TÜRKMEN MILLI OÝUNLARYNYŇ TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETI

«Milli oýnum – buýsanjym» atly döredijilik bäsleşigine

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň bilim işgärleriniň, terbiýeçileriniň öňünde duran esasy wezipeleriniň biri milli ruhly, dünýä derejesinde ylymly-sowatly ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr.

Dana ata-babalarymyz ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek üçin dürli terbiýeçilik usullaryny ulanypdyrlar. Şolaryň içinde iň täsirlileriniň biri hem türkmen durmuşynda öz ornuny tapan milli oýunlardyr. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda tebigy aýratynlyklaryna laýyklykda döreden milli oýunlary ösüp gelýän ýaş nesli akyl, ahlak, beden taýdan terbiýelemekde örän uly  ähmiýete eýedir.

Halk döredijiliginiň aýratyn özboluşly nusgasy bolan milli oýunlary terbiýeçilik serişdesi hökmünde ulanmaklyga häzirki wagtda ýurdumyzda aýratyn üns berilýär.

Türkmen milli oýunlary geçen asyrda ýygnalynyp ýazga geçirilip başlandy. Ýöne halk döredijiliginiň “Gorkut ata”, “Görogly” ýaly şadessanlarynda milli oýunlaryň käbirleri hakyndaky maglumatlara gabat gelmek bolýar. Şeýle hem türkmen çagalarynyň top, aşyk, gözdaňdy ýaly oýunlary oýnandyklary barada berilýän maglumatlara rus syýahatçylaryndan D.N.Logofetiň, F.A.Mihaýlowyň ýazgylarynda gabat gelmek bolýar.

Ýaş nesliň ahlak taýdan sazlaşykly ösmegi üçin milli oýunlardan peýdalanmaklygyň olarda oňat gylyk-häsiýetleri kemala getirmekde edýän täsiri aýratyn uludyr. Şeýle hem ýaş nesli geljekki zähmete taýýarlamakda milli oýunlaryň belli bir derejede ähmiýeti uludyr.

Adamzadyň kadaly durmuşy üçin ilki bilen saglyk gerek. Şol sebäpli ata-babalarymyz “Saglyk-beglik” diýipdirler. Adamyň janynyň sag bolmagy köp zatlara bagly bolup durýar. Daşky gurşawyň arassaçylygy, arassaçylyk düzgünleri, iýip-içmegiň kadalylygy, maksadalaýyk dynç almak bularyň barysy adam saglygyna düýpli täsir edýän zerurlyklardyr. Şular bilen birlikde saglygyňy kadaly saklamak üçin, bedeniňi yzygiderli türgenleşdirip durmak hem zerurdyr. Munuň üçin bolsa halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren, ulanan milli oýunlary esasy serişdeleriň biridir. “Bukuldym”, “Eldegirdi”, “Guýruk tutdy”, ýaly ençeme milli oýunlar oýnalanda ýaş nesil ylgap sazlaşykly hereket edýär. Netijede olar bütin synalaryny berkidýärler. Bu bolsa synanyň sagdyn, çeýe bolmagyna getirýär. Mysal üçin, “Eldegirdi” oýnuny alyp göreliň. Bu oýna 9-10 sany oýunçy gatnaşyp bilýär. Oýunçylaryň sany köp bolsa ikä bölünip oýnaýarlar. Eger oýunçylaryň sany köp bolan ýagdaýynda hem bölünmän oýnamak isleseler, eşekçini iki ýa-da üç edýärler. Bije atyşyp, eşekçini we oýunçyny anyklaýarlar. Bijesi galan eşekçi bolýar. Şondan soň iki tarapyň pellehanasy bellenilip çyzyk çyzylýar.

Oýunçylar bir tarapda – pellehanada çyzylan kese çyzykdan daşda durýarlar. Eşekçi bolsa pellehanalaryň aralygynda durýar. Eşekçiniň esasy wezipesi çyzykdan daşarda duran oýunçylara elini degrip gaçmak bolup durýar. Şonuň üçin eşekçi oýunçylaryň haýsydyr birine elini degrip gaçyp, beýleki pellehana tutdurman ýetip bilse, bir oýunçyny kemeldýär. Munuň üçin eşekçiniň ýyndam bolmagy, sap atyp, päsgelçilikden sowlup gaçmagy başarmagy gerek. Sebäbi eger eşekçi çyzygyň aňyrsynda duranlaryň birine el degirjek bolup ylgap barýarka oýunçylaryň başga biri ony tutaýsa, ol ýene-de gaýtadan oýunçylara el degrip çykmaly bolýar.  Eşekçi iň soňky oýunça çenli hiç kime tutdurman pellehana baryp bilip, iň soňky oýunça tutduraýsa, onda oýunçylar ýene-de ozalky ýerlerinde durýarlar. Oýun täzeden başlanýar. Eger eşekçi oýunçylaryň hemmesine el degrip, hiç birine-de tutdurman pellehana gelip bilse, onda eşekçiniň birinji el degren oýunçysy eşekçi bolýar. Ozalky eşekçi oýunçylara goşulýar. Oýnuň şerti şeýle bolansoň, oýunçylaryň esasy maksady eşekçä el degirtmezlik bolýar. Şeýle-de olar 3-4 bolup özlerinden birine el degip gaçmak üçin özleri tarapdaky çyzykdan geçen eşekçini 3-4 bolup kowalaýarlar. Şonda eşekçi gaçyp, pellehana gelmeli. Oýunçylar eşekçini kowalap baryşlaryna onuň yzy bilen çyzykdan geçseler, eşekçini tutup bilseler-de, bilmeseler-de kowalamaklaryny dowam etdirmeli bolýarlar. Sebäbi olar el degrilenler bilen deň hasap edilýärler. Käte bolsa eşekçini tutup bilmejekdiklerine gözleri ýetse, ony kowalamagyny bes edýärler. Oýun  şu görnüşde bellenilen wagta çenli dowam etdirilýär.

Köpçülik bolup oýun oýnamak diňe bir tomaşa däldir, ol oýunlar boş wagtlaryňy manyly edýär, döredijilige ündeýär, kyn pursatlarda çykalga tapmagy  öwredýär, akyl-paýhasyňy, erkiňi, güýjüňi artdyrýar, daşarky täsirlere duýgurlygyňy çaltlandyrýar. Türkmen milli oýunlary bedenterbiýäniň aýrylmaz bölegi bolup, çagalary jemgyýete, peýdaly zähmete, durmuşa, Watanymyzy goramaga taýýarlamaklygyň maksadyna hyzmat edýär.

Ata-babalarymyz ýaş nesle ahlak terbiýesi berlende öz deň-duşlary bilen agzybir bolmaklygyň, gerek ýerinde goldamaklygyň, kömek etmekligiň gerekdigini ýöne sözde gaýtalap ýörmän, şerti boýunça agzybirlik, birek-biregi sylamak, arkalaşmak ýaly zatlary talap edýän oýunlaryň üsti bilen terbiýelemegiň oňat netije berýändigine göz ýetiripdirler. Ikinji bir ähmiýetli tarapy hem çagalar dürli maşgalalardan bolansoňlar, olar dürli hili terbiýe alýarlar. Oýunda oýnuň şertini ýerine ýetirip, durmuşda şeýle synaglaryň adamzada gerekdigine, şeýle gowy häsiýetleriň bolsa özüň üçin hem-de töweregiňdäki adamlar üçin oňat bolýandygyna düşünýärler. Sebäbi oýnuň şertini berjaý etmeseň oýna gatnaşdyrmaýarlar. Eger käbir ýaramaz hereketleriň, häsiýetleriň üçin oýna gatnaşdyrmaýan bolsalar, durmuşda-da şeýle hereket etseň il-güne goşulyp bolmajakdygyna özleri göz ýetirýärler. Meselem, “Oragatdy” oýnuny alyp göreliň. Bilşimiz ýaly, bu oýun ot ýa-da odun ýygnamaga, mal bakmaga çykan oba oglanlarynyň arasynda söýlüp oýnalýan oýunlaryň biri. Bu oýny oýnamak üçin, ilki bilen orta bir zat çykarmagyň (oglanlar üýşüp bilelikde odun ýygnamaga çykan bolsalar, bir goltuk odun, ot ýygmaga çykan bolsalar, bir desse ot, mal bakýan oglanlar oýnasalar, uzak ýere giden mallary gaýtarmak ýaly zatlary teklip edip, öz aralarynda belli bir karara gelip, soň oýna başlapdyrlar) maslahatyny edipdirler. Oýunda kim dogry oklamagy ýagny, elindäki oragy belli bir nokada dogry oklamagy başarýan bolsa, köplenç şol ýeňiji bolýar. Bu oýun, bir tarapdan mergenlik, dürs nyşana almak ýaly endikleri ösdürmeklige ýardam etse, ikinji tarapdan, ahlak terbiýesiniň berlişine-de ýardam edipdir. Ýagny, eger oýunçylaryň 4-5 sanysy köp utulyp, öýüne odunsyz ýa-da otsuz gaýtmaly bolaýsa, beýleki oýunçylaryň hemmesi bilelikde üýşüp, olar üçin ot ýa-da odun ýygypdyrlar. Bu bolsa çagalarda agzybirlik, birek-biregi goldamak, kömek etmek ýaly endikleri terbiýeläpdir. Şunuň bilen birlikde, çagalar wagtlaryny hem gyzykly geçiripdirler. Köp utulyp, öýlerine odunsyz ýa-da otsuz gaýtmaly bolanynda deň-duşlarynyň kömegi bilen halas bolan oýunçylar hem ikinji gezek şeýle ýagdaýyň gaýtalanmazlygy üçin ýörite türgenleşipdirler.

Toparlara bölünip oýnalýan oýunlarda, öz toparlarynyň ýeňiş gazanmagy üçin, yhlas bilen oýny ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Bu bolsa ýaş nesilde erjellik, tutanýerlilik, jogapkärçilik ýaly ahlak sypatlarynyň ösdürilmegine ýardam edýär.

Oýun oýnaýan wagty ýaş nesil synlaýar, diňleýär, öwrenýär. Synlap, gören, eşiden zatlary hakynda pikir edýär. Bular bolsa çagany akyl taýdan ösdürýär. Ine, şular ýaly ýaş nesliň akyl taýdan ösmegine ýardam edýän oýunlar bilen birlikde, gönüden-göni akyl başarnygyny: oýlanmak, pikirlenmek, synlamak ýaly başarnyklaryny talap edýän “Düzzüm”, “Aşyr atdy”, “Üç düzzüm” ýaly oýunlar hem oýnalypdyr. Bu oýunlarda ýeňiş gazanmak üçin, garşydaşyň ähli hereketlerini nazara alyp, netije çykaryp, oýlanyşykly hereket etmeli. Bular bolsa çagalaryň akyl taýdan ösmeklerine ýardam edýär.

Hemra  TÄÇGYLYJOW,

Balkan welaýatynyň Bereket etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR