PAÝHASLAR DÜWÜNÇEGINDEN

Ynsanyň ömrüniň bahasy ondan nähili peýdalanylýandygyna bagly.

* * *

Ýaşamak diňe dem almak däl, ýaşamak hereket etmekdir.

* * *

Ýalňyşlyga ýüzlerçe, hakykata bolsa diňe bir ýol eltýär.

* * *

Eger çagalaryňyzdaky garagollyga nokat goýsaňyz, siz olardan hiç haçan akyldarlary döredip bilmersiňiz.

* * *

Pelsepe dünýäsine ädilýän ilkinji ädim — ynan­maz­lyk.

* * *

Okamagy bes eden adamlar pikirlenmegi hem bes edýärler.

* * *

Ýaltalar hemişe haýsydyr bir işi etmegiň kül-külündedirler.

* * *

Biziň ukyplarymyzdan başga ynamdar bolan hemaýatkärlerimiz ýokdur.

* * *

Köp adamlar özleriniň ellerinden gelmeýän zatlara ynanyp bilmeýärler.

* * *

Ynsan tebigatdan ýüz öwürse bagtsyz bolýar.

* * *

Iş — dur­muşdan lezzet almagyň iň ygtybarly usuly.

* * *

Hemişe başagaý bolan adamlar, aslynda, hiç zat etmeýän adamlardyr.

* * *

Ada­myň ýe­tip bil­jek iň uly be­lent­li­gi — haýran galmak.

* * *

Ajaýyp ussanyň ýasan ähli heýkeli ajaýyp bolman hem biler.

* * *

Biziň dünýämiz hernäçe gadymy bolsada, her bir ýaş nesil ony täzeden döretmäge mejbur bolýar.

* * *

Unutma, hatda iň inçejik saç tarjagazynyň hem kölegesi bardyr.

* * *

Käbir pessaý aýdylan sözler ullakan apy-tupanlara sebäp bolýar.

* * *

Bagyşlap bilmeýänleri bagyşlamak mümkin däl.

* * *

Ýeňijiler tötänlige ynanmaýarlar.

Toplan Mahym GELDINAZAROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.

“Nesil” gazeti,

28.05.2020ý.

Öňki makala

HER GIJÄNI GADYR BIL

Indiki makala

GÜL WE ŞEMAL (TYMSAL)

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR