«Milli oýnum – buýsanjym» atly döredijilik bäsleşigine
Adamzat jemgyýeti döräli bäri oýunlar peýda bolupdyr. Oýunlar diňe bir güýmenje bolman, eýsem adamlaryň boş wagtlary manyly geçirmekde we olaryň akylyny, güýjüni, çalasynlygyny ösdürmekde hyzmat edýär. Türkmen oýunlarynyň içinde harby häsiýetli sport we hereketli oýunlary has giňden ýaýrapdyr. Alym Öwez Gündogdyýewiň pikirine görä, türkmenlerde otuzdan gowrak at üstünde oýnalýan oýunlar bolupdyr. At üstünde oýnalýan oýunlaryň içinde gowy görülýänleriň biri-de Çowgan oýnydyr. Bu oýun Merkezi Aziýada antik döwründe döräpdir. Parfiýalylaryň arasynda giňden ýaýran “Çowgan oýny” orta asyrlar eýýamynda özüniň ýokary derejesine ýetýär. Oýnuň maksady ujy egri taýakly atly jigitleriň iki toparynyň biri-biriniň garşysyna durup, eminiň yşaraty boýunça ylgap başlamagy we togalak agajy (topjagazy) meýdançanyň aýakujyndaky dikilgi pürsleriň aralygyndan geçirmekdigi, garşydaş topar bolsa, ony saklap yzyna gaýtarmak bolup durýar. Çowgan oýnunda ilkinji nobatda gowy at zerur bolup durýar.
Ýewropa edebiýatlarynda çowgan oýnuna “atyň üstünde oýnalýan top oýny” diýilýär. Orta asyr çeşmelerinde, bu oýuna “batyrlaryň oýny” diýip atlandyrýarlar, sebäbi ol örän güýçlüligi, çakganlygy, sowukganlylygy talap edipdir we meşhur esgerlere mynasyp kesp-kärleriň biri bolupdyr. Taryhy maglumatlara görä, ençeme adam çowgan oýnundan betbagtçylyga uçrapdyr. Rowaýata görä, Horasanda 879-900-nji ýyllarda hökümdar bolan Emir ibn Leýsiň bir gözi kör eken. Ol bir gün çowgan oýnamak üçin meýdança çykypdyr. Emir ibn Leýsiň ýanyna serkerdesi gelipdir we oňa “Men seniň top urup, çowgan oýnamagyňa ýol bermerin” diýipdir. Emir ibn Leýs: “Näme üçin, siziň özüňiz top urup, çowgan oýnaýarsyňyz, maňa bolsa gadagan edýärsiňiz? ” diýip, sorapdyr. Serkerdesi bolsa oňa, “Sebäbi biziň iki gözümiz bar, eger top gözümize degäýse, bir gözümiz kör bolar we beýleki gözümiz bilen ýagty jahany görüp bileris, seniň bolsa ýeke gözüň bar” diýipdir. Soňra Emir ibn Leýs ýalnyşyna düşünip, çowgan oýnamany bes edipdir. Mahlasy, oýna gyzygyp başlansoňlar esgerler seresaplylyk çärelerini ýatdan çykarypdyrlar we oýun betbagtçylyk bilen gutarypdyr. Bu oýun erkek adamyň çydamly bolmagy üçin, onuň elleriniň penjesiniň gatamagy üçin, barmaklarynyň çeýe bolup, gylyçlaşanda gylyjy oýnatmagy üçin peýdasy uly bolupdyr. Çowgan oýny türkmenlerde has-da ýörgünli bolupdyr we giçki orta asyrlarda sportyň köpçülikleýin görnüşi hökmünde ýitip gidipdir.
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmen medeniýeti”, “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly ajaýyp kitaplarynda hem bu oýun dogrusynda gyzykly gürrüňler berilýär.
Gadymy oýunlarynyň ählisi türkmen ýaş ýigitleriniň ata-watanymyzy gözümiziň göreji ýaly gorap saklamagy üçin uly ähmiýete eýe bolupdyr. Milli oýunlar diňe taryhyň we etnografiýanyň bir bölegi bolman, eýsem türkmen halkynyň milli medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Hemra TÄÇGYLYJOW,
Balkan welaýatynyň Bereket etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.