«BITARAP DIÝAR: ÝAŞLARYŇ TERBIÝESINDE MILLI ÝÖRELGELER» ATLY MAKALALAR TOPLUMYNDAN
Öňňin Gahryman Arkadagymyz Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolup, kärendeçi daýhanyň galla oragyna ak pata berende, zähmetsöýerligiň, halallygyň, dost-doganlygyň ägirt uly güýjüniň bardygyna ýene-de bir gezek göz ýetirdik. Sebäbi hormatly Prezidentimiz mart aýynyň ahyrynda Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolup, ýaşulular bilen duşuşanda, ynsan arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary barada aýratyn durup geçipdi. Şonda milli Liderimiziň diňe bir türkmen ilinde däl, eýsem, goňşy sebitlerde hem söýlüp okalýan şahyr Kerim Gurbannepesowyň dostluk baradaky setirlerini ýatlamagy gojalaryň kütelişen göreçlerini ýiteltdi. Ýurt Baştutanymyz dostlukly gatnaşyklary barha pugtalandyrýan türkmen we özbek ýaşulularynyň durmuşa geçirýän işleriniň ýurdumyzyň halk hojalygynyň ösmeginde, il agzybirliginiň pugtalanmagynda, ýaşlaryň edep-terbiýesinde täsiriniň uludygyny nygtapdy. «Özüňi süýt bil, dostuňy — gaýmak» diýýän türkmen ilinde dostluk elmydama özara ynanyşmagyň, agzybirligiň we jebisligiň egsilmeýän güýjüdir.
Bürgütler daşlary gatbar-gatbar, döşleri galkan-galkan daglarda ýaşaýarlar. Daglaryň-da kert gaýalarynda. Sebäbi bu guşlaryň howalasy beýik, ruhy belent, namys-ary saýyrdyň. Olaryň awuny görende, şaglap inişi-de üp-üýtgeşik. Il içinde «Bürgüt häsiýetli adamlar bilen dost bolana Alla saýa salarmyş» diýen bir gürrüň hem bar. Şeýle adamlary göreňde, hakyky ynsan sypatyna mynasyp adam gören ýaly bolýarsyň. Gepi gep ýerinde, sözi söz ýerinde. Ýamanlygy, ýaltalygy, ýallaklamagy, ýasamalygy bolmaz. Ýasawy üýtgeşikdir olaryň. Dostunyň begenjine begenýän, gynanjyna gynanýan, üstünligine guwanyp, şowsuzlygyna gyýylýan şeýle merdemsi kişiler hiç mahal dostunyň «awuna» göz gyzdyrmaz.
Iş, maşgala saýlamak, okuw, üstünlik, şowlulyk babatynda hem ol dostuna neplisini saýlar. Dostunyň bähbidi bar bolan işe ikelläp ýapyşar, peslän ýerinde goltugyndan göterer. Aýdylan syr olar üçin daşa ýazylan ýalydyr. Pygamberleriň biriniň: «Dostuň iň haýyrlysy syr saklaýanydyr» diýşi ýaly, mähek daşdyr şeýle dost, mähekdaş. Oňa öz içki syryňy, ýanýoldaşyň, çagalaryň, ataň-eneň, goňşy-golamyň bilen araňda bolan näsazlygy arkaýyn gürrüň beriber. Hiç mahal ýüze çykmaz. Eger-eger edil ýere gömlen açar ýalydyr syryň. Şol açary tapmasaň, gulp açylmaz. Ýere gömlen närseler hem aňsat tapylmaz. Dörjeläberseň, ata-babadan galan gyzylly humuň öňüňden çykaýmagy ahmal. Ýöne ýaňky syrly ýumagyň ujy welin, aňsat-aňsat eliňe gelmez. Onuň syr saklaýan mähekdaşa öwrülmeginiň sebäbi ol dostunyň bagtyny isleýändir. Ýene-de bir sebäbi ol dag bürgüdidir. Awuny her ýerde kakyp aljagyna we wysala ýetjegine gözi ýetip durandyr. Şeýle çyn dostuňa diňe bir özüňe iň ýakynlaryňy: perzentleriňi, ýanýoldaşyňy, garryja ejeňdir kakaňy, hatda gara başyňy-da ynanyp bilersiň. Ýogsa, gadymylaryň aýtmadyk sözi ýokdur. Ogluň, erkek doganyň, kakaň — erkek kişilerdir. Olary hiç kime ynanmanyň-da hem serleri dik, janlary sagka başyny çararlar. Ýöne, ynha, naçarlaryňy welin pederlerimiz diňe şu adamlara: hak kakasyna, erkek doganlaryna, ogluna hem ýanýoldaşyna ynanmagy wesýet edipdirler. Aýal-ebtady, gyz-gelni başga hiç bir ýat erkek kişiniň yzyna tirkäp goýbermegi unamandyrlar. Hatda daýy-ýegenleriňe, bajadyr körekenleriňe, doganoglanlaryňdyr dolananlaryňa... hiç birisine göze görnen ýaşajyk gyzlary, gül-gunça ýaly ýaş gelinleri, garrylyk müçesine ýetmedik zenanlary ynanyp, uzak ýola ibermändirler. Ýöne haçan-da gep bürgüt häsiýetli dosta ýetende welin, diňe bir naçarlaryny däl, eýsem, janyny-da ynanypdyrlar. Sebäbi dag bürgütleriniň ho-ol görünýän kert gaýalarda höwürtge tutunyp, onuň içinde hem bir ýa iki, juda köp bolanda üç sanyjak gyzyletenäni kemala getirişi ýaly, messebini, edep-ygraryny, göwün köşgüni hem diňe hulky alan ýeke-täk bir adama bagyşlaýandygyna göz ýetiripdirler. Ine, şeýle bürgüt häsiýetli dosty bolan adam arkalydyr. Ol islendik meselede dostuna ynanyp biler. Şeýle ygrarly ýoldaş synaglarda synmaz, gaýalarda gaýmaz, typançakda taýmaz, ýüküňi menziliňe ýetirer.
Dostluk — munuň özi ynsana bagyş edilen iň gymmatly peşgeşleriň biridir. «Taňrynyň güni darydan köp» diýleni. Ýaşap ýörseň aýlar-ýyllar kerwen gurap şol geçip dur. Ol günleriň arasynda gowusam bar, erbedem. Şowlusam bar, şowsuzam. Käteler durmuşda garaşylmadyk ýagdaýlar ýüze çykyp, hasap edeniň däl-de, nesip edeniň bolaýýar. Şeýle ýagdaýlarda ilki bilen ýüzüňi görüp, halyňy soraýan hakyky dostuňdyr. Ol seniň şowsuzlygyň sowulýança bile bir ýoldan ýöräp, ýeke goýmaz. Ejizlän ýeriňde egniňden galdyrar. Sen hiç kime ynanyp bilmedik syryňy oňa dökersiň. Käwagt ýürek syryňy iň ýakynlaryňa hem aýdyp bilmän, düwnüp durýan ýerleriň az däl ahbetin. Ejeň mähribanyňa aýtsaň, ýüregi gyýyljak. Doganyňa syryňy söýleseň, aladasy artjak. Saňa düşünere perzentleriň hem entek ýaş. Beýlekilerem näme, jany aýry bigäne-dä. Şeýle ýagdaýlarda çyn dostuň bilen bir çäýnek çaýyň başynda ikiçäk oturyp, içiňi dökersiň welin, edil üstüňden agyr ýük düşürilen ýaly bolaýar. Sen oňa iň pynhan syryňy hem ynanyp bilersiň. Şeýle dost janyň ujudyr. Onuň ýerini hiç kim tutup bilmez. Ony ýitireniňde bolsa ömrüň bir bölegini ýitiren ýaly bolarsyň. Onuň aýdan her bir sözi gulagyňdan gitmez. Bir görseň, ol saňa «Gelnejelerimiň gowusy», «Geliň, iç döküşeliň!» diýip ýüzlenýän ýalydyr. Bir seretseňem, ulumsyrak, içki gözellige däl-de, daşky ýaldyr-ýuldura üns berýänräk adamy görende «bizlik däl» diýip, mähribanlyk bilen ýylgyryp durandyr. Onuň hiç hili sözsüz, diňe gözleriniň üsti bilen töwerekdäki «howany» düşündirip bilşi, çendan sypaýylygy, il göwnüni görüp, öz islegine çyzyk çekişi, iň esasan hem, öz başyna agyr iş — dag daşlary ýaly owranmaýan, demirgazyk buzy ýaly hiç bir mähir-mylakata eremeýän agyr dert düşende hem, birjik-de «wah» diýmän mertlik bilen çekişi, gaýtam «Bu-da bir Allanyň synagydyr-da» diýip, göwünlik berşi bir pursatlyk hem ýadyňdan çykmaz. Şeýle dost özüniň bürgüt häsiýetleri bilen ölmez-ýitmezdir. Elbetde, ol kysmatyň öňünde kaýyllyk bilen boýun bolsa-da, ömri dowamlydyr. Özi baradaky nurana ýatlamalarda, zehin düründen dörän ylahy ylhamlarynda onuň ikinji ömri ýaşar. Şeýle dosty ýitiren adam puşman edip aňyrsyna çykyp bilmeýär. «Näme üçin onuň ugrunda togalanmadymkam?!», «Näme sebäpden sökelligini bilsem-de öňüne düşüp, ylgamadymkam?!» diýip özüni örteýär. Ýöne haýp, geçen günleri yzyna dolap bilmersiň. Ol nurana hem-de gaýtalanmaz günler edil agyzdan çykan sözi yzyna alyp bolmaýşy ýaly, geçip gidendir. Edil wagtyň suw kimin akyp gidişi ýaly gidendir. Şol sebäpli-de çyn dostlaryň bar wagty hormat-sylag, üns-alada, sowgat-peşgeş bilen begendirip, hoşwagt edip durmaly. Çünki dana Keý-Kowsuň aýdyşy ýaly, «Ýagşy dost kişä döwletdir».
Ogulbeg JUMAÝEWA,
“Nesil” gazeti,
18.06.2020ý.