Türkmen milli teležurnalistikasyndan söz açylanda, Türkmenistanyň at gazanan žurnalistleri Sahy Mämmedow, Nazar Aýnazarow, Baýramgylyç Pälwanow, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri Akmuhammet Aşyrow, Seýitmuhammet Saryýew ýaly özleriniň hünär ussatlyklary we belent adamkärçilikleri bilen ýaşlara halypalyk mekdebini goýup giden döredijilik işgärleri ýadyňa düşýär.
Biz birnäçe oglan-gyz bolup, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlap, Türkmenistanyň telewideniýe we radiogepleşikleri baradaky Döwlet komitetinde işe başlanymyzda, ady agzalan halypalar ýigrimi ýyla golaý iş tejribeleri bolan žurnalistlerdi. Maňa türkmen telewideniýesiniň okuw gepleşikleri redaksiýasynda ilkinji zähmet ädimimi ätmek nesip etdi. Şol ýerde hem uly redaksiýanyň bölüm redaktory wezipesinde işleýän Nazar Aýnazarow bilen tanyşlygymyz başlandy.
Wagtyň şeýle tiz geçişine haýran galýarsyň. Ondan bäri kyrk ýyla golaý wagt geçäýipdir. Manyly geçen şol ýyllarda halypalardan eşidip, diňläp, görüp öwrenen zatlarym şu günki ýaly ýadymda.
Hormatly Prezidentimiz halypalary yzygiderli ýatlamak barada hemişe nygtaýar. Nazar aga-da ýaşlaryň köpüsine iş öwreden, halypaçylyk eden ýaşuly žurnalistleriň biri hökmünde biziň hakydamyzda ýaşaýar. Halypa sylag-hormata, at-abraýa beslän 80 ýaşynyň içinde, esasan, milli teleýaýlymyň habarlar bölüminde işläpdi. Şol ýyllarda ýurdumyza degişli habarlardyr wakalar «Täzelikler» ady bilen gündelik ýaýlyma gidýän gepleşikde halka türkmen hem-de rus dillerinde ýetirilerdi. Nazar aga syratly, nazarkerde, nurana, hoş sözli, sada adamdy. Işe gezek gelende welin örän talapkärdi.
— Habar ýazmak žurnalistikanyň kyn, ýöne gyzykly žanrlarynyň biridir. Gündelik çykýan gepleşige her gün täzelik çaýmak, habar sözlemleriň öňünde «şu gün», «düýn» ýaly gündelik sözleri goýup, halka ýetirmek üçin, wakalaryň hemişe içinde bolmaly. Ana, şonda gyzgyny bilen berilýän habarlary diňleýjiler, tomaşaçylar gyzyklanyp kabul ederler — diýip, halypa hemişe öwüt-ündew bererdi. Köp okamagy, öz ene dilimizi örän gowy bilmegi, dürs okamagy başarmagy berk talap ederdi. Sözlemleriň sintaktik taýdan dürs bolup, edebi diliň kada-kanunlarynyň berk berjaý edilmelidigini mysallar arkaly düşündirerdi.
Ýaýlyma berilýän gepleşikleriň atlarynyň döwrüň ruhuna görä täzelenmeginiň hemişe tarapdarydy. Onuň ýolbaşçylyk edýän redaksiýasyndan her gün ýaýlyma çykýan «Täzelikler» gepleşiginiň milli Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan başlap, adynyň üýtgedilip «Türkmenistan», soňra bolsa «Watan» bolmagynda Nazar Aýnazarowyň döredijilik yhlasy az bolmandy. Ýeri gelende aýtsak, halypamyz Nazar Aýnazarowyň baý iş tejribesini şol wagtlar hereket eden ýaşlar we sport redaksiýalarynda hem peýdalanypdylar. Ol şol redaksiýalara ýyllaryň dowamynda ýolbaşçylyk edipdi. Şol döwürde uly höwes bilen tomaşa edilýän «Ýaşlyk», «Gözýetim» ýaly gepleşikleri taýýarlamakda halypanyň tejribesi uly goldaw bolupdy. Ol ýaş işgärlere bedenterbiýe we sport bilen baglanyşykly gepleşikleri yzygiderli, kämil derejede taýýarlamagy maslahat bererdi, ýolbaşçy hökmünde talap ederdi. Onuň özi sportuň küşt, woleýbol görnüşleriniň janköýeridi. Seredip otursak, Nazar aga altmyşynjy ýyllaryň başlarynda ýurdumyzyň edara-kärhanalarynyň arasynda geçirilýän ýaryşlarda ussat woleýbolçydygyny aýan edipdir. Şol döwürde onuň bu aýratynlygyny nazara alyp, Türkmenistanyň woleýbol oýny boýunça ýygyndy toparynda çykyş etmäge hukuk beripdirler. Bular barada onuň kärdeşleriniň biri sazşynas žurnalist, Türkmenistanyň halk artisti Amanöwez Saparow şeýle ýatlaýar:
— Men 1965-nji ýylda Türkmen radiosyna işe baranymda, Nazar Aýnazarow eýýäm ençeme ýyl işläp, tejribe toplan teležurnalistleriň biridi. Telewideniýä işe geçenimde, onuň bilen günde-günaşa gabatlaşýardyk. Nazar Aýnazarow döwrüniň ussat žurnalisti bolmak bilen, sportuň woleýbol görnüşini professionallarça oýnardy. Terjimehaly bilen tanşanyňda, şol wagt Nazaryň woleýbol oýny boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň hatarynda ençeme daşary ýurtlarda oýnandygyna göz ýetirýärsiň. Onuň teležurnalist, redaktor wezipelerini nusgalyk derejede ýerine ýetirip, sportdanam kämil baş çykarmagy häzirki bagtyýar neslimiz üçin nusgadyr. Nazar aga barada aýdylanda, onuň milli aýdym-saz sungatymyzyň onki süňňi bilen berlen aşygydygyny ýatlamak ýerliklidir. Ol ussat bagşy-sazandalarymyz Sahy Jepbarow, Nurberdi Gulow, Ödenýaz Nobatow, Çary Täçmämmedow, Amannazar Ataýew dagy bilen yzygiderli gatnaşykda bolupdy.
Öz işine ezber, ýagşylykda ile özüni tanadan ussat barada onuň bilen bile okan meşhur ýazyjy-şahyrlar Nazar Gullaýewden, Annaberdi Agabaýewden, Sapar Güjükowdan hem eşidenlerim hakydamdan gidenok. Diýmek, halypa tejribesi ýaşlara göreldedir diýen jümleler dowamat-dowam bolup ýaşaýar. Halypanyň çagalary, agtyk-çowluklary bagtyýar döwrümiziň hözirini görüp, onuň halal zähmet ýoluny döredijilikli dowam etdirýärler.
Şeýle ajaýyp işleriň gözbaşynda bolsa, hormatly Prezidentimiziň halypa-şägirtlik ýoluna yzygiderli üns berýändigi baradaky pähim-parasady bar. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Rejepmyrat ANNAMYRADOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy.
“Nesil” gazeti,
27.10.2020ý.