap, onuň dikligine 4-5 metr çuňluga aralaşyp bilýän köküniň bolmagy, Güneşli Diýarymyzda, çogly Gün nuruna baý tebigatymyzda ösüp ýetişmegini üpjün edýär. Onuň düzlükler bilen bir hatarda, beýikligi 2800 metre ýetýän daglarda hem ösüp ýetişýändigini bellemek gerek. Ak reňkli, täsin gülleri bilen türkmen topragyna bezeg berýän bu ösümlik aprel aýynyň ahyrynda, maý aýynyň başynda gülläp, iýunda miweleýär. Tylla güýzüň ahyrynda bolsa tohumy ýetişýär.
Ösümligi käbir arap ýurtlarynda göwnüçökgünlige (depressiýa) garşy, Merkezi Aziýa ýurtlarynda bolsa, ýokanç keselleriň öňüni almakda, ruhy kesellerden saplanmakda peýdalanypdyrlar. Bu ösümligiň peýdasy barada Abu Aly ibn Sinanyň, Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň işlerinde hem duşmak bolýar. Üzärlik türkmen halk tebipçiliginde hem, lukmançylykda hem giňden peýdalanylyp, onuň ençeme kesellerden saplamakda peýdasy uludyr. Köneler aýtmyşlaýyn, bu şypaly ösümlikde müň bir derdiň emi bar. Keremli türkmen topragynda dermanlyk gory ýeterlik bolan bu ösümlikden we onuň tohumyndan taýýarlanan dermanlyk serişdeleri dürli keselleri bejermekde giňden ulanylýar. Keseli bejereniňden onuň öňüni alanyň has ýagşydygy bellenilýär. Hut üzärligiň esasy aýratynlyklarynyň biri hem, onuň keselleriň, zyýanly wiruslaryň ýaýramagynyň öňüni alýandygydyr. Esasan hem, ony tütedeniňde emele gelýän goýry ak tüsse dürli keselleriň, zyýanly wiruslaryň ýaýramagynyň öňüni alýar.
Altyn REHIMGULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
“Nesil” gazeti,
28.03.2020ý.