Ýaşlara bir sözüm bar
Türkmen maşgalasynda gaýyn-gelniň gatnaşyklary şol öýüň agzybir, bagtly ýaşamagynyň söýesidir. Gelniň gaýynenesini sylamagy, enäniň-de öz gezeginde gelnini perzentleriniň biri ýaly sarpalamagy gatnaşyklary berkidýär. Her bir ene ogly dünýä inen pursadyndan başlap, ony öýermegi, gelinli bolmagy arzuw edýär. Durmuş toýlaryna barsa, täze gelni ýüzüne sylýar. Perzendine mynasyp gelniň duşmagyny arzuwlap gezýär. Ahyry ogly ýigit çykyp, toý tutulýar. Gyzyň hossarlary, maşgalasynyň edep-tertibi soralyp-idelýär. Duldegşir goňşulary, bile işleýän işdeşleri, synpdaşlary we ýyldaşlary gyzyň häsiýeti, hünäri, edep-terbiýesi barada dogry we anyk jogap berýärler. Sebäbi bu sogaply işde dogry sözlemek gudaçylyk gatnaşyklarynyň uzagyndan bolmagynyň delili bolýar. Gyz akylly, hünärli, eli işli, edep-terbiýeli bolsa, hyrydary köp bolýar. Gadymy ata-babalarymyz şol sebäpli-de «Gyza geler kyrk kişi, alyp gider bir kişi» diýipdirler.
Toý sowlandan soň, gelniň synag döwri başlanýar. Atasy öýünde oňat terbiýe alan, hünär öwrenen gyz gaýyn öýünde kösenmeýär. Ol buýrulan ýumuşlary birkemsiz ýerine ýetirýär. Nahar bişirmegi, gap-gaç ýuwmagy, öýüň arassaçylyk işlerini ýeňillik bilen ýerine ýetirýär. Milli tagamlary taýýarlamagy, gaýynlaryna hyzmat etmegi öz borjy hasaplaýar. Ýöne täze gelin bu işleri bilýänem bolsa, käteler ýaýdanyp duruberýär. Onuň hem sebäbi bişirjek naharynyň maşgala agzalary tarapyndan nähili garşylanjagy ony ikirjiňlendirýär. Şeýle ýagdaýlarda ol baldyzynyň ýa-da ýüwürjisiniň üsti bilen gaýynenesinden soramagy we onuň bilen maslahatlaşmagy özüne kiçilik bilmeli däldir.
Gelniň her bir işde gaýynenesini maslahatçy tutunmagy abraýyny artdyrýar. Ýaşynýan bolsa-da ýuwaşlyk bilen ýaşmak astyndan maslahat soramagy gaýnyna goýulýan hormat-sarpany aňladýar. Şeýle häsiýetler enäni begendirýär. Ol gelninden minnetdar bolýar. Köpçüligiň arasynda gelniň tarypyny ýetirýär. Ýaş gelin arassaçylygy, işeňňirligi bilen özüne hormat gazanýar. Myhmansöýerlik, açyk ýüzlülik, pespällik ony bezeýär. Şeýle mähriban gatnaşyklar gelniň perzentleriniň dogry terbiýelenmeginde hem oňat ýardam edýär.
Ýaş çagaly döwri gaýynenesi oňa ýakyndan kömek berýär. Çaga terbiýesinde ýeterlik tejribesi bolan ene öz bilýän zatlaryny öwredýär. Çagany nähili geýindirmeli, näme bilen iýmitlendirmeli, ene süýdüniň ähmiýeti barada gaýnynyň salgy beren ýollary ýaş gelne uly goltgy bolýar. Ol çagasyny kösenmän, sagdyn ösdürýär.
Gaýynenesi bilen ylalaşyp, sylaşyp ýaşaýan gelin elmydama arkaýyn bolýar. Ol işde, toý-märekede, köpçülik ýerlerinde bolandada, çagasynyň eýelidigine göz ýetirip arkaýyn bolýar. Atasy öýüne gidende, yzyndan arkaýyn bolup, oturyp-turup bilýär.
Gaýynene hem öz ejeň ýaly, arzyly zenanlaryň biridir. Onuň sähelçejik göwni bar. Gelin öz päk zähmeti, öýüne, ýanýoldaşyna bolan yhlasy bilen ony begendirip bilýär. Hoş sözleri aýtmak, el işleriniň üsti bilen hormat-sylagyňy bildirip durmak gaýynenäni bagtyýar edýär.
Ýanýoldaşyň bilen agzybir ýaşamak bolsa maşgala gatnaşyklarynda esasy sütünleriň biridir. Pederlerimiz: «Äri är edýänem, gara ýer edýänem aýaldyr» diýipdirler. Düşünişip ýaşamak, gitjek ýerleriň, etjek işleriň barada maslahatlaşmak ýaş çatynjalary biri-birine mäkäm baglaýar. Bu süýji gatnaşyklar maşgalany bagtyýarlyga besleýär. Il içinde at-abraýyny, mertebesini artdyrýar. Şeýle sarpaly durmuş her bir maşgala nesip etsin!
Oguljemal AMANDURDYÝEWA,
žurnalist.
“Nesil” gazeti,
14.04.2020ý.