TÜRKMEN ALABAÝY — YNSANYŇ WEPALY DOSTY

Hormatly Prezidentimiziň döwet galamyndan çykan kitaplary türkmen halkymyzyň hemişelik ýankitabyna öwrüldi. Milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitaby hem halkymyzyň söýüp okaýan eserleriniň biridir. Ata-babalarymyzdan nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize miras galan milli ýörelgelerimizi, özboluşly gymmatlyklarymyzy, gaýtalanmajak ajaýyplyklary döwrebap derejede dikeldýän hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň müdimilik buýsanjyny doly derejede dünýä ýaýmak, olaryň iň gymmatly taraplaryny açyp görkezmek baradaky aladalary «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp eserinde öz beýanyny tapýar. Ylmy esasda doly öwrenilmäge mynasyp bolan türkmen alabaýynyň taryhy, gelip çykyşy hem-de häzirki wagtda olaryň durmuşdaky orny baradaky wakalary, ajaýyp söhbetleri, hekaýalary özünde jemleýän bu gymmatly eseriň maňzynda uly ruhy güýç bar. Köpasyrlyk taryhy döwrüň dowamynda halkymyzyň ruhy gymmatlygyna öwrülen alabaýlar hakynda eser döretmek milli mirasymyzy has-da içgin öwrenmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Hormatly Prezidentimiz kitapda itler bilen baglanyşykly gyzykly rowaýatlary, halk gürrüňlerini mysal getirýär. Kitap arassa tohumly alabaý itleriniň seçgiçilik usullaryna, olar bilen baglanyşykly taryhy we arheologik tapyndylar baradaky maglumatlara, diliň çeperçilik serişdelerine, gyzykly rowaýatlara baýdyr. Onda türkmen alabaýlarynyň idedilişi, ýetişdirilişi baradaky maglumatlar, geçmişde ýaşap geçen görnükli şahsyýetleriň türkmeniň bu hüşgär iti dogrusyndaky aýdan sözleri okyjylarda uly gyzyklanma döredýär. Bäş bölümden ybarat bolan bu kitapda halkymyzyň itleri ösdürip ýetişdirmekdäki we milli mirasymyzy aýawly saklamakdaky tejribesi çeper hem-de täsirli beýan edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu kitaby nesilleri milli gymmatlyklara hormat goýmakda, watançylyk ruhunda terbiýelemekde we ýaşlaryň kitaba, gadymy gymmatlyklarymyza bolan söýgüsini ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.

Bu ajaýyp kitapda Gahryman Arkadagymyz alabaýlaryň irki döwürlerden bäri adamzada ýoldaş, wepaly dost bolandygyny gadymy rowaýatlary mysal getirmek arkaly anyk teswirleýär. Şeýle-de kitapda daşary ýurt alymlarynyň, ýazyjylarynyň, itşynaslarynyň alabaý itiniň has gadymdan gaýdýan arassa ganly tohum itleri bolup durýandygy, olaryň batyrlygynyň gaýtalanmajak nusgalyk häsiýete eýe bolandygy barada öz ýazgylarynda inçeden yzarlamaklary, milli mirasymyza tutuş dünýäde uly gyzyklanma bildirilýändigi hakynda hem nygtalýar.

Umuman, hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda it bilen baglanyşykly maglumatlar kän. Milli Liderimiziň türkmen, rus, iňlis dillerinde çap edilen gymmaty egsilmejek, ruhy hazyna bolan bu eseri aýratyn hem ösüp gelýän ýaş nesiller üçin bahasyz gymmatlykdyr.

Atajan BAÝRAMOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

“Nesil” gazeti,

16.04.2020ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR