Biziň azaphon ata-babalarymyz dogup-döräp, öz rysgal-döwletini ene ýerden agtarypdyrlar. Olaryň eklenç çeşmesi bolan ene topragy tamdyrdyr ojak, duztorbadyr hamyrmaýaly kendirik bilen deň görmegi oňa näderejede hormat-sarpa goýandygyny beýan edýär. Şeýle işleriň netijesinde uzak asyrlaryň dowamynda daýhançylygyň milli däpleri döräp, durmuşa ornaşypdyr.
Halkymyzyň täze ekiş işleri başlanyp, ýere tohum sepilende, orak orlup, hasyl ýygnalanda: «Biziň elimiz däl, Babadaýhanyň eli» diýip başlamagy, ekiniň bitginli bolmagyny diläp, sadaka aýtmagy, harmanyň iň soňky gysym dänesini: «Bu hem guşlaryň haky» diýip, meýdana sepmegi bu işleri diýseň sadyk göwün bilen ynama besländigini görkezýär. Alym Allamyrat Esenow «Babadaýhan mirasy» atly ylmy işinde: «Türkmen halkynyň arasynda gadymdan gelýän gürrüňlere görä, Babadaýhan ýönekeý daýhan geýimli, ak sakgaly döşüni ýapyp duran, agajet, daýaw, daýhançylygyň ähli tilsimlerinden baş çykarýan adam bolupdyr» diýip, onuň esasy guraly hökmünde, ýalpyldap duran daýhan kepjesini hem-de harman alynýan irigöz elegini göz öňüne getirmegiň kada öwrülendigini ýazýar. Professor A.Orazow hem bu hakda söhbet açyp, ekerançylyk däpleriniň gadymdan gözbaş alyp gaýdýandygyny belleýär. Şeýlelikde, daýhançylyga degişli däpler milli ýol-ýörelge akabasyna goşulyp, halk içinde dowam edip gelipdir. Şeýle milli ýörelgeleriň hatarynda daýhanyň öz öndüren dänesiniň bereketli bolmagyny niýet edip, çäjiň çür depesinde «hydyrili kesegi» diýip atlandyrylan bereket kesegini goýmak, ähli däne gapgarylyp gutarylandan soň, «Bereket ýaýsyn!» diýen niýet bilen kesegi atyza oklamak, azaphon daýhanyň işe werziş bolan oglan-uşagy öýüne gelip, gyz doganlarydyr ýeňňelerine: «Bugdaýymyz çörekläpdir» diýip, bugdaýyň maýsa bolup başlandygyny ilkinji bolup buşlasa, oňa sowgat hökmünde keşdelenen jambörük geýdirmek ýaly düzgünleri bar.
Ýere yhlas edýän her bir daýhanyň baş arzuwy, owaly bilen, gögeriş gazanmak bolupdyr. Munuň üçin bolsa, ilki bilen, ekişe taýýarlanan ýeriň sürülmegine, taba gelmegine, ekişe taýýar bolmagyna üns berlipdir. Pederlerimiz hakyky taba gelen ýerde sürüm döwründe saý-sebäp bilen ýere düşen tohumyň elin sepiljek tohumdan öň gögerýändigine ynam edipdirler.
Ýylgalla edinmek daýhanyň baş aladasy bolupdyr. Ine, bir günem pasly-döwran aýlanyp, ak meýdanlarda ak bugdaý, jaýdary, düýediş, tokmakbaş, gülap, ak zine, ak ýazlyk, gyzyl ýazlyk... ýaly bugdaýyň onlarça görnüşleri ene ýeriň ak süýdüni eme-eme bogunlanyp-beslenip ýetişer. Şonda harman atan eždat-pederlerimiz «Çäjiňe bereket!» diýip, bol hasyly dileg edip, harmanyň gyzylyny ýüze sylmak bilen, bir-birini gutlapdyrlar. Bol ýetişen galla meýdanynyň bir gyrasyndan girip, ýowar edip orak ormak, agyr zähmeti paýlaşmak iň bir köne dessurlaryň biri bolupdyr.
Dänä, bugdaýa, duz-çörege, tamdyra togap etmek halkymyzyň iň mukaddes dessurydyr. Külli türkmende saçagy çöwre dolamak, ondan ätlemek ýa-da basmak, çöregi düňderip goýmak, pyçak bilen kesmek, iki çetinden döwmek, bir eliň bilen bölmek, syňragyň bilen tutmak, başaçyk çörek iýmek edepsizlik hasaplanypdyr. Halkymyzyň her bir türkmen öýünde el halynyň, dokama duz torbanyň, düýe ýüň saçagyň bolmalydygy hakdaky dessury biziň şu günlerimize çenli ähmiýetini ýitirmän gelýär.
Ene ýere yhlas eden ata-babalarymyzyň täze harman alnanda dograma, ýarma bişirip, harman toý etmek ýa-da täze bugdaýdan ýagly, mesgeli petir bişirip paýlamagy, maýaly petirden owmaç etmegi täze hasylyň şatlygyny özgeler bilen paýlaşmagyň nyşany bolupdyr.
Daýhançylyk däpleri halkymyzyň milli ýörelgesiniň aýdyň ugrudyr. Bu däpleriň häzirki döwürde dowam etmegi milli ýol-ýörelgelere goýulýan sarpadyr.
Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.
“Nesil” gazeti,
29.10.2020ý.