Fudbol toparlarymyz täze möwsüme taýýarlanýar

Türkmenistanyň futbol çempionaty 2021-iň öňüsyrasy toparlarymyz taýýarlyk işlerini geçirýärler – diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Paýtagtymyzda geçirilýän taýýarlyk işleriniň dowamynda Ýokary liganyň klublary özaralarynda ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirerler.

Paýtagtymyzdaky köpugurly “Aşgabat” stadionynda guraljak ýoldaşlyk duşuşyklary şu gün 22-nji fewral bilen 2-nji mart aralygynda geçiriler.

Meňzeş Sport