XX asyryň ýetmiş birinji ýylynda ýazyjylaryň maşgalasyna jaý paýlanyldy. Aşgabat şäheriniň ozalky Lahuti köçesinde ýerleşýän bu jaý iki gatly, kottej görnüşli, aýratyn howlulydy. Bolgar gurluşykçylarynyň yhlas siňdirip, kerpiçden sünnäläp guran, üýtgeşik ymaratynda ýaşamak nesip edenler haýal-ýagalsyz öý goşlaryny çekdiler.
Durmuş hajatlarynyň hemmesi bilen üpjünlenen binada täze ýurda göçüp gelenlerden Türkmenistanyň halk ýazyjylaryndan Haldurdy Durdyýew, Rahym Esenow, Baýram Jütdiýew, tanymal ýazyjy-şahyrlardan Sapargeldi Annasähedow, Täşli Gurbanow, Näzik Annatyýewa, sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory, professor Guwanç Kerimi dagynyň maşgalalary otuz üç ýyl duldegşir goňşulykda ýaşadylar.
Döwletli ojakda kemala gelen ýazyjy-şahyrlardan Baýram, Annaberdi, Hasymguly, Arap, Täşli Gurbanowlaryň iň kiçisi şahandazlykda bütinleý üp-üýtgeşikdi. Maşgala dabaralarynyň şowhun-şagalaňlarynyň bezegidi, soltanydy.
Çagalaryň nobatdakylarynyň doglan günlerinden golaý-goltum gatnaşýanlaryňdyr dostýarlar habarlydyr. Toý desterhany giňden ýazylýardy, beýle dabara hem, heý, aýdym-sazsyz geçýärmi? Täşli Gurban gapydan ýylgyryp girer-de, törde özüne garaşýan ýumşak düşekde ornaşan dessine diwara söýelgi dutary goluna alyp, nusgawy aýdymlaryň bir çetinden girip ugraýardy, şirin saz, ýakymly owaz degre-daşyny gurşanlary bir kökene kökerýärdi. Kalplary gozgalaňa salýan, özüne bendi ediji labzyň täsirinden tolgunmakdanmy, begençdenmi, guwançdan, nämedendigi özüňe mälim däldir, göz owaň bulduraýandygyny duýmaýardyň.
Nusgawy nagmalaryň süýek-süňňüňi elendirýänleriniň telimsini gözelliklere gurşadyp oturyşyna olaryň göwünleri ganatlandyryp, sonarly sähralara seýran etdirişine haýran galýarsyň.
Isle, nusgawy, hala, döwrebap köňül nagyşlary bolsun, onuň gory egsilenokdy. Degişgen, märekeman, öýkünmäge ökde Täşli gazak, hindi aýdymlaryny dutarda olaryň agyn özleri bolup, ýerine ýetirýärdi weli, diňleýjileriň haýran galmaklaryndan ýaňa joşgunly gülküleri içerini göçürere getirýärdi.
Kalby joşgunly şahs şindiki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň uçurymy «Türkmenistan» neşirýatynda işe girişip, çeper eserleri redaktirlemek bilen içgin meşgullanýar. Aradan onçakly salym geçmänkä, Türkmenistanyň häzirki Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň şol mahalky Merkezi komitetiniň sekretarynyň biri bolup, özüne berkidilen ulgama guramaçylykly, talabalaýyk ýolbaşçylyk edýär.
Ol döwrüň kada-kanunlaryny göwnejaý ýöretmekde, ýaşlary zamananyň ruhuna kybap terbiýelemekde, olaryň ahlak, ruhy taýdan kämilleşdirilmeginde, önümçiligiň maýaklary bolmaklaryny gazanmakda, durmuş bilen bir hörpden gopmaklarynda göze gelüwli işler bitirýär. Onuň köpçülik bilen işleşmäge ukyplylygy, hoşgylawlygy, ýolbaşçylyk başarjaňlygy, polady ýumşaklygy, mahmal häsiýeti, gaýry gowy gylyklary köpüň göwnüni awlaýar. Çünki jogapkärli wezipesine, gulluk borjuna ak ýürekden hyzmat edýändigine synlaýjylaryň syny oturýardy.
Zandy ylahy ylhamly, kalby joşgunly ýigit şol zamanda ýaşajyk okyjylarynyň her sanyna sabyrsyzlyk bilen garaşýan «Mydam taýýar» gazetiniň baş redaktoryka hem, çeper edebiýat muşdaklarynyň «Edebiýat we sungatyň» bahym gelmeginiň ýoluna intizar neşiriniň ähli garamatyny merdana gerdeninde göterýärkä hem, talapkär okyjylaryna her aýda bökdençsiz ýetirilýän «Türkmenistanyň kommunisti» žurnalynyň syýasy, ideýa sagdynlygyna şar gara saçyna wagtyndan ir gyraw düşüren belent başy bilen jogap berýärkä hem tebigy doga durkunda üýtgeşiklik duýdurman, nusgawy zähmet çekmegiň asyl nusgasyny görkezýärdi.
Şadyýanlyk onuň hemişelik hemrasydy. Aýdyma hiňlenmelimi, tans etmelimi, gamak deý gopup, pyrlanmaga ýüz ýygrykdyrmazdy. Jogapkärçiligi özüne ýetik şonça wezipä baştutanlyk edip, nijeme işgär bilen işleşýärkä, kimdir birine sesiniň äheňini üýtgedeni ýa gatyrganany eşidilmeýärdi. Hemme bilen umumy dil tapyp, jogapkärli wezipäni döwrüň talabyna laýyk ýöretmegi oňarýardy, hötdesinden aňryýany bilen gelýärdi.
Durmuşda edil ýagşylygyň alamaty ýalydy. Güler ýüzlülik nurana meňzine ýaraşyk berýärdi. Keşbiniň salyk ýa-da tutuksy çaglaryna gabat gelnenokdy. Ýanýoldaşy Amanşeker bilen üç döwletbaşy bilen bäş göwünhoşuny il hataryna goşuşlaryna höwes edilýärdi. Görmäge göz gerek salykatly perzentlerini görýänleriň gözleri gidip, «Tüwelemelerini» ýetirýärdiler.
Täşliniň zyýat zehini dyňzap durdy. Dutar çalanda, aýdym aýdanda hem şol kysmydy. Saz çalanda, Mylly agadan tälim alandygy bes-bellidi. «Humaralany» çalanda, Nury Halmämmet «Berekellasyny» ýetirip, arkasyna kakýardy. «Mylly aganyň bäri ýanyndan gaýtdyň. Ýogsam, bu sazy beýik ussadyň özünden özge çalyp bilýän ýokdy».
Hindistanda bolanda, aýdymy olaryň öz dillerinde ýerine ýetirende, hindistanly doganlarymyz buýsançlaryny saklap bilenokdy. «Siz-ä Raj Kapuryň edil özi. Keşbiňizem meňzäp dur». Ýerli ilatyň içki guwançlaryny gürrüldili el çarpyşmalar al-asmana göterýärdi.
Görnükli sungat işgäri, kompozitor Ata Esadow bilen ysnyşykly işleşip, aýdym köküni döretdi. Aýdymçy şahyrdan hoşallygy ýaşulynyň diliniň senasydy: «Özi aýdym-sazdan oňat baş çykaransoň, onuň goşgularyna saz ýazmakda hiç kösenmeýärdim. Şeýlelikde, men Täşli Gurbanowyň şygyrlarynyň 70-den gowragyna saz ýazdym. Olardan «Dört örüm saçly», «Maral», «Gözel», «Gözleri humaý», «Eý, zülpütar», «Sähra gözeli», «Lälejan», «Çynar ýarym», «Ejeme», «Körpe jigim» ýalylary radioda, teleýaýlymlarda häli-şindi ýaňlandyrylýar. Täşliniň sözlerine döredilen ilhalar aýdymlarym üç kitapdan ybarat edilip, neşirýatda çapdan çykaryldy, köpçüligiň dykgatyna ýetirildi. Teatrlarymyzda sahnalaşdyrylan pýesalarynyň sazlary hem meniňkidir».
Onuň durmuşda özüni alyp barşy deýin döredijiligi hem nusgalykdy. Hekaýalarydyr powestlerini dessan okaýan deý eliňden goýasyň gelenok. «Ýaz damjalary» (1962), «Tylla ýüzük» (1964), «Sary gül» (1967), «Uzak ýyllar» (1970), «Torgaý» (1978), «Armanym» (1984) kimin kyssalaryny il-güne peşgeş etdi.
«Jynly çäýnek», «Söýgi tejribesi», «Daça», «Ýürek ody», «Dört ýürek», «Heläkçilik» mysaly pýesalaryny öz goýnuna siňdiren «Gara saçlarym» kitaby teatr söýüjileriň dykgatyna hödürlendi.
Milli edebiýatymyzyň altyn hazynasynda mynasyp orun eýelän giň göwrümli, şahyrana döredijiligi bilen unudylmajak yz goýan, eserleri sütünlik, jöwher zehinli ýazar kino sungaty bilen hem ysnyşykly aragatnaşykdady. Kinofilmleri türkmen diline geçirmekde işjeňdi. Milli kinofilmlerimiziň köpçülikleýin sahnalaryna gatnaşýardy. Režissýor Öwlüýäguly Kulyýewiň «Keçpelek» atly çeper filminde Berdimyradyň dosty bolup oýnamagy onuň köpgyraňly ukybynyň aýdyň güwäçisidi.
Ylahy ylhamy jylawyndan çekdirmeýän, Hakdan içen kalby egsilmeýän, joşgunly meşhur şahsyýetiň şondan soň döredijilik eserleri, mahmal ýaly şygyrlary bilen ikinji ömri dowam etdi. Onuň:
Aýdym bilen indim ýagty jahana,
Aýdym bilen bu jahandan giderin...
— diýen setirleri bolsa bakylyga sapyp gitdi.
Eýsem, bu goşa setiriň oraşanlygyna düşündiriş bermäge bognuň neneň ysjak?! Sözleri nädip, nireden, neneň-niçik tapjak?! Diýmek, Taňrynyň berýän her gününde ýürekdeşlikden sag-amanlyk soraşan mährem Täşli Gurbanow Alla tarapyn berlen egsilmez ylhamdan özge halatly hem ekeni. Şoňa görädir, döwet galamyndan kemala gelen, daşa ýazylan deýin köptaraplaýyn döredijiliginiň elden düşürilmän okalýandygy, aýdymlarynyň ürç edilip diňlenilýändigi. Türkmen aga şu zeýilli eý görýän zürýatlaryny hergiz unutman, kalplarynyň jümmüşlerinde mizetmän saklaýar.
Baýrammämmet TÄÇMÄMMEDOW,
“Nesil” gazeti,
04.04.2020ý.