«Milli oýnum – buýsanjym» atly döredijilik bäsleşigine
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
Geljegimiz bolan çagalarymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmak, kämil edep-terbiýe, bilim bermek berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimizi we döwletimizi ösdürmegiň ýoludyr. Biz bu ugurda merdana halkymyzyň ruhy hem-de ahlak ölçeglerine laýyklykda kemala getiren berk hem-de kämil maşgala gatnaşyklaryny, watanyny, il-gününi, halkyny ýüregi bilen söýýän, süňňi sagat, ýokary ahlakly nesilleri terbiýelemekdäki milli ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýäris.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda sport ulgamynda hem uly üstünlikler gazanylýar we belent sepgitlere ýetilýär. Gazanylýan üstünlikler dünýä jemgyýetçiligi we halkara guramalary tarapyndan ykrar edilýär. Esasy bellemeli zatlaryň biri-de, häzirki döwürde sportyň dürli görnüşleri bilen bir hatarda biziň milli oýunlarymyza hem aýratyn uly üns berilýär. Ata-babalarymyzyň dünýä medeniýetinde diňe bir ýaşaýyş-durmuş şertlerine laýyklykda milli ýörelgeleri, däp-dessurlary, edim-gylymlary däl-de, eýsem milli oýunlary hem döredipdirler. Adamlaryň ruhy we beden ösüşinde uly orun tutýan halkymyzyň döreden milli oýunlary ähli döwürlerde-de öz ornuny ýitirmedi. Halk tarapyndan döredilen bu oýunlar gymmatly terbiýe ulgamy bolup, şu günler hem terbiýäniň özeni hasaplanlýar. Biziň ata-babalarymyzdan miras galan milli oýunlarymyz asyrlar boýy dowam edip gelýär. Bu babatda beýik akyldar Magtymguly Pyragyny filolog, psiholog hem pedagog hökmünde göz öňüne getirip bolar. Onuň “Nahana geldiň”, “Joşa ýetdiň”, “Ýaşynda”, “Don gerek”, “Jana ýetdiň”, “Düşen günlerim” atly goşgularynda bir, bäş, on ýaşy öz içine alýan döwürler hem aýratynlykda häsiýetlendirilýär. Akyldaryň düşündirişine görä, çaga dünýä inen döwründen mekdep ýaşyna çenli bolan aralykda fiziologik we psihologik taýdan özgerýär, dürli oýunlar arkaly özara ýaryşyp türgenleşýär, bedenlerini berkidýär, ýagşy bilen ýamany parhlandyrmagy öwrenip başlaýar diýip belläp geçýär.
Biziň ata-babalarymyz şahsyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek maksadynda çagalar üçin köpsanly oýunlary oýlap tapypdyrlar. Dürli ýerlerde ugur tapmak, çakgan bolmak, güýjüňi we çalasynlygyňy artdyrmak ýaly adaty endiklerden başga-da, oýunlar çagalarda zehini hem-de ruhy-ahlak häsiýetleri, erk-islegi, maksada ýetmekde tutanýerliligi, üşükliligi döretmäge, toparyň düzüminde umumy dil tapmak hem-de sazlaşykly hereket etmek başarnygyny kemala getirmäge gönükdirilendir. Halk oýunlary milletimiziň döreýşiniň şaýatlary bolup durýar diýsek öte geçdigimiz bolmaz, onuň taryhy bäş müň ýyla barabar döwri öz içine alýar. Şonuň bilen birlikde, çagalar ulalyp, eýýäm ýetginjekler oýunlaryna gatnaşypdyrlar, olaryň alamatlaryny “aw-şikarlary” wagtynda görmek bolupdyr. Olar harby okuwlary ýadyňa salyp, ýaragly atlylardan ybarat bolan dürli toparlaryň özara hereketleri özleşdirilipdir.
Oýunlar çagalaryň içgin aragatnaşygyny-da üpjün edýär. Birek-birege hormat-sylag duýgusyny ösdürýär. Ýaş nesil bir-birleri bilen ýakynlaşýar, olarda ýoldaşlyk gatnaşyklaryny ösýär, dostlaşýar. Elbetde, hemme çagalaryň işjeňligi, başarnyklary, ukyplary birmeňzeş bolmaýar. Şeýle çagalaryň köpçülige goşulmagynyň, olaryň köpçülik bilen berkleşmegini oýun arkaly amala aşyrmak ýeňil bolýar. Şeýlelikde, oýunlar çagalaryň öz aralarynda bir-birine düşünip, ylalaşykly gatnaşyk etmeklerini kadaly ýola goýmaga-da kömek edýär. Mysal üçin, “Aýterek-Günterek” oýnuny alyp göreliň . Oýna gatnaşjak islendik çagalar iki topara bölünýärler. Her toparyň çagalary biri-biriniň ellerinden tutup, biri-birlerine bakyp, uzyn iki hatara düzülýärler. Her topar özüne han saýlaýar. Bu bolsa çagalarda özara gatnaşygyň we dost-doganlygyň ösmegine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.
Türkmeniň beden kuwwatlylygyny talap edýän milli oýunlary bilen başa-baş söweş sungaty aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmen göreş söweşiň sungata taýýarlaýan oýunlaryň biri bolmak bilen hereket kämilligini hem talap edýär. Alymlaryň subut etmelerine görä, göreşe irki döwürlerden başlap, harby sungatyň aýrylmaz bölegi hökmünde seredipdirler. Başa-baş söweşiň emelleri, ýaý atmak hem–de gylyçlaşmak sungaty bilen utgaşykly alnyp barylypdyr. Türkmen çagalary ýaşlygyndan başlap göreşiň käbir emellerini elde özleşdirmäge ukyply bolupdyrlar. Göreş boýunça il içinde adygan pälwanlar hersi öz ýanynda birnäçe şägirtleri ýetişdiripdirler. Şol bir wagtyň özünde ýaşy bir çene baran köne batyrlar ýaş ýigitlere ýumruklaşmak we gylyçlaşmak sungatyny öwredipdirler. Netije-de, halypa-şägirtlik ýoly kemala gelipdir.
Akyl-paýhas meselesi dürli döwürlerde islendik jemgyýet üçin hem wajyp hasaplanypdyr. Akyl-paýhas adamzadyň, olaryň arasyndaky dürli we köptaraply gatnaşyklaryň kadaly alnyp barylmagynda esasy orun eýeleýär. Ata-babalarymyzyň nähili sypatlary (gylyk-häsiýetleri) özünde jemleýän adama akylly – başly adam diýýändikleri barada görnükli pedagog alym G.Pirliýew şeýle belleýär : “Halk pedagogikasy akyllylygyň esasy alamatlary diýip, adamyň bilimlidigine, düşbüligine, parasatlydygyna, öz öňünde dogry we güýç ýeter maksatlar goýup, olara ýetmegi başarmagyna, synçylygyna, paýhaslylygyna, daşyny gurşaýan hakykata dogry baha bermek we onda dogry hereket etmek ukybyna, ahlak kämilligine, her bir ýagdaýdan baş çykaryp bilmek başarnygyna, ony durmuşda gerek bolan bilimleriň zerur mukdarynyň bolmagyna we olary maksadalaýyk ulanyp bilşine, öz bilimini birsyhly artdyryp durmagyna, ýatkeşligine düşünilýär”. Alym pedagogyň sanap geçýän başarnyklaryny ýaş nesilde kemala getirmegiň aladasyny ata-babalarymyz irgözinden edip başlapdyrlar. Munuň üçin ulanylýan dürli terbiýeçilik serişdeleriniň arasynda oýunlara-da uly orun berilýär. Çagalaryň akyl taýdan ösmeklerinde olaryň oýnan oýunlary esasy orny eýeleýär. Aýratyn hem „Düzzüm“, „Küşt“, „Bäşdaş“, „Bir towuk soýdum, näçesi gerek ?“ we beýleki ş.m. oýunlar oglan-gyzlaryň pikirlenşini, ýatkeşligini, düşbüligini, akyl-paýhaslylygyny, matematiki düşünjesini ösdürmekde oňaýly ýardam edipdir.
Aslynda adam durmuş örküni diňe mukaddeslikde görýär. Mukaddes işler hem ynsan ömrüni beýgeldýän zamanasydyr. Ýurdumyzda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işleriň ählisi-de mukaddesdir. Ine, şeýle işleriň biri-de sport ulgamynyň ägirt uly tutumlarydyr. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda uly-uly gurluşyklara ak pata berýär. Şol toplumlaryň içinde sport bilen meşgullanmaga uly mümkinçilik berýän desgalar uly orun tutýar. Her bir gurulýan mekdepde we çagalar bagynda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga örän uly mümkinçilikler döredilýär.
Türkmen halky ozalynda çaga terbiýesine we onuň durmuşda kämil adamlar bolup ýetişmeklerine aýratyn üns berip gelýän halk. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp geljegimiz bolan çagalar hakyndaky aladalary bolsa her bir ene-atanyň durmuş buýsanjydyr. Halkymyzyň durmuş ýörelgeleri şeýle bir inçe hem-de kämildir. Çaga terbiýesi babatda bolsa hiç hili säwlige ýol berilmezlige çalşylypdyr. Milli oýunlarda bolsa terbiýeçilik babatda uly many-mazmun bardyr.
Diýar Yhtyýarow,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň geografiýa fakultetiniň daşky gurşawy öwreniş hünäriniň IV ýyl talyby.