Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasynyň miwesi bolan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda: «Taryhyň dowamynda bina edilen türkmen döwletleriniň soltanlarynyň kuwwatly güýje eýe bolmagynda, olaryň pähimli netijä gelip bilmeklerinde hem eneleriň täsiriniň bolandygyna men ynanýaryn. Peder ýörelgelerinde: «Jennet — eneleriň dabanynyň aşagyndadyr» diýilýär. Kowusnamada bolsa: «Eý, balam, akyl esasyndan bilginki, ata-enäniň hezzet-hormatyny boýnuňa almak zerur, çünki perzendiň asly ata-enedir. Näme üçin ata-enemi hormatlaýarkam diýmegin. Bilgin, olar seniň üçin janyny pida etmäge taýýardyr... Eger her bir perzent akylly we dana bolsa, ata-enä hormat goýmalydyr. Ata-enäniň işi seni ulaltmak, saňa ýagşy gylyk öwretmekdir» diýen jümleler bar. Bu bolsa örän baý taryhy bolan we asyrlaryň gatlarynda orun alyp, biziň günlerimize çenli gelip ýeten milli terbiýe mekdebiniň durmuşymyzyň ähli döwürlerinde hem, maşgala gurşawy bilen berk baglanyşykly bolandygyny görkezýär. Ene — maşgalanyň, edep-terbiýäniň, geljekki döwrebap şahsyýetleriň ösüp ýetişmeginiň, jemgyýetiň işjeň agzalarynyň kemala getirilmeginiň esasyny dörediji.
Häzirki zaman terbiýesiniň gözbaşynda bolan eneler we olaryň maşgala gurşawyndaky edep-terbiýäniň alnyp barlyşyna gatnaşyklary hem milli kökleriň çuňluklaryndan gözbaş alýar. Muny nusgalyk saýýan enelerimiz durmuşymyzda ojagymyzyň eýeleri, nesilleriň dowamat-dowam bolmagyndaky ýeke-täk gudratdyr. Ene perzent ýetişdirýär, ol perzendine topragyny, ýurduny, ilini-gününi, Watanyny goramagy ilkinji bolup öwredýän ynsan. Ene diýlende, mähir-muhabbetiň iň ýakymlysy, ukusyz geçirilýän gijeleriň pidasy bolan, balasynyň üstüne ganatyny gerip, onuň barmagyna tiken batmagyna-da dözmeýän ýeke-täk üýtgeşik ynsan göz öňüňde janlanýar. Ene öz eziz balasynyň durmuşynyň her bir pursadyna şol hamraklygy bilen şärik bolýar. Terbiýede hem enäniň yhlasyna we güýjüne daýanmak maşgala terbiýesini öz akymyna goýbermezligiň ilkinji şerti. Dürli tehnologiýalaryň elýeterli bolan häzirki döwründe-hä enäniň maşgala terbiýesindäki orny has-da ýokarlanýar — indi ene öz çagasy bilen has ýakyn, has netijeli gatnaşykda bolmaly, ynanyşykly, hoşgylaw gatnaşygy ýola goýmaly.
Ene mähri çagany köp görnüşli täsirlerden gorap biler. Ogul-gyzyň kämillik ýaşyna ýetenden soň, asylly işleri edip, il-günüň derdine ýaramagy, halkyň ýokary bahasyna mynasyp bolmagy, durmuşda abraý-mertebeli bolup, maşgala ojagyna abraý getirip, maşgalanyň jemgyýetdäki sylag-hormatyny geljekki nesillere ýetirmegi — bular enäniň hyzmatydyr. Bu bolsa jemgyýeti kemala getirýän her bir maşgalanyň berk binýatly bolmagyny, sagdyn jemgyýeti şertlendirýär.
Geljekki maşgala ojaklarynyň eýeleri bolan gyzlarymyzyň edepli-ekramly, jemgyýetiň işjeň agzalary bolup ýetişmeginde mährem enelerimiziň örän uly orny bardyr. «Oturşy-turşy edaly» türkmen gyzlarynyň maşgala durmuşyna taýýarlanylmagynda-da enäniň eýeleýän uly orny ykrar edilendir. Halkymyz öz döreden pähimlerinde enäniň gyzy terbiýelemekdäki ýokary ähmiýetli jogapkärçiligini durmuş bilen baglanyşyklylykda aňladypdyr. «Enesini gör-de, gyzyny al, gyrasyny gör-de — biýzini», «Ýagşy ene ýagşy gyza görelde». Şeýle ýörelgeleri çelgi edinen mährem enelerimiz geljekki durmuşyndaky ýüze çykaýjak gatnaşyklaryndaky edep kadalaryny gyz çagalaryň edebine-terbiýesine siňdirýär. Ene durmuş eleginde elenen milli duýgy-düşünjesini eziz perzendine öwüt-ündew bilen geçirýär. Enäniň kalbyndan syzylyp çykýan, onuň ak süýdüne siňdirip, balasyna geçiren terbiýe ýörelgeleri, tutuş mähremlige eýlenen ruhy dünýäsi millilige ýugrulandyr. Hut şonuň üçin-de, döwrebap ýaşlary halkymyzyň geçmişine, medeni we edebi mirasyna, däp-dessurlaryna, edim-gylymlaryna hormat-sarpa bilen garamak ruhunda terbiýelemegiň berk binýadyny döretmek zerur bolup durýar.
Milli garaýyşlara üns bersek, beýleki halklardan tapawutlylykda, türkmen eneleriniň ahlak ýörelgeleriniň taryhy köklerinde ruhy gymmatlyklara has uly ähmiýet berendikleri belli bolýar. Durmuşda çaganyň maşgala şatlygyny döredýän tapylgysyz ornuna örän uly baha berlip, «Çagaly öý bazar...», «Bal süýji, baldan bala süýji» diýse-de, milletimiz «Çaga eziz — edebi ondanam eziz» diýen ýörelgä has ykjam uýýar. Elbetde, ene üçin çagadan eziz, özlerine «altyn aşyk» diýdiren gymmatlyk, maşgalada ykbal kesgitleýji we durmuşa söýgi dörediji başga bir näziklikden ýasalan çeýe bir güýç ýokdur, emma şeýle-de bolsa, durmuşymyzyň düzgüni — maşgalanyň tertipliligi mertebe belentligi hasaplanýar. Şol mertebe belentliginiň döremeginiň köklerinde ýene-de ene mähremligi, irginsiz zähmeti, ukusyz geçiren gijeleriniň ejiri we ýene-ýeneleri orun tutandyr. Aslyýetinde, maşgalany jemgyýete, çagany durmuşa ykjam taýýarlamakda enäniň ornuny tutup biljek başga bir güýç ýokdur. Ene mydama öz balasynyň bilimli-terbiýeli bolmagyny, ussatlara, ýagşy niýetli adamlara uýmagyny, güýçli we durmuşa berk taýýarlykly bolup ýetişmegini arzuwlaýar. Şeýle arzuwlar ene hüwdülerine-de siňdirilendir:
Aýlanar-a, aýlanar,
Toýluk unuň elener.
Meniň gara göz balam
Gowulykda bellener.
Başga-da:
Aýlar gyzym almaly,
Aýda dokar bir haly.
Halysynyň kenary
On barmagynyň hünäri.
ýaly ençeme setirler enäniň ýürek arzuwlaryndan düzülendir we hüwdi bilen aňymyza ornandyr. Hüwdiniň mähribanlygy, ýakymlylygy, enäniň ak arzuwlaryna beslenendigi barada hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Hüwdi bilen çaganyň aňyna ornaýan mähribanlyk onuň kindiwanja ýüreginde ýagşylygyň indi şinelemeli dänesidir. Mähriban käbämiň hüwdi aýdýan pursatlaryny diňläsim gelýär. Belki, ynanmarsyňyz, ýöne uly adamlaryň hem şeýle arzuwy bolup bilýär ahyry. Hüwdüde aýratyn ýakymlylyk, mähir bar. Dünýäde iň kämil döredilen eser «ene hüwdüsidir». Sebäbi onda ýürek arzuwlary ýaşaýar». Bu arzuw-telwaslaryna eýlenen hüwdüler, şol bir wagtyň özünde-de, öwüt-ündewlerdir. Şol öwüt-ündewler ene ýüreginiň çawudyr. Ene mähriniň ýaýran giňişliginde, maşgalada ata-babalarymyzdan miras galan ýörelgelere, nesil terbiýesine ummasyz uly üns gönükdirilendir. Enäniň mähir paýlap oturan ojagynda, belli bir gurşawyň çäklerinde emele gelýän maşgala terbiýesi örän asyllydyr hem çylşyrymlydyr. Muny düşündirmek däl-de, diňe ene bolup duýmak mümkin. Ene ýaşaýşy dowam etdirijidir. Ene dowamatdyr, ene dowamdyr. Sagdyn durmuş ýörelgelerini, maşgalanyň, çagalaryň beden we ruhy taýdan sagdynlygynyň ýokary derejede dowam etmegini, jemgyýetiň sagdynlygynyň üznüksizligini gazanmak üçin, ilkinji nobatda, mährem enelerimizi ezizlemegimiz we şeýle duýgyny asylly däp hökmünde geljekki nesillerimize geçirmegimiz gerek, çünki Gahryman Arkadagymyzyň ýüreginden syzdyryp belleýşi ýaly: «...Eneleriň öz perzentleriniň görnükli adam bolup ýetişmeginde uly orny eýeleýändigini hiç kim inkär etmez». Görnükli şahsyýeti terbiýelemegiň hötdesinden gelmegi başarýan maşgaladyr. Jemgyýet bolsa elmydama ösüşiň täze basgançaklaryna tarap batly gadamlar, aýgytly ädimler bilen öňe gider.
Gülşirin MUHANOWA,
“Nesil” gazeti,
16.06.2020ý.