halkymyzyň buýsanjydyr, nesillerimiz üçin milli terbiýe mekdebidir
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli mirasymyzy, geçmiş gymmatlyklarymyzy ylmy taýdan çuňňur öwrenmäge ähli şertler döredilýär. Döredilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanyp, taryhçy alymlarymyzdyr arheologlarymyz «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda iş alyp barýarlar. Ynha, Ministrler Kabinetiniň 19-njy iýunda geçirilen nobatdaky mejlisinde hem ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde geçirilýän arheologik gazuw-agtaryş işleriniň ýazky möwsüminiň netijeleri dogrusynda hasabat berlip, ozal hasaba alynmadyk ýadygärlikleriň ençemesiniň ýüze çykarylandygy we hasaba alnandygy aýdyldy. Bu bolsa bütin ylmy jemgyýetçiligi, şol sanda tutuş halkymyzy bagtyýarlyga besledi. Elbetde, bu asylly işleriň sakasynda hut milli Liderimiziň görüm-göreldesi, aladalary dur. Çünki döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly 2-nji kitabynda: «Ýadygärlikler döwürleriň şaýady, wakalaryň gözi-gulagy. Munuň şeýledigine olaryň öz medeni gatlaklarynda apalap saklaýan täsin arheologik tapyndylary aýdyň subutnama» diýip, örän jaýdar belleýär. Şeýle hem taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň nesillerimiz üçin goralyp, aýalyp saklanylmalydygyny hemişe nygtaýar. Biz hem geçmiş mirasymyzy öwrenmek, bütin dünýä ýaýmak üçin uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy gülletmek ugrunda alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Orta asyrlarda simap önümçiligi ýola goýlupdyr
Ahal welaýatynyň çägindäki Abiwerd galasynda hünärmentçilik toplumynyň goşmaça desgalarynyň üsti açyldy. Hususan-da, ownuk küýze gaplaryny bişirmek üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen iki gatly küreler we onuň bilen baglanyşykly ussahana jaýlarynyň galyndylary ýüze çykaryldy. Bu arheologik tapyndylar Günorta Türkmenistanda, has takygy, Ahal welaýatynyň dag eteklerinde orta asyrlarda zergärçilikde we lukmançylykda giňden ulanylan simabyň önümçiliginiň ýola goýlandygyna goşmaça anyk deliller bolup hyzmat edýär.
Juma metjidiniň peştagynyň asyl nusgasy dikeldildi
Balkan welaýatynyň çägindäki orta asyr Dehistanynyň Juma metjidiniň peştagyny rejelemek işleri tamamlandy. Bu metjit ХIII asyryň başlarynda iň soňky Horezm şasy Muhammet II tarapyndan gurdurylypdyr. Geçirilen işleriň netijesinde ýadygärligiň ýüz ýyl mundan ozal ýykylan ýokarky bassyrmaly bölegi saklanyp galan arhiw fotosuratlara esaslanyp, türkmen hünärmenleri tarapyndan asyl nusgasynda dikeldildi.
Täze binagärçilik nusgalarynyň üsti açyldy
Daşoguz welaýatynda ýerleşýän Köneürgenç ýadygärlikler toplumynyň düzümine girýän «Kerwensaraý» ady bilen tanalýan ýadygärlikde arheologik gazuw-barlag işleri dowam etdirildi. Geçirilen işleriň netijesinde orta asyr desgasynyň XIV asyryň ahyrlarynda ýumrulan diwarlarynyň ýüzi ajaýyp oýma nagyşlar bilen bezelen uly göwrümli bölekleriniň üsti açyldy. Häzirki wagtda türkmen hünärmenleri orta asyr binagärlik bezeglerini seljermek we rejelemek işlerini alyp barýarlar.
Rejeleýiş işleriniň 3-nji tapgyry hem geçiriler
Lebap welaýatyndaky XII asyra degişli Daýahatyn kerwensaraýynda rejeleýiş işleriniň ikinji tapgyry tamamlandy. Bu ýerde geçirilen dikeldiş işleriniň barşynda ýadygärligiň içki howlusyny gurşaýan däliziň bir bölegi we oňa ýanaşyk gurlan otaglar rejelendi. Rejeleýiş işleriniň 3-nji tapgyrynyň çäginde bu meşhur kerwensaraýyň girelge tarapynyň ýüzündäki epigrafik ýazgylaryň ylmy esasda dikeldip bolaýjak bölekleriniň rejelenmegi göz öňünde tutulýar.
Abdyllahan galasynda işler dowam etdirildi
Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň golaýyndaky Abdyllahan galasynda işler dowam etdirildi. Şol işleriň esasy maksady ХIV-ХV asyrlara degişli Merw galasynyň esasy derwezesiniň ýerleşýän ýerini anyklamakdan ybaratdyr. Derwezäniň umumy görnüşi ХIХ asyryň ahyrynda ýerine ýetirilen fotosuratlaryň toplumy arkaly mälimdir. Hünärmenler derwezäniň iki gapdalyndaky diňleriň binýatlarynyň gurluş aýratynlyklaryny kesgitlemelidirler.
Ençeme ýadygärlikler ýüze çykaryldy we hasaba alyndy
Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan guralan arheologik ekspedisiýalar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň welaýatlarynyň çäklerinde arheologik gözleg işleri hem alnyp barylýar. Netijede, ozal hasaba alynmadyk ýadygärlikleriň ençemesi ýüze çykaryldy we hasaba alyndy. Şeýlelikde, ozal Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň Döwlet reýestrinde duran ýadygärlikleriň umumy sany 1397 bolan bolsa, häzir olaryň sany 1422-ä ýetdi.
Milli mirasymyzy wagyz etmekde halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn orun berilýär
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy — ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy uly ähmiýete eýedir. Bellemeli zat, ýazky möwsümde türkmen hünärmenleri döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň esasynda bu möhüm ýoluň «Amul — Merw» bölegini wagyz etmek hem-de ylmy taýdan öwrenmek maksady bilen, bu ugurda ýerleşen birnäçe kerwensaraýlaryň taryhyny öwrenmek boýunça ägirt uly işleri ýerine ýetirdiler. Şeýle hem şolaryň çyzgylary taýýarlanyldy we surata düşürildi. Ýadygärlikleriň töwereginde gorag zolaklary kesgitlenildi. Geljekde şol ýadygärlikler ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmaga hödürleniler.
Jemleme ýerine
Şöhratly geçmişimiziň altyn sahypalaryny «sahaplap» oturyşyňa, gadymy Gündogarda meşhur bolan «Döwlet gurjak bolsaň, türkmeni çagyr» diýen aýtgy biygtyýar ýadyňa düşýär. Döwletment halkymyzyň asyrlaryň dowamynda dünýä sahnasynda gazanan at-abraýy bu günki nesillerimiz üçin milli terbiýe mekdebidir, bütin halkymyzyň buýsanjydyr. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan bu asylly işleriň giň gerimler bilen dowam etdirilmegi, dünýä ýaýylmagy diňe bir geçmişimiziň şöhratly sahypalaryny däl, eýsem, bagtyýarlyk döwrümiziň bedew batly ösüşlerini hem giň jahana buşlaýar.
Kakajan ÇARYÝAROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby,
“Nesil” gazeti,
23.06.2020ý.