BAÝ MANY-MAZMUNA EÝE BOLAN ÇÄRELER

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrap Geňeşi etrabyň medeniýet bölümi bilen bilelikde, milli egin-eşiklerimizi, ata-babalarymyzdan bize miras galan el işlerimizi, türkmene mahsus bolan senetçiligi halk köpçüligine wagyz etmek maksady bilen, senetçi Meredow Nurmyrat aganyň gatnaşmagynda “Milli mirasym – hazynam” atly aýdym-sazly söhbetdeşlik çäresini geçirdi. Söhbetdeşligi Türkmenistanyň at gazanan bagşysy H.Baýramow alyp baryp, ol possun, telpek, don, çäkmen ýaly goýun-guzylaryň derisinden tikilýän egin-eşikleriň biziň gadymy ata-babalarymyz tarapyndan tikilip gündelik durmuşynda ulanylandygy hem-de olaryň has-da häzirki döwrümizde döwrebaplaşdyrylyp, sünnälenip, senetkär ussalar tarapyndan dowam etdirilýändigi barada gyzykly gürrüňler berdi. Soňra senetkär ussa N.Meredow özüniň bu käre başlaýşy, öwrenişi, halypalary barada hem-de possun tikilende ulanylýan derileriň hili, olaryň işlenilip taýýarlanylyşy, biçilişi barada gürrüň berdi. Şeýle hem, possunlaryň görnüşleri barada, meselem: silkme possun, bagana possun, garaköli possun we telpekleriň dürli görnüşleriniň taýýarlanyş usullary barada halypalaryndan öwrenen ussaçylyk senedi barada söhbet etdi. Häzirki döwürde onuň özüniň hem birnäçe şägirtleri taýýarlap, bu senediň geljekki nesillere-de miras galmagy üçin özüniň tejribesini gaýgyrman, zähmet çekýänligini buýsanç bilen gürrüň berdi. Söhbetdeşligiň dowamynda dessançy bagşy Begenç Gutlyýew türkmen dessanlaryndan birnäçe halk aýdymlary ýerine ýetirip, söhbetdeşlige gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar, türkmen halkynyň milli ýol-ýörelgelerine, milli mirasyna aýratyn üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Meňzeş habarlar