MILLI MIRAS – TERBIÝÄNIŇ ÖZENI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary netijesinde ýaş nesillerimizi watançylygyň beýik nusgalaryna – türkmen halkynyň özboluşly ýol-ýörelgelerine, gaýtalanmajak milliliklerine, ata-babalarymyzyň öwüt-ündewlerine, wagyz-nesihatlaryna uly hormat goýýan we durmuş ýollarynda özlerine şamçyrag edinýän, zähmetsöýer, ýokary ahlakly, kämil bilimli ýaşlar hökmünde terbiýelemek, şeýle-de asyrlardan aşyp, biziň şu günlerimize gelip ýeten «türkmençilik» düşünjesini ýaş nesilleriň aňynda ynsanyýetiň ajaýyp nusgasyny şöhlelendirýän gymmatlyk hökmünde ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, türkmen milletimiziň asyrlar aşyp mukaddeslige öwren millilikleri bu gün döwrebap äheňde özüniň gymmatyny artdyrýar. Ene-mamalarymyzyň sülük barmaklaryndan çykan keşdedir gaýmalarymyz, behişdi halylarymyz bu gün dünýäni haýrana goýýar. Bu günki gün halkymyz öz milliliklerine beýleki wagtlara garanyňda has-da ähmiýet berip, eýeçilik gözi bilen garaýar.

Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen gelin-gyzlarynyň keşde çekmek sungaty hem gadymy el hünärleriniň biridir. Keşdeler milli egin-eşiklerimiziň düzüm bölegidir. Eli çeper, dili şeker ene-mamalarymyz milli lybaslarymyzy bezemek üçin dürli nagyşlary döredipdirler. Olar keşdeçilik usulynda tikilip taýýarlanypdyr. Şol çeper usullary, tärleri, tejribeleri eneler gyzlaryna, aýal doganlar uýalaryna, gelinler baldyzlaryna öwredipdirler. Gelin-gyzlarymyza mahsus üme dessury türkmen gyzlary üçin hem edep-terbiýäniň, hünär öwrenmegiň hem-de sungata aralaşmagyň mekdebi bolupdyr. Ol ýerde ýaş gyzlar özleriniň boýdaşlaryndan, deň-duşlaryndan ýa-da gelneje-ýeňňelerinden el işlerini öwrenmek bilen, durmuşda özüňi alyp barmagyň ýollaryny, edep kadalaryny öwrenýärler. Şeýlelikde, bu gadymy milli amaly-haşam sungaty menziller aşyp, biziň günlerimize gelip ýetdi. Şeýle hem türkmen milli egin-eşikleri özüne çekijiligi bilen dünýä ýüzünde meşhurdyr. Keşdeçilik türkmen halkynyň gadymdan gelýän medeni gymmatlyklarynyň biri bolmak bilen, ol halkymyzyň durmuşyna berk ornaşyp, häzire çenli aýawly saklanyp, ösdürilip gelýär.

Keşde sungaty biziň halkymyzy ýer ýüzüne tanadan esasy aýratynlyklarymyzyň biridir. Dünýäniň islendik bir künjegindäki halklar owadan nagyşly milli lybasdaky türkmen zenanyny görse, onuň milletiniň türkmen, Watanynyň Türkmenistandygyny tanap bilýär.

Türkmen keşdesi özüniň nepisligi, inçeligi, manysy, mazmuny bilen dünýä halklarynyň keşdeçilik sungatyndan tapawutlanýar. Türkmen keşdesiniň ýene-de bir aýratynlygy – ondaky başga ýurtlaryň we halklaryň keşdeçilik sungatynda asla gaýtalanmaýan täsin we çylşyrymly şekiller hem-de nagyşlara siňdirilen dogry we doýgun reňkleridir. Keşdeçilik sungatyny aýawly saklamak, ony ösdürmek biziň döwletimiziň  milli maksatlarynyň biridir.

Biz – Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri we işjeň agzalary bolup, ýaşlarda milli mirasymyza söýgini artdyrmaklyga, ene-mamalarymyzyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren el işlerini mynasyp dowam etdirmeklige mynasyp goşandymyzy goşarys.

Milli gymmatlyklarymyzy goramak, ony geljekki nesillere aýawly ýetirmek babatda dünýä nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi

Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

30 Oktýabr 2024 | 62 okalan

DÜNÝÄNIŇ SPORT ŞÄHERI

29 Oktýabr 2024 | 1576 okalan

ÝOGA