Iňňe bilen sungat, pil bilen zähmet döreden halkyň aýtgysy-da, aýdymy-da, öýdümi-de üýtgeşik. Zandyna zähmete bolan söýgi, hünäre, kesp-käre bolan uçursyz yhlas siňen bu gadymy aýtgyny ýurt Baştutanymyzyň Balkan welaýatynda iş saparynda bolup, oba zähmetkeşleri bilen duşuşanda aýtmagy ösüp gelýän ýaş nesillerimize berilýän zähmet terbiýesini güýçlendirmegi ýene-de bir gezek ýatlatdy.
Perzendini janyndan hem eziz görýän halkymyz iňňe bilen işlemäge gyzjagazlary ýaşlykdan taýýarlapdyrlar. Gyzjagazlaryň gurjakgoş oýnamagyndan başlap, çagalyk döwrüniň hezilliklerine ýaş eneleriň ilki özleri kiçijik köýnejikler, tahýajyklar tikmek, ýakajyklaryny nagyşlamak arkaly many çaýypdyrlar. Gözellik uly-kiçi hemmäniň höwes edýän zady. Gurjajygynyň egnindäki ýakasy nagyşlyja köýneginiň öz köýnejigi bilen, «pökgüje», «gülgunça», «alagowurdak» ýaly ýönekeýje nagyşlarynyň ýakajygyndaky nagyşlar bilen sazlaşmagy ýaşajyk kalby gozgalaňa salypdyr. Onsoň ojagaz aýagynda «jorajygyny» hüwdüläp oturyşyna, ejesiniň çekýän ajaýyp keşdelerine täsirlene-täsirlene iňňedir ýüwsä, ýüpekdir sapaga maýyldygyny, höweslidigini duýdurypdyr. Şeýdip gözellikden gözleriň gandyrylmagy, nusgalyk işleriň edilmegi bilen gyzjagazlar 10-11 ýaşyna ýetip, iňňäniň özüne we töweregindäkilere zyýan ýetirmeli däldigine doly göz ýetirenden soň, eline iňňe berlipdir.
Eneler öz gyz perzentlerine, ilkinji nobatda, ýyrtygy dogry tikmegi, depjeme, ýörmeme, bassyrma ýaly tikiniň ýönekeýje görnüşlerini öwredipdirler. Tikiniň bu görnüşleri milli egin-eşikleriň haýsy biri tikilende-de, gültahýadyr akgaýmalar, begreslerdir çabytlar, ýeňsizlerdir donlar nagşa taýýarlananda-da ulanylypdyr. Her bir zenan maşgala niýetlenen çabytlyk gyrmyzysyny ýa-da zenan köýneklerini ilki biçip, matanyň gyralaryny ýörmäp tikip, keşdelenende üpürdigi päsgel bermez ýaly taýýarlapdyr. El zähmeti bilen ýerine ýetirilýän şeýle işleriň netijesinde ýaşulularyň we erkek kişileriň geýýän donlarynyň, köýnekdir jalbarlaryň dürli görnüşleri tikilipdir. Ýanly, begeýikli, ýagyrniçlikli zenan köýnekleri, daşky lybaslary üstünden ençeme ýyl geçse-de mizemän durupdyr. Güne-ýele solsa-da, tikini sökülmändir. Şeýle işler ussatlygy talap edipdir. Ýorgan, düşekçe, körpeçe ýaly jana ýakymly öý goşlarynda dürli syrymlaryň geçirilmegi, nepislik bilen uşajyk syrdalmagy ýaşajyk gyzlaryň hemişelik gözlerinde galypdyr. Häzirki zaman ýokary tehnologiýalar bilen ýerine ýetirilýän, göni tikinlerden, depjemeden, atanakdan birjik-de kem bolmadyk şeýle tikilen eginbaşlar uzak ýyllap hyzmat edipdir. Şeýlelikde, türkmen gelin-gyzlarynyň hünär edinen tikinçilik ýol-ýörelgeleri kemala gelipdir.
Her obada diýen ýaly ýorgan tikýän we syrdaýan, gelin-gyzlaryň we erkek kişileriň daşky lybaslaryny taýýarlaýan maşgalalar bolupdyr. Olar ýorgançylar, donçular, çabytçylar, kürteçiler diýip atlandyrylypdyr. Şeýle maşgalalarda kemala gelen gyzy gelin edinmäge höwesek kän bolupdyr. Sebäbi öýde oturyp çaga terbiýelemek, biş-düş taýýarlamak, öý-içerini tämiz saklamak bilen birlikde tikinçilik hünärini alyp barmaklyk uçursyz yhlasy, işeňňirligi, galdawlygy, ünslüligi talap edipdir. Gyz maşgala iňňe tutmagy, ýüwse geýmegi öwretmek bilen hünäre taýýarlanypdyr. Tikin edip otyrkaň iňňäni nähili saklamalydygy, işiňi bitireniňden soň ýygnap goýmaklygyň ýollary öwredilipdir. Eliň aýasynyň ululygyndaky ýassyjaklar tikilip, iňňäni şoňa sanjyp goýmak kada girizilipdir. Ýüpek-sapak saklar ýaly aýratynja bukja tikilipdir. Gyzjagazlaryň eli tikine doly öwrenişenden soň, esasan-da, tikin edýän ýogyn iňňä däl-de, keşde üçin inçe iňňä doly erk edip bilensoň, keşdeçilik hünäri öwredilipdir. Läleli meýdan ýaly owadan keşdeler bolsa türkmeniň perisypat gyz-gelinleriniň dünýä gözelligine maýyllygynyň aňlatmasydyr. Ilki bilen, ýaş gyzlara kiçiräjik iş, jigilerine tahýajyk, köýnejik biçilip, keşdelemek öwredilipdir.
Amaly-haşam sungatyny öwrenijiler matanyň ýüzüne kendir, nah, ýüpek, metal sapaklar bilen keşde çekmekligiň, ilki bilen, biziň eýýamymyzdan öňki III-II müňýyllyklarda Müsürde, Wawilonda hem-de Orta Aziýada dörändigini tekrarlaýarlar. Orta Aziýa keşdeçilik sungatyny öwrenen rus alymlary bolsa, türkmen gelin-gyzlarynyň çeken keşdeleriniň başga hiç bir halkyňka meňzemeýändigini aýdyp, özbaşyna bir ugur hasaplapdyrlar. Özbek we täjik, gazak we gyrgyz keşdeleriniň biri-birine meňzeşlikleriniň köpdügini belläp, türkmeniň keşdeçilik ýol-ýörelgeleriniň örän nepisdigini, reňk sazlaşygyna baýlygy bilen akylyňy haýran edýändigini nygtapdyrlar. Beýle beýik bahanyň berilmegine uz barmaklaryndan dür dökülýän ene-mamalarymyzyň yhlasy sebäp bolupdyr. Keşde öwrenen gyzlaryň bir ýere üýşüp, bassyr oturyp, köýnek, aýak geýim, tahýa nagyşlamagy sabyrlylygy, irginsizligi kämilleşdiripdir. Gyz-gelinleriň biri-biri bilen degşip-gülüşmegi, aýdym aýdyp, gazal çekmegi şahandaz bolup ýetişmegine getiripdir. Şeýlelikde, gaýmak ýaly mylaýym, aýna kimin tekiz, bossanly lälezarlyk ýaly gözel keşdeler döräpdir. Keşdeçiligiň ösdürilip, sungat derejesine ýetirilmegi bu hünäriň ömrüni uzaldypdyr. Häzirki günlerimizde hem keşde tahýalar, ýakalar we çabytlar, ýeňsizler aýratyn bir buýsanç bilen geýilýän milli lybaslarymyzdyr. Oba gyzlarynyň, talyp ýaşlaryň boş wagtlary üýşüp-üýşüp keşde çekýän pursatlary barada eşideniňde bu sünnä sungatyň hiç mahal solmajakdygyna göz ýetirýärsiň
Daýhançylyk käri bilen meşgullanan ata-babalarymyz pil, kätmen, orak, teşe ýaly zähmet gurallary bilen ekerançylygy aňrybaş derejä ýetiripdirler hem-de ýalta, işýakmaz oglanlary terbiýeläpdirler. Oglanjyklara ýaşlygyndan pil bilen işlemegiň ýollary öwredilipdir. Bag oturdylýan döwürlerinde, otag, gazuw işlerinde olaryň gözleri pil-kätmenden gandyrylypdyr. Ilimizde pilleriň kepje, türkmen pili, ýaýbaň, iki gulakly, ýeke gulakly... ýaly dürli görnüşleriniň bolmagy ilkibaşda daýhançylygyň, binagärligiň pil bilen bagly bolandygyna güwä geçýär. Pil bilen ýaplar, aryklar, kanallar gazylypdyr. Pil bilen çukurdan laý çykarylyp, kerpiç guýmaga taýýarlanypdyr. Ýeralma, käşir, şugundyr ýaly bakja ekinleri pil bilen köwlenipdir. Pil bilen bolçulyk döredilipdir. Dana halkymyz ekerançylygy we maldarçylygy döwletli-döwranlaryň çeşmesi hasaplaýar. Daň säher bilen örüp, ekerançylyk meýdanyna çykyp, ýer depen, joýa çeken adamyň sagdyn, bedeniniň berk bolýandygyna göz ýetiren pederlerimiz oglanjyklary ýaşlykdan bu kesbe imrikdiripdirler. Olaryň yhlasly zähmetiniň netijesinde gawun-garpyzdan, gök we bakja ekinlerinden bol hasyl alypdyrlar. Guşgursak dänesi çuwallara sygman, urular gazylyp, üsti basdyrylypdyr. Bütin gyşyň dowamynda ter gök önümleri saklamagyň düzgünlerini ilik-düwme bilensoň, ýaş nesilleri tä ýaz çykýança gawun-garpyz, olardan alnan dürli önümler bilen iýmitlendiripdirler. Kak, sök, toşaplaryň dürli görnüşleri, kişde-kişmiş, gowurga, patrak ýaly beden üçin, ýaşajyk çagalaryň dişleri üçin peýdaly önümler bol bolupdyr. «Tomus depesi gaýnamadygyň, gyş gazany gaýnamaz» diýen halkymyz süňňi-süýegini zähmetiň many-mazmunyna mazaly ezipdirler. «Işlemedik — dişlemez», «Ýatan öküze iým ýok» ýaly terbiýeçilik ähmiýetli nakyllar hem zähmete bolan çäksiz söýgini oýarýar. Ýaşlygyndan eline pil berlen oglanjyklara niýetläp ýörite çaga pilleri ýasalypdyr. Ony nähili tutmaly, ýere sünjülende haýsy aýagyňda depmelidigi öwredilipdir. Ýer işlemek, joýa çekmek, bent basmak, suw ýoluny arçamak, gazy gazmak, ekin ekmek, ony otamak we suwarmak ýaly işleriň ählisinde jahyl ýigitleriň, degenek oglanlaryň elinde pil oýnapdyr.
Pil bilen ojak, guýy ýaly mukaddes närseleri gazmagy ýigitlere sargyt edilipdir. Öýlenjek ýigidi ojak gazdyryp, synagdan geçiripdirler. Şeýle synag arkaly onuň maşgalasyny, çaga-çülpelerini ekläp-saklap biljegi ýa-da elinden iş gelmän kösenjegi anyklanypdyr. Şeýle lellim, işýakmaz, elinden hünär gelmeýän oglanlar gülki astyna alnypdyr. Şu synaglaryň üsti bilen pederlerimiz zähmetsöýer, işjanly perzentleri kemala getiripdirler. Ýerden bol hasyl almagyň ugruny tapypdyrlar. Çyn daýhanlar diňe bir öz maşgalasy, dogan-garyndaşy üçin ekin ekmän, eýsem, daşary ýurtlara baldan datly gawun-garpyzlaryň we olardan taýýarlanan guradylan önümleriň dürli görnüşlerini çykarmagy başarypdyrlar. Çet ýurtly täjirler türkmen gawunlarynyň daşyny torlap, gurşuna gaplap derejeli adamlaryň, han-begleriň sargydyny bitiripdirler. Keramatly topragymyzyň bol we çogly güneşine, arassa suwuna, mahmal howasyna ezilip bişen şeýle datly önümler häzirki döwürde hem daşary ýurt bazarlarynda iň bir isleg bildirilýän datly önümler hasaplanýar. Şeýdip türkmeniň daýhançylyk ýol-ýörelgelerini daýhan ogullar dowam etdirýärler. «Ýer — hazyna, suw — göwher» diýen pederlerimiziň çagalara beren zähmet terbiýesi döwrümiziň ösendigine seretmezden dowamata sapýar.
Ogulbeg JUMAÝEWA,
“Nesil” gazeti,
20.06.2020ý.