Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe "Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda" bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurduň innowasion ösüşinde hususy pudagyň paýyny artdyrmak, bazar gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmek, döwletiň we hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek arkary döwletiň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek hem-de ykdysadyýetiň durnukly ösmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça Strategiýa hem-de şu Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Strategiýanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.
***
“Işiň aýry-aýry görnaşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna we “Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda çykaran 1771-nji Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
***
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösmegini üpjün etmek we işjeň maýa goýum syýasatyny dowam etdirmek,Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, bilimlere we innowasialara daýanýan, ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan amatly tehnologiýlary özünde jemleýän, ykdysadyýetiň pudaklaýyn we eýeçilik görnüşleri babatynda diwersifikasiýalaşdyrylmagyny üpjün edýän, sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrýan bazar ykdysadyýetiniň özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, ýurdumyzyň we onuň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, sebitleýin maýa goýum işjeňligini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy tassyklanyldy.
Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Maksatnamanyň bellenen möhletlerde talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
***
2021-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň "Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" diýip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly baýramçylyk çärelerini halkara derejesinde guramaçylykly geçirmek, döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň "Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" diýip yglan edilmegi mynasybetli dabaralaryň we çäreleriň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň "Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" diýip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň Maksatnamasy, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda ýaýbaňlandyrmak boýunça geçiriljek çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.
***
“Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, döwletimiziň ykdysadyýetiniň önümçilik we eksport mümkinçiliklerini ösdürmek, ýurtda öndürilen harytlaryň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukuplylygyny ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň ykdysadyýetinde işewürlik gurşawyny we maýa goýum ýagdaýyny has-da kämilleşdirmek, milli ykdysadyýetiň oňyn töleg we söwda deňagramlylygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda. Türkmenistanyň 2021-2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasy tassyklanyldy.
Ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna şu Strategiýada bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.
***
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek hem-de “Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky “eksport-import amallary üçin bir penjire” atly 2021-2023-nji ýyllar üçin Taslama resminamasyny” ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda. “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topary döredildi hem-de bu toparyň düzüni, topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak, ýurduň sebitlerini durnukly ösdürmek, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmek hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda 2021-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanmak ugrunda bäsleşik yglan edildi.
Şeýle hem resminama bilen 2021-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, ýeňiji bolan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri kesgitlemek boýunça Topar döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.
Topar welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda yglan edilen bäsleşikde her welaýatda iň ýokary netijeleri gazanan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri, olaryň arasyndan bolsa Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri kesgitlemäge borçly edildi.
Yglan edilen bäsleşikde Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrabyň ýa-da etrap hukukly şäheriň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglamak bellenildi.
***
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine, ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, dilini we edebiýatyny ylmy esaslarda öwrenmek hem-de ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2021-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň sany, şeýle hem kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi, Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Suw kodeksine laýyklykda, ýurduň suw serişdelerini aýawly hem-de netijeli peýdalanmak maksady bilen, 2021-nji ýylda welaýatlar we etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberleri tassyklanyldy.