MILLI OÝUN-BUÝSANJYMYZ

«Milli oýnum – buýsanjym» atly döredijilik bäsleşigine

Berkarar  döwletimiziň  bagtyýarlyk  döwründe ýurdumyzyň  ösüp  gelýän  ýaş  nesline  dünýä  ülňülerine  laýyk  gelýän  bilim,  döwrebap  terbiýe  bermek  meselelerine  uly   üns   berilýär,  bilim-ylym  bilen  giňden  meşgullanmaga  uly  mümkinçilikler  döredilýär. 

Ata Watanymyz asyrlar  boýy  arzuwlan  şanly  garaşsyzlygyna  eýe bolanyndan soň, müňýyllyklaryň  jümmüşinden  gözbaş  alyp alyp  gaýdýan gojaman taryhymyzyň bize nämälim bolan sahypalaryny  açmaga, olary  halkymyzyň  dykgatyna ýetirmäge  hem-de  berkarar diýarymyzyň  her  bir  raýatynyň milli  buýsanjyna  öwürmäge, kalbymyzy ganatlandyrmaga  uly  mümkinçilikler  döredildi.

Irki döwürlerde gaýtalanýan hereketiň endige öwrülýändigini synlan halkymyz çaga oýunlarynyň terbiýeçilik taraplaryny kesgitläpdirler, türkmen edebine laýyk gelýän häsiýetli aýratynlyklary bolan  oýunlar nazarda tutulypdyr. Hormatly Prezidentimiziň “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitabynda hem ata-babalarymyzyň neslini dürli oýunlar bilen terbiýeländikleri barada aýdylýar. Mähriban Arkadagymyzyň bu kitabyndaky: “Käteler, hususan-da, ýurdumyzyň bilim we terbiýeçilik edaralarynyň açylyş dabaralarynda milli oýunlara gümra çagalary görýärin. Olara çensiz guwanýaryn. Sebäbi hem olaryň oýnaýan şol milli oýunlarynyň aňyrsynda düýpli tälim-terbiýe okuwlarynyň ýatanlygynda” diýýän çuňňur mazmunly sözleri her birimiz üçin aýdyň ýörelgedir. 

Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda ulanan we biziň günlerimize çenli gelip ýeten milli oýunlarymyz öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar we häzirki günlerde hem ruhy medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolup durýar.  Milli  oýunlar, ähli halkyň medeni mirasy bolmak bilen birlikde, şol halklaryň taryhy edim-gylymlary barada hem maglumat çeşmesi bolup durýar. Şol oýunlaryň üsti bilen halkymyzyň özboluşly psihologiýasyny-da, milli ruhyny-da öwrenmek bolýar. Milli oýunlaryň beden, akyl, zähmet terbiýesini bermekde hem uly ähmiýeti bardyr.

Alymlaryň pikirine görä, oýunlar adamzat jemgyýetiniň döremegi bilen ýüze çykypdyr we elmydama adamlaryň durmuşynda uly orun eýeläpdir. Munuň özi bütinleý kanunalaýykdyr, hut oýunda şahsyýetiň özüni açyp görkezişini, tomaşadan kanagatlanmak lezzetini almaga dyrjaşyşyny, belli bir endiklerini, başarnyklaryny ösdürmäge ýardam berýär.

Köpçülik bolup oýunlar oýnamak diňe bir tomaşa däldir, ol oýunlar boş wagtyňy manyly edýär, döredijilige ündeýär, akyl-paýhasyňy, erkiňi, güýjüňi artdyrýar. Oýunlar, bäsleşikler ähli wagtlarda dürli  ýaşdaky adamlaryň dynç alşy we güýmenjesi bolup hyzmat edip geldi. Şeýle hem uly ýaşlylaryň güýmenjelerinde aýry-aýry oýunlar örän möhüm terbiýeçilik wezipesini ýerine ýetirýärler.

Sport we hereketli milli oýunlaryň köpüsi örän gadym zamanlarda adamzat jemgyýetiniň dörän döwürlerinde ýüze çykypdyr. Taryhyň irki döwürlerinde adam özüniň awlaýan haýwanlary bilen güýçde, çakganlykda, çydamlylykda ýaryşypdyr. Adam awa gowy taýýarlanan wagtynda awuň hem şowly bolmagy tebigydyr. Ýuwaş-ýuwaşdan beden maşklary peýda bolupdyr. Şol maşklaryň kömegi bilen adam öz ýetişip gelýän neslini akylly başly terbiýelemäge başlapdyr. Elbetde, durmuş şertleriniň, zamanlaryň üýtgemegi bilen oýunlaryň düzgünleri-de üýtgäpdir. Sport we hereketli oýunlaryň bitiren hyzmatlary ägirt uludyr. Adamyň aýratyn hem ýaş adamyň bedeni ýeterlik hereket işjeňligi bolmasa, belli bir beden maşklary edilmese,  kadaly ösüp bilmeýär. Hereketiň az edilmegi diňe bir adamyň saglygyna zyýan ýetirmän, eýsem onuň ruhy ösüşine-de päsgel berýär.

Türkmen milli oýunlary bedenterbiýäniň aýrylmaz bölegi bolup, çagalary jemgyýete, peýdaly zähmete, durmuşa,Watanymyzy goramaga taýýarlamak bolup hyzmat edýär.

Hemra  TÄÇGYLYJOW,

Balkan welaýatynyň Bereket etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR